Habarlar

«Bawariýa» derwezeçisi Manuel Noýer gapyrgasynyň döwülmeginden soň topar bilen tälimlere gaýdyp geldi, diýip nemes klubunyň resmi web sahypasy habar berýär.
Noýer 3-nji dekabrdan bäri meýdana çykmady, Germaniýa kubogynda «Baýer» bilen bolan oýunda karýerasynda ilkinji gezek gyzyl kart aldy. Oýnuň 17-nji minutynda ol Lewerkuzeniň oýunçysy Jeremi Frimpong bilen çaknyşdy we gyzyl kart aldy. Şonda «Bawariýanyň» baş tälimçisi Wenan Kompani Noýeriň ýylyň ahyryna çenli meýdana çykmajakdygyny aýtdy.
«Bawariýa» Bundesligadaky ýakyn oýnuny 11-nji ýanwarda myhmançylykda Menhengladbahyň «Borussiýasy» bilen geçirer, 6-njy ýanwarda bolsa Awstriýanyň «Zalsburgy» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny oýnar.
Manuel Noýer 2011-nji ýyldan bäri «Bawariýa» üçin çykyş edýär we bu döwürde 11 gezek Bundesliganyň çempiony boldy, iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, bäş kubok we alty Germaniýa Superkubogyny, iki UEFA Superkubogyny we iki klub dünýä çempionatyny gazandy.

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby ýanwar aýynda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Wladimir Baýramowyň şägirtleri okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Gazagystanyň Gyzylorda şäheriniň «Kaýsar» kluby bilen güýç synanyşarlar.
Gazak klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «Arkadag» topary bilen «Kaýsaryň» arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygyny 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy «Arkadag» topary üçin Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümine hem-de AFK-nyň Çagyryş ligasynyň pleý-off tapgyryna taýýarlyk bolup hyzmat eder. Türkmenistanyň çempiony mart aýynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynda Hindistanyň «Ist Bengal» topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň milli gylyçlaşma ýygyndysy 2025-nji ýylyň fewral aýynda Kuweýtde geçiriljek ýetginjekler (U17) we ýaşlar (U21) arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşar.
Türkmenistanyň Gylyçlaşma boýunça federasiýasynyň başlygy Mered Meredowyň aýtmagyna görä, halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, ýanwar aýynyň ortalarynda Aşgabatda bu ýaş toparlary boýunça milli birinjilik geçiriler.
Ýaryşyň netijeleri ýurduň ýygyndy toparynyň yklym çempionatyna gatnaşjak ahyrky düzümini kesgitlemekde möhüm bolar.

Wladimir Baýramow 2024 möwsüminiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
Geçen möwsümde hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky "Arkadag" futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň, ýurduň Kubogynyň we Superkubogynyň ýeňijisi boldy.
Baýramow 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri "Arkadag" toparyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar iki gezek yzly-yzyna Türkmenistanyň çempiony boldy, iki gezek kubokda ýeňiş gazandy we bir gezek Superkubogy gazandy.

Ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (20 ýaşa çenli) arasynda Doha şäherinde (Katar) geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 28 medal: 11 altyn, 8 kümüş we 9 bürünç medal gazandy. Ýaryşa 20 ýurtdan 237 türgen gatnaşdy, türkmen ýygyndysynyň düzüminde medallary 10 ştangaçy gazanmagy başardy.
Medallaryň iň köp sanlysyny Ogulşat Amanowa (49 kg çenli) gazandy, ol iki ýaş derejesinde - gyzlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda çykyş etdi. Ol alty medal: silkip götermekde (79 kg) iki altyn medal we itekläp götermekde (97 kg) hem-de iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (176 kg) dört kümüş medal gazandy.
Ýetginjekleriň arasynda Şahzadbek Mätýakubow (102 kg çenli) üç gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy, ol silkip götermekde (177 kg), itekläp götermekde (219 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (396 kg) altyn medal gazandy. Itekläp götermekde we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça ol ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy.
Anamjan Rustamowa (87 kg çenli) ýetginjek gyzlaryň arasynda üç altyn medal gazandy: silkip götermekde (135 kg), itekläp götermekde (103 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (238 kg).
Gülälek Kakamyradowa (64 kg çenli) ýetginjek gyzlaryň bäsleşip, silkip götermekde (92 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (202 kg) netije görkezip, iki altyn medal gazandy, şeýle hem itekläp götermekde (110 kg) ol bürünç gazanmagy başardy.
Süleýman Japarow (102 kg çenli) ýetginjekleriň arasynda silkip götermekde (150 kg) altyn medal we itekläp götermekde (176 kg) hem-de iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (326 kg) iki kümüş medal gazandy.
Yslam Akmyradow (89 kg çenli) ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda silkip götermekde (133 kg), itekläp götermekde (163 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (296 kg) netije görkezip, üç bürünç medal gazandy.
Didarbek Jumabaýew (73 kg çenli) üç medal: ýaşlaryň arasynda itekläp götermekde (171 kg) kümüş medal we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (298 kg) bürünç medal, şeýle hem ýetginjekleriň arasynda ugurdaş hasabynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy.
Medina Amanowa (64 kg çenli) 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (201 kg) kümüş medal we silkip götermekde (92 kg) bürünç medal gazandy.
Maýagözel Hürmenowa (59 kg çenli) ýetginjek gyzlaryň arasynda silkip götermekde (73 kg) bürünç medal gazandy.
Babur Amangeldiýew (67 kg çenli) ýaşlaryň arasynda silkip götermekde (128 kg) bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 25-nji dekabr güni Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti “Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Bu iri toplum ýaryşlary we türgenleşikleri, şeýle hem dürli derejeli çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdança bolup durýar. Onuň düzümindäki Buzly köşk buzly meýdançany, maslahatlar zalyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.
Buzly köşgüň eýwanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Soňra Buzly köşgüň Olimpiýa zalynda GDA-nyň resmi däl sammiti geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijilerini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary bellenildi.
Prezident Wladimir Putin GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem ol GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanly türgen Süleýman Hudaýberdiýew Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda altyn we kümüş medallaryň eýesi boldy.
Ýaryşa 13 ýurtdan 36 türgen gatnaşdy. Jübüt ýaryşynda türkmen tennisçisi Pakistanly Muhammet Hassan Usmani bilen bilelikde altyn medal gazandy. Şahsy ýaryşda Hudaýberdiýew kümüş medaly hem gazandy.
Sylag gowşurylyş dabarasynda medallary Süleýman Hudaýberdiýewe häzirki zaman tennisiniň iň beýik türgenlerinden biri bolan Rafael Nadal gowşurdy.
Türkmenistandan gelen ýaş türgen üçin ussat tennisçiniň elinden sylag almak aýratyn ýatda galyjy pursat boldy.

