AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

25.04.2025

Türkmenistanyň ýygyndy topary alyş göreşi boýunça 14 medal gazandy

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary alyş göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.

Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular.

Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular.

Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medal eýelediler.

Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.