AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

24.04.2025

Türkmenistanyň futzal toparlary ýylyň baş baýragy ugrunda göreşe başladylar

Aşgabatda duşuşyklaryň üçüsi bilen futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy başlandy.

Alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşýär. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna we «Ahal» topary Ahal welaýatyna wekilçilik edýärler.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar noýabr aýynda ýeňijini kesgitleýän dört aýlawda özara duşuşarlar. Duşuşyklar diňe bir Aşgabatda däl, eýsem, Balkan welaýatyndaky häzirki zaman sport toplumlarynda hem geçiriler.

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň açylyş duşuşygynda «Köpetdag» topary TNGIZT toparyny – 9:4 hasabynda ynamly utdy. Beýleki iki duşuşyk – «Deňizçi» bilen «Ahal» toparlarynyň, «Senagatbank» bilen «Migrasiýa» toparlarynyň duşuşyklary 1:1 hasabynda deň tamamlandy.

Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soň «Köpetdag» topary 3 utuk bilen öňdeligi eýeledi. «Deňizçi», «Ahal», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary ondan 2 utuk az topladylar.