AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy.

Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Diýarymyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, beýleki degişli desgalar guruldy. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döretdi. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygyny artdyrmakda, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmakda 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar. Şu gezekki Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň 4 yklymyndan — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan türgenleri bir ýere jemläp, köp döwletlerde uly gyzyklanma döretdi. Bularyň ählisi öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, milli baýramlaryň we toýlaryň aýrylmaz bölegi bolan göreşiň kuraş görnüşine yzygiderli artýan gyzyklanmanyň nyşanydyr. Urgulary, agyrdyjy tilsimleri ulanmak gadagan edilen guşakly göreşiň bu görnüşi XX asyrdan başlap tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe boldy.

Ýurdumyzda 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň döredilmegi bilen, başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi okgunly ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy Halkara kuraş assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň we Okeaniýanyň Kuraş konfederasiýasynyň düzümine kabul edileninden soňra, göreşiň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara, şol sanda Aziýa kenarýaka oýunlaryna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, Aziýa çempionatlaryna gatnaşyp gelýärler. Dürli ýyllarda geçirilen bu ýaryşlaryň ählisinde ildeşlerimiz ýokary üstünlikleri gazanyp, Watanymyza medally dolanyp geldiler. Aşgabatda guralýan şu gezekki dünýä birinjiligine çenli türkmen türgenleri Eýranda, Türkiýede, Koreýa Respublikasynda we Hindistanda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň dördüsinde, umumylykda, 2 altyn, 7 kümüş we 12 sany bürünç medal gazanyp, hormat münberine 21 gezek çykmagy başardylar.

Häzirki dünýä çempionatynda hem türgenlerimiziň ýeňişli ýollary dowam etdirilýär. Bu ýaryşda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirilýär. Şu gün erkekleriň arasynda iň ýokary üç agram, zenanlaryň arasynda hem bäş agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Bu agram derejeleriniň hersinde-de türkmen türgenleri medallara mynasyp boldular.

Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça ildeşlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Ýaryşda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji altyn medaly Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) gazandy. Dört ýyl mundan ozal bu türgen Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen ýaryşda Aziýanyň çempiony boldy. Ine, bu gezek hem ol ýarym çärýek finalda hindistanly Sina Sinadan, ýarym finalda wýetnamly Li Hýun Tuon Widen, finalda bolsa eýranly Donýa Agaýdan üstün çykyp, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde eýranly türgen kümüş medala, Li Hýun Tuon Wi (Wýetnam) kümüş medala we Azhar Salykowa (Gazagystan) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň toparynda kümüş medallara 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň wise-çempiony we 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Aýşirin Haýdarowa, 2019-njy ýylyň dünýä çempiony we Huançžouda (Hytaý) geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Aýnur Amanowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow mynasyp boldy. Aýşirin Haýdarowa kümüş medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde özbegistanly Ulbusin Hakimowa ýeňiji bolsa, indoneziýaly Sawira Dia Fitri Rizkianti we türkiýeli Begumnaz Dogruýol bürünç medala mynasyp boldular.

Aýnur Amanowa ikinji orna 52 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde özbegistanly Hilola Ortikboýewa dünýä çempiony boldy. Bürünç medallara bolsa Nada Aşraf (Müsür) we Ýu-Suan Çuan (Hytaý Taýpeýi) mynasyp boldular. Sanjar Abdyrahmanow kümüş medala 90 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medaly Erkin Kozokow (Özbegistan), bürünç medallary bolsa Masud Gawibazu (Eýran) we Žamalbek Asylbek Uulu (Gyrgyz Respublikasy) gazandylar.

Türkmenistanyň toparynda bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow we Sapa Sapaýew mynasyp boldular. Gülşat Annaýewa bürünç medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde bürünç medala Rauza Nurmahammetowa-da (Gazagystan) mynasyp boldy. Ýaryşda kümüş medala Pardis Eýdiwandi, altyn medala bolsa Nguen Thi Biç Ngok (Wýetnam) mynasyp boldular. Ruslan Esgerow 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem bu agram derejesinde bürünç medala Firdawsu Nasimow (Täjigistan), kümüş medala Hamed Raşidi (Eýran), altyn medala bolsa Jamşid Mamatrahimow (Özbegistan) mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinji orny Muhsin Hisomiddinow (Özbegistan), ikinji orny Abdulfazl Torabi (Eýran), üçünji orny bolsa Sapa Sapaýew (Türkmenistan) we Hurşed Majidow (Täjigistan) eýelediler.

