AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

01.04.2025

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tälimçilik okuwyna gatnaşjaklary kabul edýändigini yglan etdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) 2025-nji ýylyň aprelinden maý aýyna çenli aralykda Aşgabatda geçiriljek tälimçilik okuwyna gatnaşjaklary kabul edýändigini yglan etdi. Okuw maksatnamasyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara tälimçileriň «C» derejeli ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik berer – diýip, Futbol federasiýasy habar berýär.

Okuwa gatnaşmak üçin TFF-nyň saýtynda berlen elektron salgylanma arkaly resminamalar toplumyny PDF görnüşde ibermek bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli resminamalary tabşyrmaly. Dalaşgärleriň arzalary gözden geçirilenden soň, TFF-nyň Tälimçiler bilim bölüminiň topary tarapyndan söhbetdeşlige çagyrylar.

Tälimçilik okuwyna gatnaşmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylaryň, şol sanda ýol harajaty, myhmanhanada ýaşamagy we iýmitlenmegi ýaly çykdajylary iberýän gurama tarapyndan ýa-da gatnaşyjylaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmalydygyny bellemelidiris.

Tälimçilik okuwyna gatnaşmak barada goşmaça maglumatlary we maslahat almak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +993 65 90 6195.