21 ýaşly Litwaly Mikolas Alekna disk zyňmakda dünýä rekordyny täzeledi
Litwaly Mikolas Alekna disk zyňmakda 38 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi. ABŞ-da geçirilen “Oklahoma Throws Series” ýaryşynda 21 ýaşly türgen 74,35 metre diski zyňdy we şeýlelik bilen Germaniýaly Ýurgen Şultyň rekordyndan öňe geçdi (74.08 m, 1986).
Aleknanyň bäşinji synanyşygy rekord boldy. Bir hepde öň kesgitlenen şahsy irekordyny 3 metr geçendigini bellemelidiris.
Bu ýaş türgen üçin ilkinji ýeňiş däl. 2022-nji ýylda ol Ýewropa çempionatynda disk zyňmak iň ýaş medalçy bolup, kümüş medala eýe boldy. 2023-nji ýylda bolsa Dünýä çempionatynda bürünç medala eýe boldy.
Mikolas Aleknanyň iki gezek Olimpiýa çempiony bolan Wirgilijus Aleknanyň oglulygyny göz öňünde tutsak onuň bu ýeňişleri geň däl. Wirgiliýus Alekna Sidneý 2000 we Afiny 2004 Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi we henizem taryhda ikinji orny eýeleýär (73,88 m).