AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

02.04.2025

Türkmen türgeni MMA boýunça Kiýewde geçirilen halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy

29-njy martda Kiýewde WWFC Ligasynyň täze möwsüminiň çäklerinde World Warriors Fighting Championship 24 (WWFC 24) garyşyk başa-baş söweş sporty boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oktagonda Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň we Moldowanyň MMA söweşijileri duşuşdylar — diýip, Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

83,9 kg agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly Babageldi Halymow ukrainaly türgen Ýakow Anufriýew bilen bolan tutluşykda ýeňiş gazandy. Babageldi öz garşydaşyny birinji raundyň dowamynda agyry emelini ulanmak bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Ilçihananyň maglumatyna görä, B.Halymow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginden bolup, ol «Harkowyň politehniki instituty» Milli tehniki uniwersitetiniň uçurymydyr.

Birinji martda Halymow şeýle-de Kiewde geçirilen «FCFC Fight Night 7» garyşyk başa-baş söweş sporty boýunça geçirilen halkara professional ýaryşda Ýewgeniý Drobot bilen tutluşygyny wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlamagyň hötdesinden geldi.