AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

28.06.2024

Çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmek barada maslahat geçirildi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda ýurdumyzda ýaşlar we çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmek barada maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän futbol hünärmenleriniň 50-ä golaýynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda çagalar futboluny ösdürmek baradaky dürli ugurdaky teklipler hödürlenildi.

Ýurdumyzyň 20 ýaşa çenli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew ýaşlar ýygyndymyzyň öňünde duran maksatlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, halkara ýaryşynda netijeli çykyş etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky hem-de paýtagtymyzdaky çagalar futbol mekdepleri bilen sazlaşykly iş alnyp barylmaly. Şeýle-de, ol bu ugurda edilmeli işler boýunça ýörite taýýarlan wideoşekilli taslamasy boýunça giňişleýin düşündiriş berdi.

«Köpetdag» toparynyň baş tälimçisi Begenç Garaýew öz çykyşynda ýurdumyzda futboly ösdürmek babatynda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

«Häzirki wagtda «Köpetdag» klubunyň çäginde  hereket edýän futbol toparlarynda 850 töweregi çaga tälim almaga mümkinçilik döredildi. Bu ugurda ösüş gazanmak üçin çagalaryň tertip düzgünlerinden başlap, olaryň ene-atalary bilen yzygiderli habarlaşyp durulmagy ilkinji orna çykýar. Çünki türgenleşik döwründe çaganyň terbiýesi ilkinji nobata çykarylmaly. Mundan başga-da, çagalar toparlaryny ýaş aýratynlyklaryna bölüp, tapgyrma-tapgyr iş geçirmeli. Tejribeli tälimçiler bilen yzygiderli maslahatlary geçirip, olaryň tejribeleri bilen paýlaşmaly. Çagalary saýlap-seçip almakda belli bir meýilnama düzülmeli» — diýip, bu ugurda edilmeli işler barada anyk wezipeleriň durýandygyny aýratyn belledi.

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän futbol tälimçisi Timur Husainow öz gezeginde ýaş tälimçileriň okuw-maslahatlarynyň wagtly-wagtyna geçirilip durulmagynyň ýola goýlan ýagdaýynda güýçli futbolçylary ýetişdirmekde gowy itergi boljakdygyny belledi.

Ýokary ligada çykyş edýän «Energetik» toparynyň tälimçisi Maksat Jumamyradow ýetginjek futbolçylardan düzülen toparlaryň arasynda möwsümleýin çempionatyň geçirilmegini teklip etdi. Ol bu ugurda 16, 17 hem-de 18 ýaş aýratynlygy bilen bagly düzülen toparlaryň gatnaşmagynda aýry-aýry çempionatlaryň guralmagynyň futbolçylarymyzyň professionallaşmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini tassyklady.

Umuman, geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş eden beýleki futbol hünärmenleriniň teklipleri hem diňlenip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi tarapyndan bu babatda ýakyn wagtda giň göwrümli işleriň geçiriljekdigi öňe sürüldi.

Geçirilen maslahatyň jemi boýunça Ýokary ligamyzyň klublarynda çagalar toparlaryny döretmek, möwsümiň dowamynda dürli ýaşdaky çagalar toparlarynyň gatnaşmagyndaky ýaryşlary yzygiderli geçirmek, ýaş tälimçileri ýetişdirmek üçin okuw-maslahatlaryny yzygiderli guramak we ýene-de birnäçe wajyp teklipleri durmuşa geçirmek barada teklipler edildi.