AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

01.04.2025

«Arkadag» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümini uly ýeňiş bilen başlady

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň arasyndaky çempionatynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan üstün çykyp, möwsümi uly ýeňiş (4:0) bilen başlady – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Oýun 4-nji tapgyryň çäklerinde «akylly» şäher Arkadagda geçirildi. Ozalky üç tapgyry Türkmenistanyň iki gezek çempiony bolan topar AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşandygy sebäpli goýberipdi.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde garşydaşynyň derwezesinden gollary Yhlas Saparmämmedow (1-nji minutda), Arzuwguly Sapargulyýew (15), Didar Durdyýew (47) we Begenç Akmämmedow (60) geçirdi.

Ilkinji ýeňlişine garamazdan, «Şagadam» 7 utuk bilen 4 oýun geçirip, ýaryş tertibinde birinji ýerde barýar.

Ýurdumyzyň çempionatynda geçen möwsümde ikinji orny eýelän «Ahal» hem ilkinji ýeňlişine sezewar boldy, ol «Aşgabat» stadionynda geçen ýylky milli çempionatyň bürünç medalyna eýe bolan «Altyn Asyr» toparyndan 0:1 hasaby bilen utuldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynda ýeňiş goluny 83-nji minutda Ruslan Täjiýew geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Altyn Asyr» 6 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji ýere geçdi, ol şahsy duşuşykdaky artykmaçlygy sebäpli üçünji ýere düşen «Ahalyň» öňüne geçmegi başardy. Iki topar hem 3 oýun geçirdi.

4-nji tapgyrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap gengeşliginde geçirilen paýtagtyň iki toparynyň - «Köpetdag» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky oýun has netijeliligi bilen tapawutlandy. Garşydaşlar jemi 5 gol geçirdiler. Şunda üç topy «Köpetdag» öz derwezesinden çykarmaly boldy, Didar Didarowyň (32-nji minutda) we Mejnun Durdyýewiň (71) tagallalary bilen iki gezek hasaby deňleşdirmek başartsa-da, topar çempionatda üçünji ýeňlişinden gutulyp bilmedi. Häzirki milli çempionatda ilkinji ýeňşini gazanan «Aşgabat» toparynyň düzüminde gollary Bäşim Gurbanberdiýew (25), Begmyrat Pirgulyýew (66) we Meýlis Gaýlyýew (86) geçirdi.

Balkanabatda geçirilen 4-nji tapgyrda «Nebitçi» bilen Marynyň «Merw» toparlarynyň arasynda ýene bir oýun soňuna çenli tamamlanmady. 64-nji minutda 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna gidýän mahaly myhmanlaryň topary meýdançany terk etdi, indi, ähtimal, bu topara 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş ýazylar.

Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyry 2-nji aprelde «Merw» - «Arkadag» we «Aşgabat» - «Nebitçi» toparlaryň oýunlary bilen başlanýar we 3-nji aprelde «Altyn Asyr» - «Köpetdag» we «Şagadam» - «Ahal» toparlarynyň oýunlary bilen tamamlanýar.