AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.06.2024

Germaniýanyň ýygyndysy Ýewro-2024-iň pleý-off tapgyryna ýollanma alan ilkinji topar boldy

Germaniýanyň ýygyndysy futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda Wengriýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy we özi üçin pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Duşuşyk Ştutgart şäherinde geçirildi.

Germaniýanyň düzüminde Jamal Musiala (22-nji minut) we Ilkaý Gündogan (67) tapawutlanmagy başardy.

«A» toparçasynyň beýleki oýnunda Şweýsariýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylary özara 1:1 hasabynda deň oýnadylar. Şotlandlaryň goluna Skott Maktominaý, şweýsarlaryň goluna bolsa Jerdan Şakiri awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, iki aýlawdan soňra «A» toparçasynda Germaniýa 6 utuk bilen liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Şweýsariýada 4, üçünji ýerdäki Şotlandiýada bolsa 1 utuk bar. Heniz utuk gaznyp bilmedik Wengriýa bolsa soňky orny eýeläp dur. Şundan görnüşi ýaly, Germaniýanyň ýygyndysy eýýäm 1/8 finalyň ýollanmasyny gazanmagy başardy.

Toparçadaky jemleýji oýunlarda Şotlandiýa Wengriýa bilen, Germaniýa bolsa Şweýsariýa bilen güýç synanyşar. Oýunlaryň ikisi hem 23-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewro-2024-de 6 toparça bölünen 24 sany ýygyndy gatnaşýar. Her toparçadan birinji we ikinji orunlaryň eýeleri, şeýle-de üçünji orny eýelän ýygyndylaryň has gowy netije gökezen dördüsi 1/8 final tapgyryna ýollanma alýar. Ýaryşyň final oýny 14-nji iýulda Berlin şäherinde geçiriler.

Şu gün, 20-nji iýunda Ýewropanyň çempionatynyň altynjy gününiň oýunlary bolup geçer. Günüň deslapky iki oýnunda «С» toparçasyndan orun alan ýygyndylar güýç synanyşarlar. Has takygy, Sloweniýa Serbiýa bilen, Daniýa bolsa Angliýa bilen oýnar. Günüň ahyrky duşuşygy «B» toparçasyndaky ýygyndylaryň arasynda bolup, onda Ispaniýa bilen Italiýa duşuşar.

Ýewro-2024-iň 20-nji iýundaky oýunlarynyň tertibi (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilendir):

Sloweniýa – Serbiýa. 18:00;
Daniýa – Angliýa. 21:00;
Ispaniýa – Italiýa. 23:55.