AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.04.2025

Türkmen küştçi gyzlary rapid boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medallary gazandylar

Anna Çaryýewa we Jahan Rejepowa 13-15-nji aprelde Gresiýanyň Rodos şäherinde geçirilen çalt küşt oýnamak boýunça çagalaryň we ýaşlaryň dünýä çempionatynda Türkmenistana iki bürünç medal getirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

8 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Anna Çaryýewa mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, diňe Gazagystanyň çempiony Alişa Bissaliýewadan we Hindistanyň kümüş medal gazanan küştçüsi Anwi Diipakdan ýeňlipdir.

16 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde çykyş eden Jahan Rejepowa hem 8 utuk toplady. Ol ikinji tapgyrda ýaryşyň geljekki çempiony Gazagystanyň küştçüsi Elnaz Kaliakhmeti ýeňip, bäş tapgyryň netijeleri boýunça öňdebaryjy boldy. Altynjy we ýedinji tapgyrlarda ýeňlişe sezewar bolsa-da, Jahan özüni ele alyp, baýrak gazananlaryň üçlügine girmegi başardy.

Beýleki türkmen küştçüleri hem mynasyp netijeleri görkezdiler. 18 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Leýla Şöhradowa bäşinji orny eýeläp, bürünç medaldan diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galdy. 12 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Nurana Söýünowa ýaryşy ýedinji orny eýelemek bilen tamamlady.

48 ýurtdan 433 türgeniň arasynda iň kiçi küştçi bolan - 6 ýaşly Hangeldi Myradowyň çykyşy aýratyn ünsüňi çekýär. 8 ýaşa çenli oglanlaryň derejesinde ol mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk toplap, 48 gatnaşyjynyň arasynda 12-nji orny eýeledi.

16-njy aprelde Rodosda has çalt küşt oýnamak boýunça – blis ýaryşy başlandy. Bu ýerde türkmen küştçüleriniň öz netijelerini gaýtalamak ýa-da gowulandyrmak üçin diýseň oňat mümkinçilikleri bar.