
26.12.2024
Türkmenistandan ýaş türgen meşhur tennisçi Rafael Nadal elinden sylag kabul etdi
Türkmenistanly türgen Süleýman Hudaýberdiýew Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda altyn we kümüş medallaryň eýesi boldy.
Ýaryşa 13 ýurtdan 36 türgen gatnaşdy. Jübüt ýaryşynda türkmen tennisçisi Pakistanly Muhammet Hassan Usmani bilen bilelikde altyn medal gazandy. Şahsy ýaryşda Hudaýberdiýew kümüş medaly hem gazandy.
Sylag gowşurylyş dabarasynda medallary Süleýman Hudaýberdiýewe häzirki zaman tennisiniň iň beýik türgenlerinden biri bolan Rafael Nadal gowşurdy.
Türkmenistandan gelen ýaş türgen üçin ussat tennisçiniň elinden sylag almak aýratyn ýatda galyjy pursat boldy.