AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

07.06.2024

«Rolan Garrosda» soňky 27 ýylyň iň ýaş ýarym finalçysy

Tennis boýunça möwsümiň 2-nji «Uly tuwalga» ýaryşy bolan «Rolan Garrosda», ýagny Fransiýanyň açyk çempionatynda ýarym finalçylar belli boldy. Zenanlaryň arasynda russiýaly Mirra Andreýewa sanawyň 2-nji belgilisi, çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden belarusly Aryna Sabalenkany 2:1 hasabynda ýeňdi. 1-nji setde Andreýewa 7:6 asgyn gelse-de, 2-3-nji setlerde 6:4 hasaplar bilen garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. 17 ýaşyndaky Andreýewa karýerasy boýunça ilkinji gezek «Uly tuwalga» ýaryşynda ýarym finalda çykyş eder. Ol bu ýaryşda soňky 27 ýylda ýarym finala çykan iň ýaş tennisçi bolmagy başardy. Onuň ýarym finaldaky garşydaşy italiýaly Jasmin Paolini bolar. Paolini çärýek finalda gazagystanly Ýelena Rybakinany utdy. (6:2, 4:6, 6:4). Ýarym finalyň beýleki jübütinde-de sanawyň 1-nji belgilisi polşaly Iga Şwentek bilen 3-nji orunda amerikaly Koko Gauff duşuşar. Soňky çempion Şwentek çärýek finalda çehiýaly Marketa Wondrouşowany 6:0, 6:2 hasaplar bilen ýeňdi. Gauff bolsa tunisli Uns Žaberi 3 setde (4:6, 6:2, 6:3) ýeňlişe sezewar etdi.

Ýarym final duşuşyklary şu gün oýnalar. Ýeňiş gazanan tennisçiler şenbe güni finalda duşuşarlar.

Erkekleriň arasyndaky ýarym finalda-da norwegiýaly Kasper Ruud bilen germaniýaly Aleksander Zwerew, ispaniýaly Karlos Alkaras bilenem italiýaly Ýannik Sinner duşuşar. Ruud serbiýaly Jokowiçiň ýaryşdan çekilmeginden soň ýarym finala çykdy. Zwerew bolsa 4 sagat 15 minutlap dowam eden çekeleşikli geçen oýundan soň awstraliýaly Aleks de Minaury 3 setde (6:4, 7:6, 6:4) ýeňliş sezewar etdi.

Mälim bolşy ýaly, Alkaras gresiýaly Stefanos Sisipasy, Sinner bolsa bolgariýaly Grigor Dimitrowy ýeňipdi. Erkekleriň arasyndaky ýarym final duşuşyklary anna güni, ýagny ertir geçiriler.