Türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Gazagystanda geçen halkara ýaryşyň kümüş medalyny gazandy
Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa «ATF 14&under Shymkent GA» halkara ýaryşynyň kümüş medallaryna eýe boldy.
Ýaryş 22 — 29-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Şimkent şäherinde geçdi.
Dartgynly bäsleşigiň çäginde bäş duşuşyk geçiren Ilima Guseýnowa şolaryň dördüsini ynamly ýeňiş bilen tamamlady.
Ol 1/16 finalda Wlad Kuzmenkony 6:1, 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şondan soňky raundda — 1/8 finalda bolsa ildeşimiz Sofiýa Kirowany (Gazagystan) 6:3, 6:4 hasabynda ahmyrda goýdy.
Çärýekfinalda bolsa Guseýnowa gazak türgenleriniň ýene biri — Medina Utepbergen bilen duşuşdy. Birinji setde 1:6 hasabynda asgyn gelendigine garamazdan, oýnuň hörpüni üýtgetmegiň hötdesinden gelen Ilima tutanýerlilik görkezdi we indiki iki seti 6:2, 6:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlamagy başardy.
Ildeşimiz ýarymfinalda eýranly Aýlin Mohammadian Farzy ýeňdi. Duşuşyk 6:2, 6:2 hasaby bilen jemlendi. Aýgytlaýjy duşuşykda türkmenistanly tennisçi eýranly Hana Şabanpur bilen duşuşdy. Bu duşuşykda eýranly tennisçi güýçli çykdy — 6:2, 6:2.