AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.08.2024

Türkmen samboçylary Gyrgyzystanda geçýän Dünýä kubogynyň birinji gününde 4 medal gazandylar

15-16-njy awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde iri sport ýaryşy — Sambo boýunça dünýä kubogy geçirilýär.

Bu ýerde erkekler hem-de zenanlar sport we söweş sambosy boýunça agram derejeleriň 26-sy boýunça iň gowy türgen bolmak ugrunda göreş düşekçesine çykdylar. Birinji günüň netijeleri boýunça agram derejeleriň 12-si boýunça ýeňijiler hem-de baýrak eýeleri kesgitlendi.

Türkmen samboçylary bürünç medallaryň dördüsini gazanmak bilen, mynasyp netijeleri görkezmegiň hötdesinden geldiler.

Sport sambosy boýunça Babamyrat Babamyradow 58 kilogram agram derejesindäki bäsleşikde üçünji orny eýeledi. Gambar Umarow 71 kilogram agram derejesinde şeýle üstünlige ýetdi. Söweş sambosyndan bolsa Kerim Kerimow (64 kg) hem-de Agasapar Muhadow (79 kg) dagy üçünji orny eýeledi we ýurdumyzyň baýrak gaznasyny baýlaşdyrdy.

Ýaryş dowam edýär.