Habarlar
Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Gadyrly ýaşlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly beýik ösüşlerini, dünýädäki belent şan-şöhratyny, agzybir halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny joşgunly wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde siziň uly üstünlikleri gazanjakdygyňyza ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirýär, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalarda, senagat-önümçilik toplumlarynda täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilip, olara sanly ulgamyň, kämil innowasiýalaryň, dünýä tejribesiniň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler täze taryhy döwürde üstünlikli dowam etdirilip, Diýarymyz tanalmaz derejede özgerýär.
Gadyrly ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlary!
Häzirki döwürde biz medeniýet ulgamynyň dünýä derejesindäki ösüşlere eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, ilatymyzyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýetiň kämilligi döwletiň ruhy sütünidir.
Şöhratly ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren medeni gymmatlyklary, milli mirasy, sungaty we edebiýaty Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Merdana pederlerimiz nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde sungatyň synmaz güýjüne aýratyn ähmiýet beripdirler. Milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazlarymyz ynsan kalbynda ýagşylyklary, Watana söýgini kemala getirmegiň özboluşly mekdebine öwrülipdir. Häzirki döwürde türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris.
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, dutarçy bagşy-sazandalaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsini, höwesini artdyrmaga, zehin-ukyplaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti has-da artýar. Söz ussadynyň baý döredijilik mirasy, çuňňur many-mazmunly goşgulary zehinli ýaşlarymyzy aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar.
Mähriban aýdymçy ýaşlar!
Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Rejep Rejebow, Rejep Allaýarow ýaly meşhur kompozitorlarymyzyň döreden eserleri häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant boldy. Türkmen halkynyň milliligini, ruhy dünýäsini, mukaddes topragymyzyň kerem-keramatyny, tebigatymyzyň gözelliklerini açyp görkezýän aýdym-sazlar halkyň kalbynda baky orun aldy. Bu gün ajaýyp döwrümizde höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary hem, meşhur kompozitorlarymyzyň döredijilik mekdebi ýaly, kämilligi we milliligi bilen ýürekleri joşdurmalydyr. Biz höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň her biriniň geljekde halkyň kalbyna ornaýan, göwünlere ganat bekledýän aýdymlary has-da joşgunly ýerine ýetirjekdiklerine, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirjekdiklerine berk ynanýarys.
Ýaş aýdymçy ýigitler we gyzlar!
Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tutumly toýlarymyzyň bezegine öwrülýän kämil aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde size mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) Türkmenistanyň futbol klublarynyň ygtyýarnama almak işine üýtgetmeleri girizdi we olaryň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny has ýeňilleşdirdi. 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminden başlap Türkmenistanyň Ýokary ligasynda oýnamaklyga ygtyýarnama alan klublar her bir topar goşmaça ygtyýarnama almazdan, AFK-nyň Çagyryş ligasyna hem gatnaşyp biler – diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz saýtynda habar berýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1-nji oktýabrdan başlap Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda 2025-nji ýylyň möwsüminde hem-de AFK-nyň 2025/26-njy ýyllaryň möwsümindäki ýaryşlarda çykyş etmäge ygtyýarnama berlip başlanandygyny mälim etdi.
Emma Çempionlaryň Saýlama ligasy we AFK-2 Çempionlar ligasy ýaly (ACL Elite we ACL Two) has ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşmak üçin klublar ozalky ýaly aýratyn ygtyýarnama almaly bolarlar.
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Lissabonda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines bilen duşuşdy. Duşuşykda tälimçiler häzirki zaman futbolynyň möhüm meselelerini we tälimçilik hünäriniň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Orazowyň Portugaliýa sapary Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň, AFK we UEFA guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Saparyň maksady Ýewropanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan biriniň türgenleşik işlerini alyp barşyny bilen tanyşmakdyr. Türkmen tälimçisiniň tejribe alyşmak sapary 10-njy sentýabra çenli dowam eder.
Ýakynda Mergen Orazow Portugaliýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Milletler ligasynyň oýnuna gatnaşdy, bu duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Bu oýun Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştian Ronaldunyň tutuş futbol karýerasynda derwezä geçiren 900-nji goly bilen taryhy duşuşyk boldy.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip başlan Roberto Martinesiň baý tälimçilik tejribesi bar. Onuň baştutanlygynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda çärýek finala çykmagy başardy. Martines ozal Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen işleşip, 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýeläpdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi üçin 2027-nji ýylda Aziýanyň kubogy ugrundaky aýgytlaýjy saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda geçirilen bu tejribelik aýratyn ähmiýete eýedir. Üçünji saýlama tapgyrynyň bije atyşlygy 19-njy dekabrda geçiriler, hut şonda ýaryşyň final tapgyryna çykmak ugrunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary belli bolar.
