Habarlar
«Arkadag» futbol toparynyň kapitany Ahmet Ataýewiň Eýranyň «Gol Gohar» toparynyň derwezesine geçiren goly AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda iň gowy gollaryň biri diýlip ykrar edildi. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy Günbatar zolagynda geçirilen duşuşyklaryň iň gowy gollarynyň wideo ýygyndysyny hödürledi.
Ýygyndynyň içine Ataýewiň golundan başga-da, Abderrezak Hamdallanyň («Al-Taawun»), Bobur Abdiholikowyň («Nasaf») we Aleksandr Mitrowiçiň («Al-Raýýan») geçiren gollary hem girizildi.
«B» toparçanyň çäklerinde geçirilen duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Arkadag» stadionynda boldy. Öý eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ataýew duşuşygyň 77-nji minutynda tapawutlandy. Arzuwguly Sapargulyýewiň jerime meýdançasyna geçiren topundan soň, myhman toparyň goragçylary pökgini şowsuz ýagdaýda uzaklaşdyrdylar. Şanazar Tirkişow pökgini kapitanyna geçirdi, Ataýew bolsa jerime meýdançasynyň içinden çep aýagy bilen güýçli urgy edip, ony derwezä gönükdirdi. Duşuşyga FIFA-nyň emininiň derejesine eýe bolan Malaýziýadan Razlan Joffri Bin Aliniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi.
Bu ýeňiş Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» toparynyň toparçalaýyn tapgyrdaky ikinji ýeňşi boldy. «Arkadag» 7 utuk toplap, «B» toparçada ikinji orny eýeleýär. Toparçada 10 utuk bilen «Al-Jazira» öňdeligi eýeleýär we eýýäm 1/8 finala çykmagy kepillendirdi. Ondan soň «Al-Muharrak» (3 utuk) we «Gol Gohar» (2 utuk) toparlary gelýär. Sebitdäki ýagdaý sebäpli eýran topary öz meýdançasyndaky duşuşyklary Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirýär.
Galan tapgyrlarda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar. 1/8 finalyň oýunlary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda geçiriler.
36 ýaşly Ahmet Ataýew «Arkadag» toparynda 88-nji belgili köýnekçede çykyş edýär. Ol şu möwsümde AFK-2 Çempionlar ligasynyň dört duşuşygynyň ählisine gatnaşyp, bir gol geçirdi.
Futbol ýoluny «Talyp sporty» toparynda başlan Ataýew soňra «Aşgabat» we HTTU toparlarynda çykyş etdi. 2014-nji ýylda «Altyn Asyr» toparyna geçdi. 2017-nji ýylda Indoneziýa gidip, «Arema» we «Persela» toparlarynda oýnady. 2019-njy ýylda bolsa Malaýziýanyň «Sabah» toparynyň düzüminde çykyş etdi. 2020-nji ýyldan başlap ýene-de «Altyn Asyr» toparynda oýnan futbolçy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri «Arkadag» toparynyň düzüminde çykyş edýär.
Ahmet Ataýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirdi. Ol milli ýygyndynyň düzüminde jemi 39 duşuşykda çykyş edip, bir gol geçirdi.
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününiň dowamynda iki altyn we iki bürünç medal gazandylar. Baýraklaryň ählisi söweş sambosy boýunça gazanyldy.
Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medala mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Mümünjan Arzykulyýew dünýä çempiony boldy.
Bürünç medallary Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) we Gurbanbaý Gurbanow (50 kilograma çenli) gazandylar.
Ýubileý dünýä çempionaty 6–8-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Oňa 101 döwletden türgenler gatnaşýar. Bu bolsa Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda rekord görkezijidir.
Ýaryşyň açylyş dabarasyna FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow gatnaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda sambonyň ilçileri Fýodor Ýemelýanenko we Yslam Mahaçew hem bar.
Federasiýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň maksatnamasyna kör zenanlaryň arasynda sambo boýunça ýaryşlar hem girizildi. Ýaryşlar 8-nji noýabrda tamamlanýar.
