Habarlar
Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu foruma gatnaşyjylara Gutlag bilen ýüzlendi.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Täze-täze lukmançylyk edaralary işe girizildi. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek işlerine badalga berildi. Onuň önümleri bilen Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň zerurlyklary üpjün ediler. Bu önümler döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy guruldy. Häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem geljekde halkymyzyň saglygyny dikeltmekde uly orny eýelejekdigine ynanýaryn.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň adyndan ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryna zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, Germaniýada öndürilen emeli böwrek enjamlary sowgat berildi.
Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeldip, bu ugurda toplan tejribämizi üstünlikli baýlaşdyrýarys. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklarymyzy has-da işjeňleşdirýäris. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine görä yzygiderli kämilleşdirýäris. Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary esasynda bu ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrýarys. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ulgama giňden ornaşdyrýarys. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Döwrebap şertler, giň mümkinçilikler ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepler gurulýar. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, yzygiderli kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly adamlar!
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän uly güýçdür. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmäge hem uly üns berýäris. Ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde toplanan tejribeler, sport mümkinçiliklerimizi parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň bähbitlerine gönükdirýän işler munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin giň şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Şu maksat bilen, şäherde köpugurly sport toplumy we merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Hormatly adamlar!
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ençeme iri sport ýaryşlary guraldy. Hususan-da, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty, şu ýylyň aprelinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede geçirildi. Mundan beýläk hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki at-abraýyny pugtalandyrarys. Biz geljekde-de parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, sport ussady Annamuhammet Hommadow 3-8-nji oktýabr aralygynda Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky esasy bäşleşigiň ýeňijisi boldy. Annamuhammet mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utugy gazanyp, özüniň reýtingini Elo 2290 çenli ýokarlandyrmagy başaryp, FIDE ussady diýen derejä (Elo 2300) ymykly golaýlaşdy. Hommadow 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Wengriýada geçirilen 45-nji Bütindünýä küştý olimpiadasynda “B” derejede ýurdyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip altym medal gazandy.
Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň başga bir oýunçysy hem gowy çykyş etdi – Aşgabadyň ýaşaýjysy, sport ussatlygyna dalaşgär Ahmet Gubataýew, Amanmuhammetden ýarym utuk yzda galyp, ikinji ýeri eýeledi. Ahmet Elo reýtingini 92 dereje ýokarlandyrdy we 2200 derejä ýetmegi başardy.
Gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni, Lebap welaýatyndan gelen geljegi uly küştçi, Türkmenistanyň zenanlar milli toparynyň agzasy, 6,5 utuk toplan 14 ýaşly Jahan Rejepowa görkezdi. Ikinji we üçünji iň gowy netijeleri degişlilikde Jahanyň deň-duşlary Mähri Agamyradowa we 2024-nji ýylda gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony, sport ussatlygyna dalaşgär Merýem Agajanowa görkezdi, olar hem 6,5 utuk toplady, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýeňildi.
Zenanlar erkekler bilen bir toparda bäsleşdiler, güýçli ýaryşlara gatnaşyp gymmatly toplanan tejribe öz täsirini ýetirip bilmedi. Hommadow ýaly Rejepowa we Agajanowa ýakynda geçirilen Bütindünýä Olimpiadasyndan zenanlaryň arasynda “C” kategoriýasynda altyn medal bilen gaýdyp geldiler.
Esasy medallardan başga-da, Federasiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokarky ligasyna ýollanmalar gowşuryldy. Bu ýollanmalara Ahmet Gubataýew we Mähri Agamyradowa mynasyp boldy. Olardan öňe geçen Hommadow bilen Rejepowanyň indiki ýokary ligada çykyş etmäge eýýäm hukugy bardy.
Esasy ýaryş (“A” derejede) bilen bir hatarda 1700-den pes reýtingi bolan oýunçylaryň arasynda ýaryş geçirildi. Mümkin bolan 11-den 9,5 utuk gazanan Lebap welaýatyndan Ýunus Joraýew “B” derejede ýeňiji boldy. Rapid görnüşinde degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda ýeňijiden ýarym utuk yzda galyp, Didar Baltaýew we Burhan Egenkulyýew (ikisem Lebap welaýatyndan) eýelediler.
Gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni 8,5 utuk toplap Nurana Jumanyyazowa we Aýa Baýramowa (ikisem Lebap welaýatyndan) görkezdi. 8 utuk toplan Aşgabatly mekdep okuwçysy Aýşa Aşyrowa ilkinji üçlügi ýapdy.
8-nji oktýabrda, nusgawy wagt gözegçiligi bilen ýaryş gutarandan soň, rapid görnüşindäki ýaryş başlandy. 10-njy oktýabrda blis görnüşindäki ýaryşy geçiriler, bu ýere Angliýadan 1993-nji ýylda Garri Kasparow bilen bolan oýunda dünýä täjine dalaş eden meşhur küşt oýunçysy halkara grossmeýster Nigel Şortyň gelmegine garaşylýar.
