AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

01.07.2024

Türkmen emini Pariž olimpiadasynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmäge çagyryldy

27-nji iýunda IWF-iň Şweýsariýanyň Lazonna şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň prezidenti Berdinyýaz Mätiýew bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) baş direktory Ahilleas Sogasyň duşuşygy geçirildi. Bu barada «THP» habar berdi.

Taraplar Türkmenistanda agyr atletika boýunça halkara we sebitleýin ýaryşlary geçirmek, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda türgenleşik seminarlaryny guramak, türgenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykda Ahilleas Sogas türkmen emini Çary Mamedowy resmi taýdan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmäge çagyrdy.

Çary Mamedow 2017-nji ýylda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna emin hökmünde gatnaşypdy. 2019-njy ýylda Las-Wegasda (ABŞ) ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty geçirildi. Şonda oňa emin hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik döredildi.

Pariž olimpiadasy 26-njy iýun — 11-nji awgyst aralygynda geçirilýär. Onuň agyr atletika ýaryşlary 7 — 11-nji awgust aralygynda geçer.