AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

29.10.2026

«Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygynda «Gol Gohar» bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen Eýranyň «Gol Gohar» topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi. Eýranyň kluby bu ýaryşdaky öz meýdançasynda kabul etmeli duşuşyklaryny şol şäherde geçirýär.

Duşuşykda toparlaryň hiç biri-de hasaby açmagy başarmady. Birinji ýarymda «Arkadag» has howply hüjümleri gurady. 27-nji minutda goragçy Arzuwguly Sapargulyýew 25 metr aralykdan çep aýagy bilen güýçli urgy geçirdi, emma «Gol Goharyň» derwezeçisi Farzin Garusian topy gaýtarmagy başardy. Dört minutdan soň Sapargulyýew ýene bir gezek derwezä urgy geçirdi, ýöne top derwezäniň ýokarysyndan geçdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda türkmen toparynyň hasaby açmak üçin birnäçe amatly pursat boldy. 71-nji minutda Meýlis Diniýew jerime urgusyndan soň kelle bilen topy derwezä gönükdirdi, emma top derwezäniň ýokarysyndan geçdi. Az salymdan Rahman Myratberdiýew ýakyn aralykdan urgy geçirdi, ýöne Garusian derwezäniň çyzygynda topy saklady.

Üç tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» dört utuk toplady, «Gol Goharyň» hasabynda bolsa iki utuk bar. Toparlaryň jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Soňra türkmen kluby 25-nji noýabrda myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen duşuşar.

Ýaryşyň 1/8 final tapgyryna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki topar çykar.