AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.08.2024

Aşgabatda Halkara ýaşlar güni bellenip geçildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guramagynda Aşgabatda ajaýyp we täsirli çäre geçirildi.

Şu ýyl BMG tarapyndan saýlanan «Durnukly ösüş üçin ýaşlaryň sanly ýollary» atly global tema ýurduň sanly geljegini gurmakda ýaşlaryň ornunyň möhümdigini görkezdi.

Bu çäre 100 töweregi ýaşlary bir ýere jemledi we olaryň mümkinçiliklerini açmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi.

Şeýle hem howpsuz sanly giňişligiň emele gelmegi, sanly sowatlylygyň ösmegi, Gender deňligi ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşmagy hem-de bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Kemal Goşlyýw öz çykyşynda ýaş nesliň sanly geljegimizi emele getirmekde möhüm orny eýeleýändiklerini nygtady.

Çäräniň çäginde howpsuz sanly geljege bagyşlanan çykyş görkezildi. Mundan başga-da, myhmanlar ýaş gimnastikaçylaryň we ýakymly fleş-mobyň ajaýyp çykyşlaryny synladylar.