28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.

27.11.2023
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy.

Agşamara guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy ozal, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk we baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi. Soňra çempionatyň resmi açylyş dabarasy badalga aldy.Dabarada, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlagynda dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň belent owazynyň astynda Türkmenistanyň ýaşyl Tugy ýokary galdyryldy.

Açylyş dabarasynda soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana çykyş etdi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýdar Farman sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin IKA-nyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurduň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi.

Soňra tomaşaçylara milli türkmen göreşine, halylaryna, milli mirasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar görkezildi.

Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejelerinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.

Belläp geçsek, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 16-njy awgustda bolsa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) arasynda göreşiň bu görnüşi boýunça Türkmenistanda dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekildi.

25.11.2023
Paýtagtymyzda Halkara kuraş assoasiasiýasynyň kongresi geçirildi

Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere Halkara kuraş assoasiasiýasynyň şu gün geçirilen kongresinde hem ýokary baha berildi. Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 milli sport federasiýasyny birleşdirýär.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde we dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Kuraş «Görogly» we «Gorkut Ata» ýaly halk eposlarynda hem agzalýar. Pälwanlar toýlarda we baýramçylyklarda özleriniň göreşijilik ussatlyklaryny görkezipdirler. 2003-nji ýylda kuraş Aziýada geçirilýän ähli yklym oýunlaryna resmi taýdan girizildi. Häzirki wagtda bu sporty beýleki iri ýaryşlaryň, şol sanda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak meseleleri öwrenilýär.

Göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan geçirilip başlandy. Şondan 2002-nji ýyla çenli ol her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa, her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

IKA-nyň kongresinde bellenilişi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Kuraş federasiýasy hem-de Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan jogapkärli we düýpli taýýarlyk işleri geçirilipdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler, bu abraýly ýaryşyň geçirilmegine gatnaşýan adamlar, şeýle hem myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 310 meýletinçi taýýarlanyldy.

Şeýle hem myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görerler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezişler guralyp, myhmanlaryň ýurdumyzyň Arkadag ilkinji «akylly» şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralar.

25.11.2023
Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» atly mediaforum geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforumy geçirildi.

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen media forum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.

Çempionata taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmen türgenleri daşary ýurtlarda guralan birnäçe türgenleşiklere hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşdylar. Olar bu iri sport bäsleşigine taýýarlygyň jemleýji tapgyryny Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda geçirdiler, ol ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Asylly däbe görä, möhüm ähmiýetli ýaryşlar başlamazdan ozal, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary türgenlere üstünlikli çykyş etmegi arzuw edýärler.

Ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek türkmen türgenleriniň öňünde goýlan möhüm wezipedir, munuň üçin ýurdumyzda, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň şahsy hemaýat bermeginde zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мир24», «TRT Avaz», «CCTV» we «EURONEWS» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Olarda Aşgabatda iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.

25.11.2023
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy

Türkmenistanyň Kuraş göreş federasiýasynyň metbugat gullugy 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda agram derejeleri boýunça geçiriljek ýaryşlaryň takyk wagtyny paýlaşdy.

Açylyş dabarasy haçan geçiriler?

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy 25-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna kimler wekilçilik edýär?

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy: Wepa Awliýakulyýew (60 kilograma çenli agram derejesi), Döwlet Hemrakulyýew (66 kilograma çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kilograma çenli), Daýanç Omirow (81 kilograma çenli), Sanjar Abdyrahmanow (90 kilograma çenli), Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli) we Sapa Sapaýew (100 kilogramdan ýokary).

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy: Aýşirin Haýdarowa (48 kilograma çenli), Aýnur Amanowa (52 kilograma çenli), Gülşat Annaýewa (57 kilograma çenli), Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli), Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli), Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli), Jahan Muhammedowa (87 kilograma çenli), Sabina Agajanowa (87 kilogramdan ýokary).

Ýaryşlaryň tertibi:

27-nji noýabr:

  • Erkekler: -90 kg, -100 kg, +100 kg;
  • Zenanlar: -48 kg, -52 kg, -57kg, -63 kg, -70 kg.
  • Deslapky tapgyr – с 10:00 до 13:00.
  • Ýarymfinal – с 15:00 до 18:00.
  • Final – с 18:00 до 19:30.

