
Türkmen pälwanlary Aşgabatda geçirilen milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşda 28 medal gazandylar
Ozal habar berşimiz ýaly, Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirildi.
Ýaryşda türkmen türgenleri iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Bu barada TDH habar berdi.
Halkara ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy.
Ýaryşyň ikinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary alyş göreşi boýunça hem jemi 14 medal gazandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär.
Aşgabatda geçirilen halkara ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.