7–8-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde «Samarkand Marathon» atly halkara marafon ýaryşy geçiriler. Ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bolar. Ýurdumyzdan «Tm Run Club» ylgawçylar jemgyýetiniň 11 agzasy bu marafon ýaryşyna gatnaşar.
Türkmen türgenleri 5 km, 10 km we 21,1 km aralyklara ylgamakda güýç synanyşarlar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl 42,2 km aralyga dürli ýurtlardan gelen ussat türgenler, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna gatnaşan türgenler hem çykarlar.
2025-nji ýylda geçirilen «Samarkand Marathon» marafon ýaryşyna 53 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşdy. 2026-njy ýylyň marafonyna bolsa häzirki wagta çenli 72 ýurtdan ylgawçylar hasaba alyndy.
Ýaryşyň badalga we pellehana nokatlary Registan meýdançasynda ýerleşer. Marafonyň belli bir ugry bolsa Samarkandyň taryhy merkezinden geçer.
23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi.
Ýaryşlar küşt oýnunyň üç görnüşi — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirildi. Oňa geljegi uly ýaş türgenler, tejribeli ussatlar hem-de küşt sportunyň weteranlary gatnaşdylar.
Kubogyň esasy gahrymanlarynyň biri Amanmuhammet Hommadow bolup, ol «A» toparçasynda nusgawy küşt we rapid görnüşleri boýunça birbada iki ugurda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär. Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda ol mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplap, ýokary taýýarlygyny we durnukly oýun ussatlygyny görkezdi.
Ikinji orny Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew 8,5 utuk bilen eýeledi. Üçünji orny bolsa 8,5 utuk toplan Ilhan Çaryýew gazandy.
«STANDARD-B» toparçasynda nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda 10 utuk toplan Täçmyrat Serdarow ýeňiji boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Emine Tokgaýewa eýeledi.
«RAPID-A» toparçasynda Amanmuhammet Hommadow 9 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ondan soňky orunlary 8,5 utuk bilen Orazaly Şyhalyýew we 8 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýelediler.
«RAPID-B» toparçasynda hem Täçmyrat Serdarow tapawutlanyp, 10 utuk bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Nurmuhammet Azymow eýeledi.
«BLITZ-A» toparçasynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew 9,5 utuk toplap, ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Leýla Şöhradowa, üçünji orny bolsa 8,5 utuk bilen Ahmet Gubataýew eýeledi.
«BLITZ-B» toparçasynda 10 utuk toplan Aýnur Batyrowa birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Nurmuhammet Azymow, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Azat Rejepow eýeledi.
Esasy ýaryş toparlaryndan başga-da, guramaçylar ilkinji gezek weteran küştçüler üçin aýratyn ýaş toparlaryny döretdiler. Bu täzelik ýaryşyň gerimini giňeltmek we dürli ýaşdaky gatnaşyjylary has giňden gurşap almak üçin möhüm ädim boldy.
65 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda halkara derejeli ussat, Türkmenistanyň çempiony we ýurduň iň güýçli küştçileriniň biri Karen Grigorýan 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orny 5 utuk bilen Mämmetanna Halymow, üçünji orny hem 5 utuk bilen Myrat Ýakubow eýelediler.
50 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda bolsa Akmeret Kakalyýew 4,5 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Gaýgysyz Tagyýew hem 4,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Üçünji orna 4 utuk toplan Kamil Romanow mynasyp boldy.
Aşgabatdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan on dört çapyşygyň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gyrmyzy atly at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji çapyşykda Hanjar diýen dor at ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda Dagbürgüt atly mele at öňdeligi saklady. Dördünji çapyşykda-da çekeleşikli pursatlar ýeterlik bolup, Gaýraly diýen bedew ýeňiş gazandy. Bäşinji çapyşykda mele gysrak Altynaý ýokary netije görkezdi.
Altynjy çapyşykda Akmelek öňe saýlandy. Ýedinji çapyşygyň ilkinji ornuny Akbedew eýeledi. Bedewlerden we olaryň çapyksuwarlaryndan ýokary ussatlygy talap eden sekizinji çapyşyk Maslahat diýen akýal mele atyň ýeňşi bilen tamamlandy. 2 müň metr aralyk boýunça ula giden dokuzynjy çapyşygyň netijeleri boýunça Älemgoşar atly dor gysrak öňe saýlandy. Onunjy çapyşykda Aýýyldyz ýyndamlygyny görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdi. On birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kiçimergen ýeňiş gazandy. Çapyşyklaryň on ikinjisinde Akpataly atly mele at ýeňşini baýram etdi. On üçünji çapyşykda Ýangyn atly dor at öňe saýlandy. Jemleýji çapyşyk Gutlynyň üstünligi bilen tamamlandy.
Balkan atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Oňa welaýatyň çar künjünden gelen atlar gatnaşdyryldy. Birinji tapgyrda ikiýaşar atlar 1 müň 200 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Ýeňiş Gülparça diýen bedewiň tarapynda boldy. Ikinji çapyşykda Serpaý atly dor at birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşyp, Ýürekdeş diýen dor at pellehana ilkinji geldi. Dördünji çapyşykda Gujurly II atly bedew üstün çykdy. Jemleýji çapyşyga dört we ondan hem uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda Garabezirgen pellehanadan birinji bolup geçdi.
Lebap atçylyk sport toplumynda geçen çapyşyklarda-da ýyndam bedewler öňe saýlandy. Ilkinji çapyşykda Gülälek ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda Gubadag atly mele at ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda Ýaran ýeňşini baýram etdi. Garaşsyz diýen bedew dördünji çapyşykda öňdäki orny elden bermedi. Jemleýji çapyşykda Saýadym atly gyr at ýeňiş gazandy.
Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyk myhmanlara şatlyk-şowhun paýlap, oňa ýyndam bedewleriň 40-a golaýy gatnaşdyryldy. Juda çekeleşikli geçen bäş çapyşykda ezber çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. At çapyşygynyň bäşinji tapgyrynda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 800 metr aralyga goýberildi. Aman Sapargeldiýewiň Arzuwym atly hojalyk aty pellehana ilkinji bolup geldi. Belli atşynas Wepa Ýagşybaýewiň seýislän, çapyksuwar Kerimberdi Pollaýewiň ezberlik bilen çapan ýyndam bedewi bu aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, at çapyşygyň şu tapgyrynyň ýeňijisi boldy.
Mary atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Olaryň birinjisinde Gubadag pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda Ş.Meredowyň hojalygyna degişli Pendiguş atly gara bedew ýeňiş gazandy. Täsirli geçen üçünji çapyşykda Keýmir diýen at pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Garajaoglan öňdeligi elden bermän, ýeňşini baýram etdi. Jemleýji — bäşinji tapgyrda R.Läliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at beýleki bedewlerden tapawutly çapdy we ýeňiji boldy.
Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde guralan çapyşyklarda baýrakly orunlary eýelän atlara serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň türgeni Dawut Nazmyradow «Moskwa – Karate älemi 2026» atly halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Karate-do federasiýasyna salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Ýaryş Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde geçirildi. Moskwanyň Sport departamenti we Russiýanyň Karate federasiýasy bu ýaryşyň bilelikdäki guramaçylary bolup çykyş etdi. Halkara ýaryşyna 46 ýurtdan 348 türgen gatnaşdy. Olaryň hatarynda Olimpiýa oýunlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri, dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem bar.
Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussadyna dalaşgär 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Toparlaýyn tapgyrda Dawut Nazmyradow Yrakly Said Braýar bilen geçirilen tutluşygy 5:5 hasabynda deňlikde tamamlady. Soňra ol Russiýanyň wekili Iwan Sokolowy 4:0, Serbiýanyň wekili Nikola Kaplarewiçi bolsa 2:0 hasabynda ýeňdi. 1/8 final tapgyrynda türkmen türgeni eýranly Morteza Nematiden 1:2 hasabynda ýeňildi we teselli beriji ýaryşda göreşini dowam etdirdi. Bu tapgyrda ol russiýaly Dmitriý Solomkony 3:0 hasabynda ýeňdi. Bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa Özbegistanyň wekili Mamaýusuf Mukimjonowy 3:1 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Dawut Nazmyradow ilkinji gezek 2022-nji ýylda özüni tanatdy. Şonda ol 18–24 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem Berlinde geçirilen «Banzai International Cup» halkara ýaryşynda we Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda medallara mynasyp boldy. 2024-nji ýylda ol Manilada geçirilen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň ýaşlar çempionatynda we Hançžou şäherinde geçirilen ulularyň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy. Mundan başga-da, Ürgençde geçirilen «Uzbekistan Open» halkara ýaryşynyň we Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şu ýylyň güýzünde karateçi Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu medal Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şol ýaryşda gazanan iki kümüş medalynyň biri boldy.
Türgen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
«Moskwa – Karate älemi» halkara ýaryşy şu ýyl bäşinji gezek geçirildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle ýokary derejeli ýaryşlar halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, tejribeli we ýaş türgenlere bolsa güýçli bäsdeşlik şertlerinde gymmatly ýaryş tejribesini toplamaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen Eýranyň «Gol Gohar» topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi. Eýranyň kluby bu ýaryşdaky öz meýdançasynda kabul etmeli duşuşyklaryny şol şäherde geçirýär.
Duşuşykda toparlaryň hiç biri-de hasaby açmagy başarmady. Birinji ýarymda «Arkadag» has howply hüjümleri gurady. 27-nji minutda goragçy Arzuwguly Sapargulyýew 25 metr aralykdan çep aýagy bilen güýçli urgy geçirdi, emma «Gol Goharyň» derwezeçisi Farzin Garusian topy gaýtarmagy başardy. Dört minutdan soň Sapargulyýew ýene bir gezek derwezä urgy geçirdi, ýöne top derwezäniň ýokarysyndan geçdi.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda türkmen toparynyň hasaby açmak üçin birnäçe amatly pursat boldy. 71-nji minutda Meýlis Diniýew jerime urgusyndan soň kelle bilen topy derwezä gönükdirdi, emma top derwezäniň ýokarysyndan geçdi. Az salymdan Rahman Myratberdiýew ýakyn aralykdan urgy geçirdi, ýöne Garusian derwezäniň çyzygynda topy saklady.
Üç tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» dört utuk toplady, «Gol Goharyň» hasabynda bolsa iki utuk bar. Toparlaryň jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Soňra türkmen kluby 25-nji noýabrda myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen duşuşar.
Ýaryşyň 1/8 final tapgyryna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki topar çykar.
Azerbaýjanda geçirilýän Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) 15 ýaşa çenli futbolçylaryň arasyndaky dünýä çempionatynda we futbol festiwalynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy D torunyň 1/16 final tapgyrynda Kanadanyň ýygyndysyndan ýeňildi. Gowsan şäherinde geçirilen duşuşyk kanadalylaryň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Toparçalaýyn tapgyrda türkmen futbolçylary bäş duşuşyk geçirdiler. Olar Gonkongyň (2:1) we Kuk adalarynyň (3:1) ýygyndylaryny ýeňdiler, emma Italiýanyň (1:5), Kataryň (0:4) we Beniniň (1:4) ýygyndylaryndan asgyn geldiler. Türkmenistanyň ýygyndysy L toparynda dördünji orny eýeläp, 97–128-nji orunlar ugrunda göreşilýän D toruna düşdi.
Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňlen toparlar ýaryşdan çykarylmaýar, eýsem, özleri ýaly ýeňlişe sezewar bolan garşydaşlary bilen duşuşyklaryny dowam etdirýärler. A–F aralygyndaky alty toruň her birinde ýeňiji bolan toparlar öz diwizionlarynyň ýeňijileri diýlip yglan ediler. Ýaryşyň umumy çempiony bolsa A torunda iň gowy netije görkezen topar bolar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň indiki garşydaşy Siriýanyň ýygyndysy bolar. Siriýalylar 1/16 final tapgyrynda Andorradan 1:2 hasabynda ýeňildiler.
Ýaryşyň duşuşyklary kiçeldilen ölçegdäki meýdançalarda 8×8 görnüşinde geçirilýär. Toparlar her biri 20 minut dowam edýän iki taým oýnaýarlar. Her bir ýygyndy ýaryşyň dowamynda azyndan 10 duşuşyk geçirer. Bäsleşik 31-nji oktýabrda tamamlanar.
Türkmenistana wekilçilik edýän «Ahal» futbol kluby 2026/27-nji möwsümdäki AFK-nyň Çagyryş ligasynda toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmän, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady. Türkmenistanyň wise-çempiony üç duşuşykda dört utuk toplap, Günbatar zolagynyň «A» toparçasynda üçünji orny eýeledi.
Türkmen kluby ýaryşy Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň oýnamak bilen (2:2) başlady. Ikinji tapgyrda Eziz Annammuhammedowyň tälim berýän topary Siriýanyň «Al-Ittihad» klubyndan uly hasap bilen ýeňildi (1:5). Jemleýji duşuşykda bolsa Liwanyň «Al-Ansar» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, toparçanyň liderine ýaryşdaky ilkinji gezek ýeňilmeklige sezewar etdi. Ýeňiş gazanylan duşuşykda Begenç Mämiýew we Ýakupmuhammet Gowşudow tapawutlandylar.
Üç tapgyryň netijeleri boýunça «Al-Ansar» bilen «Al-Ittihad» toparlarynyň hersi alty utuk toplady, «Paro» toparynyň hasabynda bolsa bir utuk bar. Günbatar zolagyndan çärýek finala toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orny eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen klub çykýar. Şonuň üçin üçünji orny eýelän «Ahal» ýaryşdaky göreşini dowam etdirip bilmedi.
«Ahaldan» başga-da Merkezi Aziýanyň ýene dört kluby ýaryşa gatnaşdy, emma olaryň hiç biri çärýek finala çykyp bilmedi. Gyrgyzystanyň «Dordoý» we «Muras Ýunaýted» toparlary saýlama tapgyrynda ýaryşdan çykdylar. «Dordoý» Siriýanyň «Homs Al-Fida» toparyndan penalti urgulary boýunça ýeňildi, «Muras Ýunaýted» bolsa Bangladeşiň «Fortis» klubundan 0:1 hasabynda asgyn geldi.
Täjigistanyň «Istiklol» we «Regar-TadAZ» toparlary toparçalaýyn tapgyry üç utuk bilen tamamladylar. «Istiklol» «Homs Al-Fida» toparyndan 0:2 hasabynda ýeňildi, «Regar-TadAZ» bolsa «Fortis» toparyndan 1:3 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, «Ahal» sebit klublarynyň arasynda iň köp gol geçiren topar boldy.
AFK-nyň Çagyryş ligasy Aziýanyň klub futbolyndaky ähmiýeti boýunça AFK-nyň Elita Çempionlar ligasyndan we AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşyndan soň üçünji orunda durýar. Bu ýaryş futboly ösüp barýan ýurtlaryň futbol birleşiklerine wekilçilik edýän klublar üçin döredildi.
Ýaryşyň 2024/25-nji möwsümdäki ilkinji çempiony «Arkadag» kluby boldy. Ol Pnompen şäherinde geçirilen finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swai Rieng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňdi. 2025/26-njy möwsümde bolsa kubogy Kuweýtiň «Al-Kuweýt» kluby gazandy. Häzirki möwsümiň final duşuşygyny 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýaryşa gatnaşjak türgenleriň sanawyna 10 türgen girizildi.
