AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

10.04.2025

«Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Al-Arabi» toparyndan ýeňildi

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň myhmançylykda geçiren ilkinji oýnunda Kuweýtiň «Al-Arabi» futbol klubyndan ýeňlişe sezewar boldy.

El-Kuweýtde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda meýdança eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Kristofer Jon (72-nji minutda) we Salman Al Awali (90+4) geçirdiler.

Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Arkadagda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, ýarym finala barýan ýolda türkmen kluby Hindistanyň «Ist-Bengal» toparyny 3:1 umumy hasaby bilen ýeňip, çärýek finaly ynamly geçmegi başarypdy. «Al-Arabi» kluby bolsa çärýek finalda iki duşuşygyň jemine görä Omanyň «Al-Sib» toparyny 3:2 umumy hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykypdy.