
Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynda iki futbolçy Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş etdi
25-nji martda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynda Hytaýyň Taýbeýiniň milli ýygyndysyny ýeňdi.
«D» toparyň duşuşygy Gaosýunda geçirildi we ol myhmanlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň düzüminde goly Anž Samuel (63-nji minut) geçirdi. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde gollary Elman Tagaýew (48) we Ýazgylyç Gurbanow (83) tora salmagy başardy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň iki oýunçysy üçin bu oýun milli ýygyndynyň düzümindäki ilkinji çykyşy boldy – olar «Ahalyň» hüjümçileri Daýanç Meredow we Magtymberdi Berenow.
Meredow başlangyç düzümde oýna çykdy we 64 minut oýnady, onuň ýerine Altymyrat Annadurdyýew meýdança çykdy. Berenow 60-njy minutda Şanazar Tirkişowyň ornuna oýna girdi.
10-njy iýunda geçiriljek indiki tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyny kabul eder, Taýbeýiň ýygyndysy bolsa şol gün Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen oýnar.