
ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýunlary: «Real» «Atletikony» ýeňdi, «Arsenal» PSW-ni derbi-dagyn etdi
Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda «Real» «Atletikony» kabul edip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Realyň» düzüminde Rodrigo (4-nji minut) hem-de Braim Dias tapawutlandy. Myhmanlaryň goluna Hulian Alwares awtorlyk etdi.
Günüň başga bir oýnunda Angliýanyň «Arsenaly» myhmançylykda Niderlandlaryň PSW toparyny 7:1 hasabynda derbi-dagyn etdi. «Arsenalyň» düzüminde Ýurriýen Timber (18), Itan Nwaneri (21), Mikel Merino (31), Martin Edegor (47, 73), Leandro Trossard (48) we Rikardo Kalafýori (85) dagy gol urmagy başardylar. Ýer eýeleriniň 43-nji minutda penaltiden urlan ýeke-täk goly Noa Lang tarapyndan derwezä gönükdirildi.
ÝÇL-iň 1/8 finalynyň 4-nji martda geçirilen deslapky oýunlarynyň netijeleri:
«Brýugge» – «Aston Willa» – 1:3;
«Borussiýa» Dortmund – «Lill» – 1:1;
«PSW» – «Arsenal» – 1:7;
«Real Madrid» – «Atletiko» Madrid — 2:1.
Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 12-nji martda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropa çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi Madridiň «Real» toparydyr. «Real» ÝÇL-iň geçen möwsüminiň finalynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.