
Türkmen zenan futbolçylarynyň Aziýanyň Kubogy-2026 saýlama ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogy-2026 saýlama ýaryşynyň garşydaşlary belli boldy. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde türkmen zenan futbolçylary Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «C» toparçasyna düşdi.
Saýlama oýunlar ähli toparçalarda merkezleşdirilen görnüşde 2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda geçiriler. Saýlama ýaryşa taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kim boljagy biraz soňra kesgitleniler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Sekiz toparçanyň ýeňijileri ýaryşyň indiki tapgyryna geçerler, olaryň hataryna final ýaryşyny kabul edýän Awstraliýanyň ýygyndysy we öňki, 2022-nji ýylda Hindistanda geçirilen Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň üç iň gowy ýygyndysy goşular – olar häzirki çempion Hytaýyň ýygyndysy, kümüş medalyň eýesi Koreýa Respublikasynyň we bürünç medalyň eýesi Ýaponiýanyň ýygyndylarydyr.
Jemleýji final ýaryşy yklymyň 12 iň güýçli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda Awstraliýanyň üç şäherinde – Sidneýde, Pertde we Gold-Kostda, ýagny 2023-nji ýylda zenanlaryň dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul eden meýdançalarda 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 21-nji martyna çenli geçiriler.