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Portugaliýanyň baş tälimçisi Robert Martinez bilen iş tejribeligini geçmek üçin Lissabona geldi. Ozal habar berlişi ýaly, bu mümkinçilik TFF, AFK we UEFA guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesidir.
Orazow Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşigine gatnaşar, tälimçiler topary bilen söhbetdeş bolar we geljekki iki oýna görülýän taýýarlyk işlerine syn etmäge mümkinçilik alar. Ol eýýäm Martinez bilen duşuşdy we milli ýygyndynyň türgenleşigine gatnaşdy.
Portugaliýa 5-nji sentýabrda UEFA Milletler ligasynyň ilkinji tapgyryny Horwatiýanyň ýygyndysy bilen oýnamak bilen başlaýar. Orazowyň iş tejribeligi Lissabonda 10-njy sentýabra çenli dowam eder we portugaliýalylaryň Şotlandiýanyň ýygyndysyny kabul etjek Milletler ligasynyň ikinji tapgyrynyň oýnuna gatnaşmaga hem ýetişer.
36 ýaşly Mergen Orazowyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny taýýarlajakdygyny bellemelidiris. Saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary şu ýylyň güýzünde geçiriljek bije atmagyň netijelerine görä belli bolar, saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynyň duşuşyklaryna bolsa 2025-nji ýylyň ýazynda badalga berler.
«Altyn asyr» futbol klubynyň hüjümçisi Röwşengeldi Halmämmedow awgust aýynda Türkmenistanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýen ada eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) resmi saýty habar berdi.
Halmämmedow bu ada hakykatdan hem doly mynasyp boldy, geçen aý onuň toparynyň geçiren dört oýnunda ol 5 gol geçirmegi başarypdy. Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda ol Merwiň garşysyna iki pökgi geçirdi, şeýle hem Türkmenistanyň kubogynyň birinji çärýek final oýnunda şol toparyň derwezesine iki gol salyp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky oýunlarda iki pökgi geçiren ýeke-täk oýunçy boldy.
Röwşengeldi awgust aýynda Ýokary liganyň 20-nji tapgyrynda Arkadag toparyna garşy oýunda bäşinji pökgini tora girizdi. Şeýlelik bilen, tomus arakesmesinden soň şu möwsümdäki sekiz pökgüsiniň ýarysyny tora girizdi we möwsümiň iň ökde 5 oýunçysynyň hataryna girdi.
Aýyň iň gowy futbolçysynyň yglan edilmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlangyçlaryndan biridir. Bu däp her aýyň ahyrynda dowam etdiriler. Röwşengeldi Halmämmedow «Aýyň iň gowy futbolçysy» diýen ady alan ilkinji oýunçy hökmünde türkmen futbolynyň taryhyna girdi.
Gonkongyň futbol boýunça Premýer-ligasynyň birinji tapgyrynda «Kitçi» topary myhmançylykda «Nort Distrikt» bilen duşuşyp, 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.
«Kitçiniň» düzüminde goly özbek hüjümçisi Şerzod Temirow (22-nji minutda) we braziliýaly Žuninýo (70-nji minutda) geçirdi. «Nort Distriktiň» toparynda bolsa braziliýaly Kendi (85-nji minutda) we Çulapa (90-njy minutda) derwezeden pökgi geçirmegi başardy.
«Kiçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow duşuşygyň başlangyç düzümde oýna çykyp, tutuş oýunda çykyş etdi, emma şuňa garamazdan täsirli netijeler bilen tapawutlanyp bilmedi.
7-nji awgustda Ruslan Mingazow «Kitçiniň» düzüminde Atletiko Madrid bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy.
14-nji sentýabrda geçiriljek indiki tapgyrda «Kitçi» öz meýdançasynda «Sautern Distrikti» kabul eder.
Türkmen türgenleriniň dördüsi BAE-niň Al-Aýn şäherinde boks boýunça ýetginjekleriň, mekdep okuwçylarynyň we okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda çärýek finala çykdy.
