AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

19.06.2024

Belgiýanyň garaşylmadyk ýeňlişi, Fransiýanyň ýeke-täk golly ýeňşi

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda «E» toparçada garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Has takygy, Ukrainanyň Rumyniýadan uly hasap bilen, şol sanda Belgiýanyň Slowakiýadan utulmagyna garaşylanokdy.

Günüň 1-nji duşuşygynda Mýunhende Rumyniýa bilen Ukraina duşuşdy. Duşuşyga ukrainler hüjümler bilen başlanam bolsa, ýeňiş gazanan rumynlar boldy. Oýnuň 29-njy minutynda Nikolae Stançu owadan urgy bilen topy derwezä gönükdirip, hasaby açdy. 2-nji ýarymda-da ilkinji 15 minut tamamlanmanka, hasap 3-0-a ýetdi. 53-nji minutda Razwan Marin, 57-nji minutda bolsa Denis Draguş tapawutlandy. Şunlukda, uly hasap bilen ýeňiş gazanan rumynlar çempionata ynamly başladylar.

Toparçanyň 2-nji duşuşygynda Belgiýanyň hem-de Slowakiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşygyň ýeňijisini ýeke-täk gol kesgitledi. Şol goly-da 7-nji minutda slowakiýaly hüjümçi Iwan Şrans derwezeden geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hüjüm baryny eden Belgiýanyň düzüminde ýyldyz hüjümçi Romelu Lukakunyň 56-njy we 86-njy minutlarda geçiren 2 goly VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmady. Ol başga-da örän amatly pursatlarda topy derwezeden geçirip bilmedi. Şeýlelikde, Belgiýanyň ýygyndysy Slowakiýanyň ýygyndysyndan 1-0 hasabynda asgyn gelip, bu oýun çempionatyň ilkinji garaşylmadyk netijesi boldy.

Günüň soňky duşuşygynda «D» toparçada  Fransiýanyň ýygyndysy bilen Awstriýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Fransiýanyň ýygyndysy ýeke-täk gol bilen ýeňşini baýram etdi. Şol goly bolsa 38-nji minutda Maksimilian Wöber ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi. Duşuşykda Kilian Mbappe şikes aldy. Oýundan soň onuň operasiýa bolandygy habar berildi.