AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.05.2025

Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli marafon ýaryşy geçirildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly sport marafony geçirildi. Çärä gatnaşyjylar 3600 metr aralyga ylgamakda ezberligini, çydamlylygyny görkezdiler.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen geçirildi. Oňa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy.

Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan «Arkadag» binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Marafon ýaryşynyň netijesi boýunça talyp gyzlaryň arasynda 14 minut 33,8 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby E.Esedowa ýeňiş gazandy. Talyp oglanlaryň arasynda 9 minut 22 sekunt wagt bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby P.Babanyýazow ýeňiji boldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda, degişlilikde, W.Baýowa hem-de S.Saparow birinji bolup gelmegi başardylar. Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçysy A.Seýdullaýewa bilen 74-nji orta mekdebiň okuwçysy O.Orazmyradow bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda pellehanadan birinji bolup geçip, ýeňiş gazandylar.

Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.