AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

09.04.2025

«Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/2 finalynyň birinji duşuşygyny Kuweýtiň «Al-Arabi» kluby bilen geçirer

«Arkadag» futbol kluby 9-njy aprelde El-Kuweýtde Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK-nyň) Çagyryş ligasynyň ýarym final oýnunyň birinji duşuşygyny ýerli «Al-Arabi» kluby bilen geçirer.

Bu toparlar eýýäm şu ýylky Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda duşuşypdylar. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda El-Kuweýtde geçirilen oýun 3:2 hasaby bilen meýdança eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Ýarym finala çenli ýolunda türkmen kluby çärýek final oýunlaryny ynamly geçip, Hindistanyň «Ist-Bengal» toparyny jemi 3:1 hasaby bilen ýeňdi. Kalkuttada geçen birinji duşuşykda Wladimir Baýramowyň tälim berýän türgenleri 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdylar, Arkadag şäherindäki öz meýdançasynda geçirilen jogap duşuşygynda bolsa bu kluby 2:1 hasaby bilen ýeňipdiler.

«Al-Arabi» iki duşuşygyň jeminde Omanyň «Al-Sib» klubyny 3:2 hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykdy.

Gündogar zolagyndaky beýleki ýarym final duşuşygy 10-njy aprelde Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Rieng« we Indoneziýanyň «Madura Ýunaýted» toparlarynyň arasynda geçiriler.

Çagyryş Ligasynyň ýarym final jogap duşuşyklary 16-njy aprelde Türkmenistanda we 17-nji aprelde Indoneziýada geçiriler. Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji klublar ýaryşynyň final oýny 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda geçirmek meýilleşdirilýär.