AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.03.2025

«Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýnunda ýeňiş gazanmagy niýet edýär

12-nji martda «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Hindistanyň «Ist Bengal» klubyny kabul eder. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler we ol ýerli wagt bilen sagat 15:30-da başlanar.

Möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew we hüjümçisi Didar Durdyýew oýundan öňki metbugat maslahatyny geçirdi we şol ýerde ýetip gelýän duşuşykdan garaşýan zatlary bilen paýlaşdylar.

Döwletmyrat Annaýew toparyň ýagdaýy baradaky soraga jogap berip, oýunçylaryň bu duşuşyga ýokary derejede taýýardygyny aýtdy: «Şeýle ýaryşlarda topar hemişe aňrybaş derejede taýyn bolmaly, sebäbi iň ýokary derejä taýyn däl bolan halatyňda, şeýle ýaryşlara gatnaşmagyň manysy hem ýok». Tälimçiniň pikiriçe, oýunçylara goşmaça itergi asla gerek däl: «Arkadag» ýaly klubda oýnamak eýýäm itergidir».

 

Öňde duran oýun üçin saýlanyp alnan taktika barada aýdylanda bolsa, türkmen klubynyň tälimçisi toparyň oýnuň dürli ssenariýlerine taýýarlanýandygyny bellemek bilen: «Häzirki zaman futbolynda oýny nähili geçirip boljakdygyny öňünden çaklamak – bu aslyýetinde laýyk gelmeýän işdir. Şonuň üçin hem biz dürli oýun ýagdaýlaryna taýýardyrys».

Hüjümçi Didar Durdyýew «Arkadagyň» (1:0) Hindistanda geçiren ilkinji ýeňişli oýnuny teswirlemek bilen, nätanyş howa şertlerinde oýnuň kyn bolandygyny boýun aldy: «Howa şertleri sebäpli bize birneme kyn boldy, ýöne hemme zat gowy boldy. Iň esasy zat, biz öňümizde goýlan wezipäni bitirip, myhmançylykdaky oýunda ýeňiş gazandyk».

Şol bir wagtyň özünde, Durdyýew toparyň öz meýdançasyndaky oýundan öň badyny gowşatmaýandygyny belläp: «Ilkinji oýunda ýeňiş gazananymyz bilen, munuň entek hiç zat çözmeýändigini bilýäris. Ikinji oýunda, eýýäm öz ýerimizde, öz meýdançamyzda bir wezipe durýar — ol hem ýeňmek».