AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.06.2024

Mergen Orazow Özbegistan bilen boljak oýundan öň nämeler diýdi?!

Ozal habar berşmiz ýaly, ertir – 6-njy iýunda Daşkentde DÇ-2026-nyň saýlamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özebegistanyň milli ýygyndylary güýç synanyşarlar. Şu gün toparlaryň baş tälimçileriniň we oýunçylarynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow ertirki oýun barada pikir bildirdiler.

Mergen Orazow:

«Ilki bilen, mähirli garşylandyklary üçin Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasyna minnetdarlyk bildirýärin. Duşuşyga oňat taýýarlyk gördük. «CAFA Nation’s cup» turnirinde we Özbegistana garşy geçirilen beýleki oýunlarda özümiziň nähili oýnamaga ukyplydygymyzy görkezipdik. Özbegistan güýçli milli ýygyndy. Düzüminde ýokary derejedäki oýunçylar bar. Biziň goragda oňat oýnamagymyz we pursatlarymyzdan peýdalanmagymyz gerek» diýip, baş tälimçi Mergen Orazow pikir bildirdi.

Toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow bolsa ertirki oýun barada şeýle pikir bildirdi: «Özbegistanyň milli ýygyndysy güýçli garşydaş, toparçanyň faworiti. Biz göreşmegi bes etmek islämizok. Ertir owadan oýun görkezmäge çalşarys. Diňe goragda däl, paslaryň kömegi bilen hüjümde hem gowy oýny orta goýmagymyz gerek».