AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.04.2025

«Arkadag» Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Şwaý Rieng» kluby bilen duşuşar

Türkmenistanyň «Arkadag» klubynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyndaky bäsdeşi Kambojanyň ady bir şäheriniň «Şwaý Rieng» kluby bolar, bu şäher ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýär – diýip, Türkmenportalyň habarçysy habar berýär.

Penşenbe güni agşam ýaryşyň ikinji ýarym final oýnunda Kambojanyň topary Indoneziýanyň «Madura Ýunaýted» kluby bilen deňme-deň oýnady (3:3), emma öz meýdançasynda 3:0 hasaby bilen ýeňendigi sebäpli, «Şwaý Rieng» kluby finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» çarşenbe güni Çagyryş ligasynyň 1/2 final jogap duşuşygynda öz meýdançasynda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryşyň finaly 10-njy maýda «Şwaý Rieng» stadionynda geçiriler, oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.