Ýatyşa “A” derejede nusgawy ýaryşyna 50, “B” derejedäki ýaryşynda 235 küştçi gatnaşdy. 2023-nji ýylda jemi 287 küştçi Federasiýasynyň Kubogy ugryndaky ýaryşa gatnaşdy diýip, TKF-da bellenildi.
Hormatly Wladimir Wladimirowiç,
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şu günki mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, hormatly Wladimir Wladimirowiçi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlamaga, oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar.
Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde pugta parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar.
Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.
Daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar. Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.
Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir. BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar. Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär. Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris. Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy hem-de anyk wezipeler goýuldy. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris. Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr. GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.
Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip edýäris. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys. Bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip edýäris.
Energetika ulgamynda Türkmenistan GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr.
Hormatly wekiliýet Baştutanlary!
Dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiz GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma GDA ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär. Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda wajyp meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklaýar. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.
Sözümiň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistanyň woleýbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy şu günler Aziýanyň çempionatynyň sebitleýin bölegine gatnaşýar. Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän duşuşyklarda 6 döwletiň ― Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Şri-Lankanyň, Nepalyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary güýç synanyşýar.
Ýaryşyň bu bölegi bi aýlaw görnüşinde geçiriler. Aýlaw tamamlanansoň, birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşmak üçin öz aralarynda güýç synanyşarlar. Üçünji, dördünji orunlaryňe eýeleri bolsa sebitleýin bölegiň bürünç medaly üçin göreş alyp bararlar.
Türkmen woleýbolçylary ýaryşa üstünlikli girişdi. Olar ilkinji duşuşygynda Maldiwleriň, ikinji duşuşygynda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Çempionat dowam edýär.
Türkmenistandan ýaş türgenler Kataryň Doha şäherinde tamamlanan 3-nji Aziýa ýaşlar tennis ýaryşynda täsirli netijeler görkezdiler. Türkmen tennisçileri 14 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar arasynda erkekler we gyzlar ýaryşlarynda ähli baýrakly orunlary eýelediler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.
Erkekleriň ýekelik bäsleşiginde 12 ýaşly Ali Geldiýew hakyky üstünlik gazandy, ilki bilen saýlama tapgyrynda Mažed Albluşi (Birleşen Arap Emirlikleri) – 6:0, 6:0 we Roland Guo (ABŞ) – 6:0, 6:1 ýeňip, soňra esasy setde bäş ýeňiş gazandy, Andrei Rakiç (Serbiýa) – 6:1, 6:1, Mithun Sendikumar (Hindistan) – 6:2, 6:7, 6:4, Salman Alyami (Saud Arabystany) – 6:2, 6:2, Emirhan Rustamow (Türkmenistan) – 6:3, 6:4 we Süleýman Hudaýberdiýew (Türkmenistan) – 6:7, 6:0, 7:5 ýeňdi.
Emirhan Rustamow üçünji orny eýeledi. Geldiýew hem Ýunus Annamyradow bilen bilelikde jübüt bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu üstünlik üçin olar dört ýeňiş gazandylar, ilki bilen Abdullah Abdullah/Faisal Alfahru (Katar) – 6:0, 6:0, soňra Dowud Baýkuziýew (Özbegistan)/Dawid Mario Stefan Radukan (Rumyniýa) – 6:3, 6:4, ýarym finalda Timur Ahmetow (Gazagystan) we Mithun Sendikumar (Hindistan) – 6:2, 6:4 ýeňip, finalda Daniýel Karwalýo Bekker (Braziliýa) we Andrei Rakiç (Serbiýa) – 6:3, 6:1 ýeňdiler.
Gyzlaryň ýekelik bäsleşiginde Türkmenistanyň birinji raketkasy Ilima Guseýnowa, finalda watandaşy Aýnur Annamyradowa garşy oýunda hiç bir geými ýitirmän birinji orny eýeledi – 6:0, 6:0. Üçünji orny ýene bir Türkmenistanly – Aýlara Kakabaýewa eýeledi.
Ilima Guseýnowa podiuma çykmak üçin Sofia Çurkina (Gazagystan) – 6:1, 6:0, Ona Kildisaite (Litwa) – 6:1, 6:0 we Näzli Hudaýkuliýewa (Türkmenistan) – 6:2, 6:1 ýeňdi.
Gyzlaryň jübüt bäsleşiginde hem türkmen türgenleri – Ilima Guseýnowa we Aýlara Kakabaýewa ýeňiş gazandylar. Ýarym finalda olar Dana Halifa (Katar) we Ona Kildisaite (Litwa) – 6:2, 6:1 ýeňip, finalda ikinji orunda seýlenen watandaşlary Aýnur Annamyradowa we Sulgun Işankuýewa garşy ýeňiş gazandylar – 6:2, 6:2.
Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirilen ýaryş, Ýewropa, Günorta Amerika we ABŞ-dan wekilleriň gatnaşmagynda 20-den gowrak ýurtdan türgenleri ýygnady."
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Uşu Sanda ýygyndy toparynyň türgenleri iki iri halkara ýaryşynda jemi 8 medal gazanyp, gowy netije görkezdiler.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň habar bermegine görä, 22-30-njy sentýabr aralygynda Bruneýiň Bandar Seri Begawan şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda 9-njy dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 4 medal gazandylar. Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 790 türgen gatnaşdy.
Ýaryşyň esasy ýeňijisi 75 kg agram derejesinde altyn medal gazanan Kerwen Muhammetöwezow boldy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan bürünç medallaryny Ahmet Muhammedow (56 kg), Eziz Muhammedow (75 kg) we Kurbanjelde Berdiýew (45 kg) goşdylar.
Türkmen ýygyndysy üçin 9-16-njy sentýabr aralygynda Makao şäherinde geçirilen uly ýaşlylaryň arasynda 10-njy Aziýa çempionaty hem üstünlikli boldy. Ýaryşa 20 ýurtdan 300 töweregi türgen gatnaşdy.
Dowran Ataýew 80 kg agram derejesinde kümüş medal gazandy. Bürünç medallary Gowher Gowşudowa (70 kg), Mähriban Agaýewa (48 kg) we Babajan Iwadullaýew (90 kg-dan ýokary) gazandylar.
Aşgabatda Türkmenistanyň Federasiýa Kubogy üçin küşt ýaryşy geçirilýär, ol tutuş ýurtdan 285 küştçini ýygnady. Bäsleşik iki kategoriýada geçirilýär: FIDE reýtingi 1700-den ýokary bolan oýunçylar üçin we bu derejä ýetmedik oýunçylar üçin. Bu ýaryş aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi onuň ýeňijileri 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda gatnaşmaga hukuk alarlar.
Ýaryş 11 tapgyrdan ybarat bolup, klassiki wagt gözegçiligi bilen geçirilýär, şeýle hem 9-10-njy oktýabrda çalt we ýyldyrym küştleri boýunça goşmaça bäsleşikler geçiriler. "A" kategoriýasynda FIDE ussady Mergen Kakabaýew we ýurduň erkekler ýygyndysynyň agzalary Amanmuhammet Hommadow we Allayar Şirliýew esasy dalaşgärler hökmünde görkezilýär. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ähli bäş agzasynyň gatnaşmagy aýratyn gyzyklanma döredýär, olar ýakynda Dünýä küşt olimpiadasynda kiçi altyn medallary gazandylar.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mýalikgulyýew küştçileriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin bäsleşiklere yzygiderli gatnaşmagyň ähmiýetini belledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurtda FIDE halkara reýtingi bilen 130 küşt ýaryşy geçirildi, bu Türkmenistanda küştüň işjeň ösýändigini görkezýär.
Federasiýa Kubogy üçin ýaryş ikinji gezek geçirilýär we ýurduň dürli sebitlerinden gatnaşyjylary özüne çekýär. Gatnaşýanlaryň ýaş aralygy 6-dan 61-e çenli bolup, bu ýaş küştçilere has tejribeli garşydaşlar bilen oýnamakda gymmatly tejribe gazanmak üçin özboluşly mümkinçilik döredýär.
Türkmen küştçileriniň halkara arenasynda gazanan üstünlikleri, şol sanda ýakynda Dünýä küşt olimpiadasynda erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň ýeňişleri, ýurtda küştüň ösüş strategiýasynyň netijeliligini tassyklaýar.
Häzirki Federasiýa Kubogy üçin ýaryş geljekki halkara bäsleşiklerine taýýarlykda möhüm tapgyr bolup, Türkmenistanda küştüň meşhurlygynyň mundan beýläk-de artmagyna ýardam edýär.
17-nji oktýabrda Malaýziýanyň paýtagtynda AFC-niň 2025-nji ýylyň aýal-gyzlar arasynda futzal boýunça Aziýa Kubogy üçin saýlama ýaryşynyň bije atyşy geçiriler. Saýlama ýaryşynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ýaryşyň final tapgyryna Aziýanyň iň gowy 12 topary gatnaşar, olar her birinde dört topardan ybarat bolan üç topara bölüner.
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!
Ýakynda biz berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady.
Bilşiňiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi. Bilşiňiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem gol çekdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär. Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmeli. Geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmeli.