Milli ýygyndynyň düzümi.
Zenanlar:
-
Anamjan Rustamowa (86 kilograma çenli)
-
Gülälek Kakamyradowa (77 kilograma çenli)
-
Medine Amanowa (69 kilograma çenli)
-
Şabnam Kerimbaýewa (57 kilograma çenli)
-
Ogulşat Amanowa (53 kilograma çenli)
Erkekler:
-
Şahzadbek Mätýakubow (110 kilograma çenli)
-
Rüstem Annaberdiýew (95 kilograma çenli)
-
Gaýgysyz Töräýew (85 kilograma çenli)
-
Didarbek Jumabaýew (75 kilograma çenli)
-
Bektimur Reýimow (75 kilograma çenli)
Ninbo şäherinde geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty agram derejeleriniň ulgamyna girizilen üýtgetmelerden soň geçirilýän ilkinji dünýä çempionaty bolar. Ýaryşda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesi boýunça jemi 16 toplum medal ugrunda göreşiler. Bu ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy bolup hyzmat eder. Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ikinji gezek kabul edýär. Hytaý bu ýaryşy ilkinji gezek 1995-nji ýylda geçiripdi.
Türkmen kluby «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji tapgyrynyň duşuşygynda Liwanyň «Al-Ansar» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşda ony ilkinji gezek ýeňdi. Duşuşyk Butanyň Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde Begenç Mämiýew (45-nji minutda) we Ýakupmuhammet Gowşudow (77-nji minutda) tapawutlandylar. Liwanyň toparynyň ýeke-täk goluny bolsa Majed Osman (63-nji minutda) geçirdi.
Ondan öň «Ahal» Butanyň «Paro» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy, ikinji tapgyrda bolsa Siriýanyň «Al-Ittihad» toparyndan 1:5 hasabynda asgyn gelipdi. Üç duşuşykdan soň türkmen klubynyň hasabynda dört utuk bar. «Ahal» «A» toparçada ikinji orunda barýar. «Al-Ansar» alty utuk bilen toparçanyň lideri bolmagynda galýar. «Al-Ittihad» iki duşuşykdan soň üç utuk toplady, «Paro» toparynyň bolsa bir utugy bar.
Çärýek finala sekiz topar çykar. Günbatar zolagyndan toparçalaryň üçüsiniň ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. «Ahal» kluby toparçanyň birinji ornuny eýeläp bilmejekdigi sebäpli, onuň çärýek finala çykmak mümkinçiligi «Paro» bilen «Al-Ittihad» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň netijesine hem-de Günbatar zolagynyň beýleki toparçalaryndaky netijelere bagly bolup durýar.
Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «IHF Nations Trophy — 2026» halkara ýaryşynda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Halkara Gandbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň zenanlar ýygyndylary gatnaşdylar. Aziýanyň üçünji zolagynyň ýurtlaryny birleşdiren ýaryşda toparlar aýlaw usulynda güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşygyň üçüsini ýeňiş bilen tamamlap, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Türkmenistanly gandbolçylar ilkinji duşuşykda Pakistanyň ýygyndysyny 38:19 hasabynda ýeňdiler. Ikinji duşuşykda bolsa gyrgyzystanly gandbolçylardan 47:18 hasabynda üstün çykdylar. Üçünji duşuşykda Täjigistanyň ýygyndysyny 40:14 hasabynda utdy. Şeýlelikde, türkmen gandbolçylary ilkinji üç duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesinden 125 pökgi geçirdiler.
Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşykda 141 pökgi geçirip, öz derwezesine 72 pökgi goýberdi. Şeýlelikde, pökgüleriň tapawudy 69-a deň boldy. Dört ýeňiş gazanan Özbegistan birinji, iki ýeňişli Pakistan üçünji orny eýeledi.