
Türkmen türgenleri Taýlandda geçirilen kikboksing boýunça Dünýä kubogynda 14 medal gazandylar
Türkmenistanyň ýygyndysy 12-17-nji aprelde Bangkokda geçirilen «1st Thailand Kickboxing World Cup 2025» ýaryşynda 14 medal gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasy «Türkmenportal» neşirine habar berdi.
Türkmen türgenleriň hasabynda 7 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal bar. Umumy topar hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysy 8-nji orny eýeledi.
Türkmen sport wekiliýetiniň düzümine baş tälimçi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 13 türgen girdi. Kömekow hem 91 kg çenli agram derejesi boýunça ýaryşyň K-1 görnüşinde tutluşyp, kümüş medaly bilen toparyň medal gaznasyna goşant goşdy.
Altyn medallary gazananlar: Nurmuhammet Joraýew (57 kg çenli, Kick-light), Kirill Woýewodin (57 kg çenli, Low-kick), Hangeldi Atabaýew (51 kg çenli, Low-kick), Akmyrat Akmyradow (67 kg çenli, Low-kick), Guwanç Mahmudow (54 kg çenli, K-1), Guwanç Babaýew (51 kg çenli, K-1) we Muhammetaly Orazmuhammedow (37 kg çenli, Creative form).
Kömekow bilen bir hatarda kümüş medallary Raşit Geldimämmedow (63,5 kg çenli, K-1), Yhlas Baýew (60 kg çenli, Low-kick) we Muhammetaly Orazmuhammedow (37 kg çenli, Musical form) gazandylar.
Agamyrat Amangeldiýew, Geldimuhammet Hojalyýew (81 kg çenli, Low-kick) we Muhammetaly Orazmuhammedow (37 kg çenli, Point fighting) dagy ýygyndymyzyň gaznasyna bürünç medallary goşdular.
Halkara kikboksing federasiýasynyň, ýagny WAKO-nyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlara dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 800-e golaý türgen gatnaşdy. Olar Full Contact, Low Kick, K-1, Kick Light, Light Contact we Point Fighting görnüşlerinde bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda bu sport görnüşi bilen 5 müňden gowrak adam meşgullanýar we türkmen kikboksýorlarynyň halkara medallarynyň sany her ýyl artýar.