AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

20.06.2024

Türkiýe hem-de Portugaliýa çempionata ýeňiş bilen başlady

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynyň 5-nji gününde 2 duşuşyk geçirilip, 1-nji aýlawyň oýunlary tamamlandy.  

«F» toparçada günüň ilkinji oýnunda Türkiýe bilen çempionata ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 25-nji minutynda türkiýeli goragçy Merih Demiral ajaýyp urgy bilen toparyny öňe çykardy. Bu goldan 2 minut soň Kenan Ýyldyzyň goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Duşuşygyň 32-nji minutynda Gruziýanyň ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Žorž Mikautadze hasaby deňledi. Oýnuň 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 65-nji minutynda «Real Madrid» toparynyň türkiýeli ýaş ýyldyzy Arda Güler örän owadan gol bilen toparyny öňe saýlady. Şondan soň gruzinler hasaby deňlemek üçin jan aýaman göreşdiler. Oýnuň 90+7-nji minutynda bolsa derwezeçiniň öňe gitmeginden ýerlikli peýdalanan türk ýygyndysy Kerem Aktürkoglunyň boş derwezä gönükdiren goly bilen 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şol gün 50 ýaşyny dolduran toparyň tälimçisi Winçenzo Montella duşuşykdan soň bu ýeňşiň özi üçin iň gowy doglan gün sowgady bolandygyny belläp, futbolçylaryny gazanylan ilkinji 3 utuk bilen gutlady.

Pepeniň hem-de Ronaldunyň täze rekordlary
Günüň 2-nji duşuşygynda Portugaliýa bilen Çehiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Portugaliýanyň ýygyndysynda esasy düzümde meýdança çykan Pepe bilen Kriştianu Ronaldu taryhy rekord goýdy. Pepe 41 ýaş 113 gün bilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden iň ýaşuly futbolçynyň rekordynyň täze eýesi boldy. Ronaldu bolsa 6-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eden ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, 2-nji ýarymda, has takygy, 62-nji minutda Lukaş Prowodyň goly bilen çehler öňe geçdi. Ýöne portugallaryň jogaby gijikmedi. Oýnuň 69-njy minutynda Robin Hranaçyň awtogoly bilen hasap deňlendi. 87-nji minutda Ronaldonyň süsen topy sütünden yzyna gaýtdy. Şol pursatda topy derwezä girizen Žotanyň goly ofsaýt sebäpli bellige alynmady. Duşuşygyň 90-njy minutynda oýna giren Fransişko Konseýsao 2 minutdan soň topy derwezä girip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.