AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

25.06.2024

Türkmenistanyň adaty karate ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal gazandy

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda toparlaýyn hasapda üçünji orna eýe boldy. Gazanylan üstünlikde biziň türgenlerimiziň gazanan 9 medalynyň aýratyn uly orny bar.

Sebit ýaryşyna bäş döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şolaryň diňe 12-si Türkmenistana wekilçilik edip, türkmen türgenleri ýurdumyza altyn medallaryň dördüsi, kümüş medallaryň üçüsi we iki sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar adaty karateniň görkezme maşklary (kata) we tutluşyk (kumite) görnüşleri boýunça geçirildi.

Milli ýygyndymyz bu görnüşleriň her haýsysy boýunça iki altyn medaldan gazandy. Kata boýunça Yhlas we Nurgeldi Annagurbanowlar hormat münberiniň birinji basgançagyna çykan bolsa, kumite boýunça ýaryşlarda Ybraýym Şagulyýew bilen Selim Myratdurdyýew öz ýaş derejelerinde çempion bolmagy başardylar.

Milli ýygyndymyzyň kümüş medallarynyň üçüsi hem kumite boýunça gazanyldy. Bu medallara Serdar Baýryýew, Ýagmyrmyrat Sähetmyradow we Gurbannazar Hümmedow dagylar mynasyp boldy. Ýunus Muhammetgulyýew bilen Myratbek Baltaýew bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Gazanylan üstünlikde milli ýygyndymyzyň tälimçiler toparynyň uly paýy bar. Türkmen türgenlerini sebit ýaryşyna Döwlet Berdiýew, Kemal Ataýew, Diýar Hojaýew we Eýmur Mämmedow dagylar taýýarlady.