Bäsleşige 26 ýurtdan jemi 462 boksçy gatnaşýar, olar 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda 13 agram derejesinde we 2010-2011-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň we okuwçy gyzlaryň arasynda 15 agram derejesinde medallar ugrunda göreşýärler.
Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälimçiler Sapardurdy Bagyýewiň we Myrat Pazziýewiň ýolbaşçylygynda 10 boksçy wekilçilik edýär. Olaryň ikisi kiçi ýaş toparynda, sekizisi uly ýaş toparynda ýaryşa başlady.
Ýetginjekler toparynda Begenç Kakamyradow (agramy 50 kg çenli), Abdyrahman Rejepow (63 kg çenli) we Sapargeldi Nurýagdyýew (70 kg çenli) çärýek finala çykdylar.
1/8 finalyň dartgynly göreşinde Begenç eminleriň dürli karary bilen Siwa Çaýnarongy (Tailand) 3:2 hasabynda ýeňdi. 28:27 artykmaçlyk bilen Şri-Lankandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Gyrgyzystandan eminler türkmen boksçusyna ýeňiş berdiler, Täjigistanly we Serbiýanyň iki wekili muňa garşy boldular, olar şol bir hasap bilen tailandly türgene ses berdiler.
Aziýa boks konfederasiýasynyň metbugat gullugy bu söweşi teswirläp, Türkmenistanyň güýçli ýaş boksçusy Begenç Kakamyradowyň şu ýyl iki agram dereje ýokary galandygyny we 50 kilograma çenli agram derejesinde güýçlüleriň biri hasaplanylýandygyny belledi. 16 ýaşly türkmen türgeni meýdançada gowy çykyş edip, 2 minutda eminleriň ýazgylarynda artykmaçlyk gazandy. Ikinji raundyň başynda Siwa Çainarong söweş depginini üýtgetdi. Emma üçünji raundda Kakamyradow özüni ele aldy we «bu ajaýyp söweşde ýeňiş gazandy».
Çärýek finalda Begenç Kakamyradow Taýwandan Fan-Rýui Şao bilen söweşer.
Sapargeldi Nurýagdyýew hem 1/8 finalda gowy söweşip, Birleşen Arap Emirliklerinden Nahýan Al-Gafriden güýçli artykmaçlygy bilen üçünji raundda ýeňiş gazandy.
Aziýa boks konfederasiýasynyň metbugat gullugy 16 ýaşly türkmen boksçusynyň ýeňşini teswirläp: «Nurýagdyýew meýdançada misli tans edýän we bu söweş pursatlaryndan lezzet alýan ýalydy, ol ýaşyl baglara bürenen Al-Aýn şäherindäki ýaryşyň ajaýyp açyşyna öwrüldi» – diýdi.
70 kilograma çenli ýarym agram derejesinde indiki söweşde Sapargeldi Nurýagdyýew Usman Kaparow (Gyrgyzystan) bilen duşuşar.
63 kilograma çenli agram derejesinde ýene bir çärýek final oýnunda Abdyrahman Rejepow eýranly boksçy Aşkan Haşemi bilen bäsleşer.
Çärýek finalyň ýeňijileri azyndan bürünç medal alarlar.
Gynansagam, dördünji çärýek finalçy Ezbermuhammet Myratdurdyýew 58 kg agram derejesinde mekdep okuwçylarynyň bäsleşiginde eminleriň dürli karary bilen Akbarjon Abdulaýewden (Täjigistan) – 2:3 hasabynda ýeňlip, bu arzuwyndan el çekmeli boldy. Tailanddan we Nepaldan iki emin degişlilikde 30:27 we 30:26 hasapda artyk utuk baha goýup, türkmen boksçusyna ýeňiş berselerem, Hindistandan, Tunisden we Yrakdan üç emin, iň az – 29:28 hasapda utuk artykmaçlygy bilen ýeňşi täjik boksçusyna rowa gördüler.
Ýetginjekleriň, mekdep okuwçylarynyň we okuwçy gyzlaryň arasynda Aziýa çempionatynyň geçirilýän günleri Al-Aýn şäherinde Aziýa boks konfederasiýasynyň (ASBC) adatdan daşary kongresi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymämmet Guljaýew gatnaşdy.
