AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.04.2025

Türkmen samboçylary Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynyň birinji gününde 6 medal gazandylar

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Daşkentde badalga alan Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň ilkinji gününde üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri ýygyndymyzyň baýraklarynyň umumy gaznasyna iki kümüş we dört bürünç medaly goşmagy başardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Abraýly yklym ýaryşlary sebitiň 23 ýurdundan 600-den gowrak türgeni ýygnady. Bäsleşik ýetginjeklerden başlap weteranlara çenli ähli ýaş toparlaryny gurşap alýar. Gatnaşyjylar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we söweş sambosy, şeýle-de SVI-1 (doly kör) we SVI-2 (pes görýän) toparlarda gözi görmeýän türgenleriň arasyndaky sambo ugurlarynda bäsleşýärler.

Türkmen toparynda kümüş medallary sport sambosynda Muhammetmyrat Bäbekow (58 kg çenli agram derejesi) we söweş sambosynda Bezirgen Begenjow (98 kg çenli) gazandylar.

Finala tarap ýolda Bäbekow mongolýaly samboçy Munhbat Genenedaram bilen çärýek finalynda (2:1) we ýarym finalda gyrgyzystanly Kimal Obolbekow bilen (2:1) bilen duşuşyp, olary ynamly ýeňmegi başardy. Ahyrky duşuşykda türkmen türgeni ýaryşy kabul edýän ýurduň pälwany özbegistanly Ilhom Parmonowdan 3:5 hasaby bilen ýeňildi.

Begenjow ýarym finalda gyrgyzystanly Bekbolsun Kerimbekowy ynam bilen ýeňip (8:0), finalda gazagystanly samboçy Raýhan Madä garşy durup bilmedi we netijede 1:4 hasaby bilen ýeňildi.

Türkmen ýygyndysynyň baýraklar gaznasyna bürünç medallary erkekleriň sport sambosyndan Sapar Döwletow (64 kg çenli) we toparyň zenan samboçylaryndan: Aziza Nazarowa (50 kg çenli), Zuleýha Hudaýberdiýewa (54 kg çenli) we Merjen Joraýewa (59 kg çenli) dagy getirdiler.

Döwletow Mohammed Albaker Algarrawydan üstün çykyp, ýaryşy ýeňiş (10:0) bilen başlady, soňra ýarym finalda geljekki çempion gazagystanly Jandos Beýsenbaewden (0:6) ýeňildi, emma bürünç medal üçin göreşde günorta koreýaly samboçy Li Seungany 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Nazarowa, Hudaýberdiýewa we Joraýewa ýarym final tutluşyga ýetip bilmediler we öz agram derejelerinde üçünji ýeri eýelediler.