AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.04.2025

Türkmen dzýudo türgeni Berlinde geçirilen Ýewropa kubogynda bürünç medal aldy

Türkmen türgeni Oguljan Ruslanowa 70 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça 2025-nji ýylda Berlinde geçirilen Ýewropa kubogynda bürünç medal aldy. Bäsleşige 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy.

16 ýaşly türgenimiz Swenja Keding (Germaniýa), Leni Welter (Lýuksemburg), Alesýa Winçelowika (Latwiýa) we Lara Katharina Malçak (Germaniýa) türgenlere garşy göreşde yzly-yzyna 4 ýeňiş gazandy.

Ýarym finalda Ruslanowa Aleksandr Geoffroýdan (Fransiýa) garşy söweşde utuldy, ýöne üçünji orun üçin WiktoriýaÝurçikowa (Çehiýa) garşy bolan söweşinde ýeňiş gazandy.

Bu agram derejesinde altyn medaly Jorji Grassi (Italiýa), kümüş medaly Aleksandr Geoffroý (Fransiýa) aldy.