AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

27.06.2024

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň medallary tanyşdyryldy

«El.kz» habarlar gullugynyň habarynda Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen brifingde Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna taýýarlygyň alnyp barlyşyna jogapkär wekiliň — Nail Nurowyň bäsleşigiň medallaryny tanyşdyrandygy aýdylýar.

Medallar bürünç garyndysyndan ýasalyp, onuň merkezinde Oýunlaryň nyşany şekillendirilen — bu öňe hereket etmegi, ýeňşe bolan islegi alamatlandyrýan adamyň nyşany.

«Medalyň çyzgysy milli nyşanymyz şanyrak görnüşinde ýasaldy. Korportiw usulda maşat daşynyň reňkinde taýýarlanan lenta aýratyn orny eýeleýär. Onda Oýunlaryň ýeri we wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýadygärlik ýazgysy bar» — diýip, beýan edilýär.

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary 8 — 13-nji sentýabrda Astana şäherinde geçiriler. Maksatnama sport oýunlarynyň 21 görnüşini öz içine alýar. Bularyň ýarysy Gazagystanyň milli sport görnüşleri, galanlary beýleki türki döwletlere degişlidir. Oýunlara 89 ýurtdan, şol sanda, Türkmenistandan hem wekiliýetleriň gatnaşjakdygy tassyklandy.

Ýaryşa 2500-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.