ASBC-yň kongresiniň çäklerinde guramany World Boxing howandarlygynda geçirmek meselesine garaldy. Çekişmelerde çykyş eden D.Guljaýew Aziýa boksunyň agzybirligini nygtady. Çykyşlaryň ahyrynda kongrese gatnaşan 36 milli federasiýanyň wekillerinden 14-si World Boxing (Bütindünýä boks guramasyna) goşulmagy goldady, 21-si garşy çykdy we bir wekil saklandy. Şeýlelikde, ASBC Halkara boks birleşiginiň (IBA) hatarynda galdy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (FFT) metbugat gullugy 2024-nji ýylyň möwsüminiň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň oýunlaryna bellenen eminler barada maglumat berdi. Tapgyryň «Arkadag» bilen «Ahal» toparlarynyň arasynda geçjek iň esasy oýnuna Tejen şäherinden Arslan Goşşanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder.
Bu duşuşyk Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçiriler, oýun 17:30-da başlanar. Şol bir wagtyň özünde, «Altyn Asyr» Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda «Nebitçi» toparyny kabul eder, «Merw» bolsa Marydaky öz meýdançasynda «Aşgabat» topary bilen duşuşar. 18:00-da Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda «Şagadam» topary «Köpetdag» bilen duşuşar.
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň 2024-nji ýylyň möwsüminiň 22-nji tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi:
- 04-nji sentýabr, çarşenbe
- «Arkadag» – «Ahal»
- Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
- Başlanýan wagty: 17:30
- Duşuşygyň baş emini: A. Goşşanow (Tejen ş.)
- Kömekçi eminler: E. Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M. Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
- Ätiýaçdaky emin: J. Jumamyradow (Aşgabat ş.)
- Gözegçi emin: Ç. Gurbanow (Aşgabat ş.)
- «Şagadam» – «Köpetdag»
Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.) Başlanýan wagty: 18:00
- Duşuşygyň baş emini: P. Pälwanow (Daşoguz ş.)
- Kömekçi eminler: N. Garajaýew (Aşgabat ş.), A. Jumaýew (Mary ş.)
- Ätiýaçdaky emin: A. Annamyradow (Balkanabat ş.)
- Gözegçi emin: B. Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
- «Merw» – «Aşgabat»
Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.) Başlanýan wagty: 17:30
- Duşuşygyň baş emini: B. Haknazarow (Aşgabat ş.)
- Kömekçi eminler: E. Annamyradow (Balkanabat ş.), A. Weliýew (Änew ş.)
- Ätiýaçdaky emin: W. Baluýans (Türkmenabat ş.)
- Gözegçi emin: R. Japarow (Aşgabat ş.)
- «Altyn Asyr» – «Nebitçi»
Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş., Büzmeýin etr.) Başlanýan wagty: 17:30
- Duşuşygyň baş emini: A. Sapaýew (Daşoguz ş.)
- Kömekçi eminler: A. Begnazarow (Mary ş.), M. Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
- Ätiýaçdaky emin: H. Gurbanow (Aşgabat ş.)
- Gözegçi emin: R. Pälwanow (Daşoguz ş.)
TFF-nyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň zenan toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň netijelerine laýyklykda dürli ugurlar boýunça şahsy baýraklaryň ýeňijileri kesgitlenildi.
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň we Aşgabadyň «Altyn Täç» toparynyň futbolçysy Mariýa Çaryýewa «Iň netijeli oýunçy» baýragyna mynasyp boldy.
«Balkan» futbol toparyndan Şaperi Durdyýewa çempionatyň iň ökde hüjümçisi diýlip ykrar edildi. Ýaryşyň iň ökde goragçysy diýen baýraga Marynyň «Olimp» toparynyň futbolçysy Halida Eşniýazowa mynasyp boldy.
Iň ökde derwezeçi diýen baýraga bolsa Türkmenabadyň «Miras» toparynyň derwezeçisi Elnura Maksýutowa eýe boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Mary welaýatynyň «Olimp» topary Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ikinji ýeri «Altyn Täç» toparynyň futbolçylary eýelediler, Lebap welaýatynyň «Miras» topary bolsa çempionatyň üçünji ornuny eýelemegi başardy.
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 3 — 13-nji sentýabr aralygynda Dubaýda (BAE) baş tälimçi Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirer. Okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer: 5-nji sentýabrda biziň ýygyndymyz Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň garşysyna, 7-nji sentýabrda Fransiýanyň ýygyndysynyň garşysyna hem-de 9-njy sentýabrda ýerli toparlaryň biriniň garşysyna oýnar.