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gülälek Kakamyradowa Doha (Katar) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda 64 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňiş gazandy we Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.
Türkmenistanly türgen ştangany silterläp galdyrmakda 92 kg, itip galdyrmakda bolsa 110 kg agramy göterip, jemi 202 kg netije görkezmegi başardy. Ikinji orny onuň watandaşy Medine Amanowa – 201 kg – (92+109), üçünji orny Hytaý Taýbeýiniň türgeni Li En-Ýun – 200 kg – (89+111) eýeledi.

Türkmenistanly agyr atletikaçy Şahzadbek Mätýakubow Doha (Katar) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy.
Matýäkubow 102 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňiji boldy. Ol itekläp galdyrmakda (219 kg) we jemi iki görnüşli ýaryşda 396 kg (177+219) netije görkezip, ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy.
Eýranly türgenler: Alireza Nasiri – 389 kg (171+218) we Abolfazl Zare – 366 kg (172+194) netije görkezip, degişlilikde ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurduň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurduň Kubogy bilen ýetirdi. Bu topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Topara ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Begenç Akmämmedow geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen final duşuşygynda bu topar «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
«Ahal» toparynyň ýurduň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalynda sekizinji gezek çykyş edendigi bellärliklidir. Topar mundan öňki geçiren final duşuşyklarynyň dördüsini öz peýdasyna tamamlamagy başardy.
Şu ýyl ilkinji gezek halkara ýaryşa gatnaşýan «Arkadag» toparynyň ýurtda geçirilýän bäsleşiklerdäki ýeňişli ýolunyň halkara giňişlikde hem dowam edýändigini bellemek gerek. Toparçalaýyn bäsleşigi merkezleşdirilen görnüşinde Kuweýtde geçirilen AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynda çykyş eden topar Maldiw adalarynyň «Maziýa Sports», Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» hem-de ýerli «Al-Arabi» toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli çykyş edip, çärýek finala çykmagy başardy. «Arkadag» toparynyň ýarym finala barýan ýoldaky garşydaşy Hindistanyň «Ist Bengal» topary bolar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyklaryň 2025-nji ýylyň 5-nji hem-de 12-nji martynda geçirilmegine garaşylýar.

Ispaniýada 22-nji dekabrda La Liga-nyň 18-nji tapgyrynda «Real» topary öz meýdanynda «Sewilýa» toparyny 4:2 hasaby bilen ýeňdi.
Madrid toparyndan hüjümçiler Kilian Mbappe, Rodrigo we Braim Dias, şeýle hem ýarymgoragçy Federiko Walwerde toplary derwezä geçirdiler.
Mundan başga-da, Rodrigo we Mbappe netijeli pas bermek bilen bellendiler: ilki braziýaly hüjümçi fransuz hüjümçä, soňra ol netijeli pasyny Diasa berdi.
Myhmanlaryň düzüminde hüjümçiler Isaak Romero we Dodi Lukebakio gol geçirdi.

Türkmen topary Özbegistanyň Taşkent şäherinde geçirilen Global Skating Academy Trophy halkara buzda figuralaýyn typmak boýunça bäsleşiginde iki kümüş we bir bürünç medal gazanyp uly üstünlik gazandy.
Bäsleşikde Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Özbegistan ýaly alty ýurtdan 220 türgen çykyş etdi.
Tejiribeli tälimçiler Abat Muhammetniýazowanyň we Ilina Karimowanyň ýolbaşçylyk etmeginde, Aýnur Berdyýewa we Rahman Hojamkuliýew kümüş medal gazandylar, bürünç medal bolsa Hanna Sähedowa gazandy.
Biziň türgenlerimizi üstünlikli çykyşlary bilen gutlaýarys!