AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.08.2024

«Ahal» üçünji aýlawa ýeňiş bilen başlady

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň üçünji aýlawyna ýeňiş bilen başlady. Topar 19-njy tapgyryň çäginde paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda «Ahalyň» gollaryny Meýlis Diniýew, Elman Tagaýew we Hakmuhammet Bäşimow dagy geçirdi.

Bu ýeňişden soň, «Ahal» utugyny 37-ä çykaryp, ikinji orundaky «Altyn Asyr» bilen deňleşdi. AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistana gidendigi sebäpli, «Altyn Asyryň» 19-njy tapgyrda «Merw» bilen geçirilmeli duşuşygynyň başga güne süýşürilendigini ýatladýarys.

16 utukly «Aşgabat» bolsa ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda galdy.