TFF-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, baş tälimçi bu ýygnanyşyk üçin milli ýygynda 18 oýunçyny çagyrdy, olaryň üçüsi derwezeçidir. Türkmenistanyň milli ýygyndysy möhüm oýunlara taýýarlyk görýär. Bu milli ýygyndynyň oýunçylarynyň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we geljekki ýaryşlara taýýarlanmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň BAE-de geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýan düzümi:
Derwezeçiler:
Rehimberdi Halmämmedow, Şöhrat Baýramow (ikisi-de – «Deňizçi»), Meretgeldi Baýramow («Köpetdag»);
Meýdançadaky oýunçylar:
Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Kirill Çaryýew, Dawutguly Dürliýew, Maksat Soltanow, Şiri Baýramdurdyýew, Maksat Amanow, Daniil Pançenko (hemmesi – «Deňizçi»);
Mülkaman Annagulyýew, Abdylla Nursähedow, Gurbangeldi Sähedow, Kerwen Annaorazow (hemmesi – «Köpetdag»)
Röwşen Orazmuhammedow, Rahatmyrat Nepesow, Berdiguly Meredow, Şamuhammet Babaýew (hemmesi – «Senagatbank»).
Tälimçiler:
Ýakup Öwezow (baş tälimçi), Amandurdy Annadurdyýew (tälimçi), Maksat Myradow (tälimçi).
Türkmenistanyň häzirki futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyryndan başlap Kristina Bersenýowa türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji zenan emin hökmünde işlär. TFF-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kristina Ýokary liganyň we Türkmenistanyň kubogy ugrundaky oýunlarda ätiýaçlyk emin wezipesini ýerine ýetirer. Bersenýowa «Ahal» bilen «Merwiň» arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda (2:0) emin Mergen Allaberdiýewiň ätiýaçlyk emininiň kömekçisi hökmünde çykyş etmek bilen, eýýäm bu ugurda ilkinji ädimlerini ädipdi.
Ozal Türkmenistanyň milli futbol we futzal toparlarynda oýnan Kristina Bersenýowa eminlik işine bary-ýogy iki ýyl mundan ozal başlapdy. Synaglardan üstünlikli geçip, eminiň kömekçisi hökmünde tejribe toplamak bilen, ol indi ýurduň iň uly ýaryşlarynda emin hökmünde resmi taýdan işe girişer. Onuň futbola bolan ýoly 14 ýaşynda Myrat Baýramowyň ýolbaşçylygynda Mary welaýatynda başlanypdy, 2018-nji ýylda bolsa onuň sporta gaýdyp gelmegi Türkmenistanyň zenanlar toparynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň tagallasy bilen amala aşypdy.
Halkara tejribesinde zenan eminleriň eýýäm belli bir derejede üstünlikleri gazanandyklary barada gürrüň edýärler: mysal üçin, Germaniýada 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Bibiana Staýnhaus Bundesliganyň oýunlaryna eminlik edýär, 2022-nji ýylda bolsa Katarda geçirilen dünýä çempionatynda erkekleriň dünýä birinjiligi ýaryşynyň taryhynda ilkinji gezek diňe zenan eminleriň topary işleýär. FIFA guramasy aýal-gyzlaryň erkekleriň arasynda geçirilýän oýunlaryna eminlik etmäge gatnaşmagyny işjeň goldaýar, şunda Kristina Bersenýowanyň Türkmenistandaky esasy oýunlara bellenilmegi bolsa sport eminliginde zenanlaryň işe çekilmegine we ondaky deňlige tarap ýene bir ädim bolup hyzmat eder.
Budapeştde tamamlanan ýetginjekler dünýä çempionatynda (WAKO) türkmen kikboksçulary jemi bäş – 1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanmaga başardylar.
Ýaryşa 69 ýurtdan 3100-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň toparyndan oňa 17 türgen gatnaşdy. Olaryň bäşisi gowy dolandyrylýan tilsimli «kik-laýt» we bilden aşaga (uýluga ýa-da injige) urmaga rugsat berilýän «lou-kik» ulanylýan «full-kontakt» bölümlerinde şowly çykyş etdiler.
Jasurbeg Ahmedow toparymyzda altyn medal gazandy. 37 kilograma çenli agramda ol dört gezek ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdy.
51 kilograma çenli agram derejesinde üç gezek tutluşan Serdar Bekenow kümüş baýrak eýeledi. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bürünç medala mynasyp boldular.