Hormatly adamlar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar, möhüm Kararlar, çözgütler kabul edilýär. Şoňa görä-de, biz geljekde-de ylym ulgamyny ösdürmäge, onuň hukuk we maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmäge üns bermeli. Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet bermeli. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaly. Ylym-bilim bilen meşgullanýan edaralary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmeli.
Hormatly Prezidiumyň agzalary!
Häzirki döwürde Arkadag şäherinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berilýär. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bolsa güýçli depginde alnyp barylýar. Biz ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa önümçilikleri döretmäge möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Bu kärhananyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Biz «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaly. Şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem ony yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmeli. Şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaly.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Ony halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplaýarys. Döwletimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça-da netijeli işleri alyp barýarys.
Hormatly Prezidiumyň agzalary!
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys.
Men siziň her biriňiziň öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigiňize, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň 17 ýaşly ýaşlar ýygyndysy Türkiýede, Erzurumda geçirilen halkara ýaryşda Azerbaýjanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňdi. Ýaryşyň ikinji tapgyryndaky oýun 2-nji oktýabrda "Ýüksek Irtiýa" türgenleşik merkezinde geçirildi diýip, FFT habar berýär.
Türkiýäniň Futbol Federasiýasy tarapyndan gurnalan ýaryş bäş türk dilli ýurtdan we çagyrylan Gruziýanyň ýygyndysyndan toparlary ýygnady. Birinji tapgyrda Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri Türkiýä 0:3 hasaby bilen ýeňildi.
Bu ýaryş, 2025-nji ýylda Taýlandda 23-27-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. "D" toparynda Türkmenistanyň ýygyndysy Taýland, Hindistan we Bruneý toparlary bilen duşuşar.
Türkmen futbol kluby 'Altyn Asyr' AFK-2 Çempionlar Ligasy toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Bahreýniň 'Al-Haldiýa' toparyndan 0:1 hasabynda utuldy. Aşgabadyň 15 500 tomaşaçysynyň goldawy bilen geçirilen oýun, janköýerleri soňky minudyna çenli tolgunyşda saklady.
Oýundaky ýeke-täk gol birinji ýarymyň goşmaça dördünji minutynda uruldy. Myhmanlaryň hüjümçisi Usama Bellatreşe dogry wagtda dogry ýerde bolup, topy ýer eýeleriniň derwezesine iberdi. Türkmen toparynyň ikinji ýarymdaky ähli tagallalaryna garamazdan bu gol oýunda kesgitleýji boldy.
'Altyn Asyr' toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew oýundan soň lapykeçligini gizlemedi: 'Men pikirimçe, biz şu gün azyndan bir utuk gazanmaga mynasypdyk, ýöne bu futbol, şeýle bolýar. Biraz şowlulyk ýetmedi diýip pikir edýärin. Biz elimizden gelenini edip oýnadyk.'
'Altyn Asyr' üçin iň howply pursat 85-nji minutda ýüze çykdy, çalşyga çykan Arslan Saparow, mümkinçiligi peýdalanyp bilmedi. Hojageldiýew bu epizody şeýle düşündirdi: 'Bu ýüz göterimlik pursatdy, şeýle ýagdaýda gol urmazlyk kyn, ýöne käte şeýle bolýar.'
'Al-Haldiýa' toparynyň baş tälimçisi Ali Aşur netijeden kanagatlanma bildirdi: 'Bu biziň üçin örän möhüm oýun, ýeňiş gazanyp, üç utuk alanymyz üçin begenýäris. 'Altyn Asyr' toparyna, oýunçylaryna we tälimçisine uly hormat goýýarys. Oýun kyn boldy, esasanam birinji ýarymyň başynda. Ýöne garşylygy ýeňip, gol urmagy başardyk.'
Oýnuň iň gowy oýunçysy we ýeňiş golunyň awtory Usama Bellatreşe topar ruhuny nygtady: 'Biz öz oýnumyzy oýnamaga synanyşdyk, tälimçi bize 'Altyn Asyr' garşy nähili hereket etmelidigimizi oýundan öň düşündirdi we biz türgenleşiklerde örän yhlasly taýýarlyk gördük.'
Bu 'Altyn Asyr' üçin AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky häzirki möwsümdäki yzly-yzyna ikinji ýeňiliş. Birinji tapgyrda topar 'Eýr Fors' toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. Şowsuz başlangyja garamazdan, Hojageldiýew optimistik bolmagynda galýar: 'Diňe iki tapgyr geçdi, öňde ýene dört tapgyr bar. Biz taýýarlyk göreris, bu kubok ýaryşyny ýeňmegimiz üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar.'
Indiki tapgyrda, toparymyz 6-njy noýabrda 'Altyn Asyr' topary Saud Arabystanynyň 'Al-Taawun' toparyna garşy myhmançylykda oýnap, ýaryşda ilkinji utuklaryny gazanmaga synanyşar diýip umyt edýäris.
XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.