AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.10.2024

'Altyn Asyr' toparynyň baş tälimçisi 'Al-Haldiýa' garşy ýeňliş hakynda

Türkmen futbol kluby 'Altyn Asyr' AFK-2 Çempionlar Ligasy toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Bahreýniň 'Al-Haldiýa' toparyndan 0:1 hasabynda utuldy. Aşgabadyň 15 500 tomaşaçysynyň goldawy bilen geçirilen oýun, janköýerleri soňky minudyna çenli tolgunyşda saklady.

Oýundaky ýeke-täk gol birinji ýarymyň goşmaça dördünji minutynda uruldy. Myhmanlaryň hüjümçisi Usama Bellatreşe dogry wagtda dogry ýerde bolup, topy ýer eýeleriniň derwezesine iberdi. Türkmen toparynyň ikinji ýarymdaky ähli tagallalaryna garamazdan bu gol oýunda kesgitleýji boldy.

'Altyn Asyr' toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew oýundan soň lapykeçligini gizlemedi: 'Men pikirimçe, biz şu gün azyndan bir utuk gazanmaga mynasypdyk, ýöne bu futbol, şeýle bolýar. Biraz şowlulyk ýetmedi diýip pikir edýärin. Biz elimizden gelenini edip oýnadyk.'

'Altyn Asyr' üçin iň howply pursat 85-nji minutda ýüze çykdy, çalşyga çykan Arslan Saparow, mümkinçiligi peýdalanyp bilmedi. Hojageldiýew bu epizody şeýle düşündirdi: 'Bu ýüz göterimlik pursatdy, şeýle ýagdaýda gol urmazlyk kyn, ýöne käte şeýle bolýar.'

'Al-Haldiýa' toparynyň baş tälimçisi Ali Aşur netijeden kanagatlanma bildirdi: 'Bu biziň üçin örän möhüm oýun, ýeňiş gazanyp, üç utuk alanymyz üçin begenýäris. 'Altyn Asyr' toparyna, oýunçylaryna we tälimçisine uly hormat goýýarys. Oýun kyn boldy, esasanam birinji ýarymyň başynda. Ýöne garşylygy ýeňip, gol urmagy başardyk.' 

Oýnuň iň gowy oýunçysy we ýeňiş golunyň awtory Usama Bellatreşe topar ruhuny nygtady: 'Biz öz oýnumyzy oýnamaga synanyşdyk, tälimçi bize 'Altyn Asyr' garşy nähili hereket etmelidigimizi oýundan öň düşündirdi we biz türgenleşiklerde örän yhlasly taýýarlyk gördük.'

Bu 'Altyn Asyr' üçin AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky häzirki möwsümdäki yzly-yzyna ikinji ýeňiliş. Birinji tapgyrda topar 'Eýr Fors' toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. Şowsuz başlangyja garamazdan, Hojageldiýew optimistik bolmagynda galýar: 'Diňe iki tapgyr geçdi, öňde ýene dört tapgyr bar. Biz taýýarlyk göreris, bu kubok ýaryşyny ýeňmegimiz üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar.'

Indiki tapgyrda, toparymyz 6-njy noýabrda 'Altyn Asyr' topary Saud Arabystanynyň 'Al-Taawun' toparyna garşy myhmançylykda oýnap, ýaryşda ilkinji utuklaryny gazanmaga synanyşar diýip umyt edýäris.