28-nji noýabr:

  • Erkekler: -60 kg, -66 kg, -73 kg, -81 kg;
  • Zenanlar: -78 kg, -87 kg, +87 kg.
  • Deslapky tapgyr – с 10:00 до 13:00.
  • Ýarymfinal – с 15:00 до 18:00.
  • Final – с 18:00 до 19:30.

Ýaryşlar nirede geçirilýär?

Olimpiýa şäherjigindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda.

23.11.2023
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: “Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir” diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim, ýöriteleşdirilen orta-hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça hökmany sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.

Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga şert döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir asylly däbiň — köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Ildeşlerimiz ýurdumyzda yzygiderli esasda guralýan sport çärelerine höwes bilen gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli, ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde ekologik dünýägaraýşy berkarar etmekde ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň ajaýyp bir mysalydyr. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm waka boldy. Dünýäniň 62 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we agzybirligiň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.

Däp bolşy ýaly, şu ýyl hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, welosipedli ýöriş geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň birine öwrülen “Welosiped” binasyndan badalga aldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň welosipedli ýörişlere gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

2018-2019-njy ýyllarda Aşgabatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de welosipedçileriň 2019-syny birleşdirip, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” diýen derejelere mynasyp bolan iki sany möhüm çäräniň geçirilendigini bellemek gerek.

Ruhy güýji we kuwwaty artdyrýan ähmiýetli sport çäreleriniň geçirilmegi, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artmagy sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Munuň şeýledigine dürli ýaşdaky we kärdäki watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet bermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryna bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynda sport düzümleriniň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz şertdir. Olaryň düzümine göwnejaý enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howdanlar, tennis meýdançalary girýär.

Geçirilýän işleriň netijesinde, türkmenistanlylar irki ýaşlardan başlap, sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý oýnuny we figuralaýyn typmagy üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýanyň howa şertleriniň aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri hem ýurdumyzda uly ösüşe eýe boldy.

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi milli kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz 1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakynda Naýrobi ylalaşygyna goşuldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykaryldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ägirt uly sport baýramçylygyna öwrülip, türgenlerimiziň gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen taryha girdi. 2018-nji ýylda bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler.

Ine, bu gün Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir iri ýaryşy kabul etmäge taýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şunda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýäde wagyz etmekde goşýan uly goşandynyň ykrarydyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Milli sportumyzyň geçen ýoly yzygiderli gazanylýan ajaýyp ýeňişlerden doly bolup, täze taryhy döwrümiziň ýokary sport üstünlikleri olaryň üstüni ýetirýär. Şolaryň hatarynda 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagyny hem görkezmek bolar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň häzirki nesliniň gazanýan ýeňişleri türkmenistanlylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Ýaş türgenler özlerinden öňki halypalarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we hemişe diýen ýaly dürli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolup, Watanymyza üstünlikli dolanyp gelýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: “Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris. Biz türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýarys” diýip belledi.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda 7 erkek we 8 zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak ugrunda türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda, Diýarymyzda uly işler amala aşyryldy.

Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlejek bu ýaryş türgenlerdir janköýerler üçin parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň iri baýramçylygy bolar.

22.11.2023
Türkmenistan uly sport wakasynyň bosagasynda

Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy, emma onuň ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde taryha girjekdigini eýýämden aýdyp bileris.

Dünýä birinjiligi ugrundaky bu ýaryş heniz başlanmazdan, oňa gatnaşmaga isleg bildirenleriň sany boýunça özboluşly rekord goýdy. Şu gün Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy tarapyndan berlen täze maglumatlara görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna sportçulary (243), tälimçileri, eminleri we beýleki resmi adamlary-da goşanyňda, jemi 53 ýurtdan 490-dan gowrak adam gelmeli. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna şundan 126 adam az gatnaşypdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatly strategiýa netijesinde Aşgabadyň Halkara Kuraş Assosiasiýasy tarapyndan (IKA) giňden goldaw tapan, ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülmeginiň täze aýdyň subutnamasydyr.

Hemişelik Bitarap Watanymyz sport pudagynda täsir galdyryjy üstünlikler gazanýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyza uly abraý getirendigi jedelsizdir. 2018-nji ýylda bolsa «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy we agyr atletika boýunça dünýä çempionaty uly üstünlik bilen geçirildi.

2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadanyň meýilnamasyna görä, agyr atletika boýunça zenanlar arasyndaky ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagy milli sportumyzyň taryhynda şanly waka boldy.

Şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagty ikinji gezek 12 ýaşa ýetmedik oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça toparlaýyn Merkezi Aziýa çempionatynyň geçirilen ýeri boldy. Bu ýaryşda alty ýurtdan: Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan gelen ýaş sportçular «iň güýçli» diýen at ugrunda bäsleşdi.

Indi bolsa Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir uly ýaryşy geçirmäge taýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Guramaçylyk komitetiniň döredilýändigi baradaky Karara gol çekmek bilen, onuň düzümini tassyklady.

Kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň açylyşynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Hökümetara bedenterbiýe we sport komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa ýene bir möhüm waka boldy. Bularyň ählisi Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, şeýle hem onuň bedenterbiýäniň we sportuň ösmegine we dünýäde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ýaýramagyna goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.

Ýedi erkek we sekiz zenan agram toparynda 15 medal toplumy ugrunda bäsleşiljek dünýä çempionaty Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty toplumynda geçiriler. 25-nji noýabrda boljak açylyşyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi belli boldy. Ol iň ezber kuraş ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen seçip alyş ýaryşlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparyna: Wepa Öwlüýägulyýew (agram topary 60 kg çenli), Döwlet Hemragulyýew (66 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Daýanç Omirow (81 kg çenli), Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli), Ruslan Esgerow (100 kg çenli) we Sapa Sapaýew (100 kg-dan gowrak); zenanlar toparyna bolsa Aýşirin Haýdarowa (48 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli), Gülşat Annaýewa (57 kg çenli), Dinara Rozykulowa (63 kg çenli), Mariýa Lohowa (70 kg çenli), Sabina Kadyrowa (78 kg çenli), Jahan Muhammedowa (87 kg çenli) we Sabina Agajanowa (87 kg-dan gowrak) dagy girdi.

Türkmen kuraş ussatlary dünýä çempionatynyň soňky türgenleşigini 20-nji oktýabr bilen 21-nji noýabr aralygynda Arkadag şäherindäki köpugurly sport toplumynda geçirdiler. Ol ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektorlygynyň kömegi bilen milli ýygyndy topar bilen bir aýyň dowamynda psihologlar we owkalaýjy-reabilitatorlar işlediler. «Ussat inžener» hususy kärhana bolsa türgenleriň aşa ýokumly iýmitlenmegi baradaky aladany öz üstüne alyp, olary her gün witamine baý dürli nahar taýýarlaýan aşpez bilen üpjün etdi.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda türgenlerimiziň wezipesi türkmen sportunyň at-abraýyny has-da ýokary derejä götermekdir. Bu ugurda ýurdumyzda örän köp zat, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda edilýär.

Geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiz bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Türkmenistan toparynyň pikiriçe, bu gezek türkmen kuraş ussatlary has üstünlikli çykyş etmeli.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçileriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi türgenlere goşmaça güýç bermek bilen, olarda ýeňşe ynam döredýär.

22.11.2023
Aşgabatdaky dünýä çempionaty başlanmaka rekordy täzeledi

Ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilmäge juda mynasyp Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna barmak büküp sanaýmalyja günler galdy.

Çempionat heniz başlanmanka täze rekordyň eýesi boldy. Bu rekord oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň sany bilen baglydyr. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasyndan berilýän maglumatlara görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 53 döwletinden 490-dan gowrak adam gatnaşar. Şol sanda olaryň 243-si türgenlerdir. Bu bolsa yzda galan 13 çempionatyň rekkordçysy ― geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatyndan hem 126 adamyň köpdügini görkezýär.

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 25-nji noýabrda bolar.

22.11.2023
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna teswir bererler

23 — 28-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlaryndan ybarat bolan topar bu çempionatyň tutluşyklaryna teswir bermek üçin Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň binasynda ykjam taýýarlyk görýärler.  

Talyplary professionallar hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy teswirleýjileri okadýarlar. Zehinli we gujurly ýaşlaryň esasy halypalarynyň biri-de «Sport» teleýaýlymynyň öňdebaryjy teswirleýjisi Ýunus Annaýew bolup durýar.  

Bu ýerde talyplaryň 20-den gowragy üç dilde teswir bermegiň tehnikasyny özleşdirýärler. 

20.11.2023
Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatynyň petekleri satuwa çykaryldy

23 — 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçiriler. Bu abraýly halkara ýaryşyň petekleri eýýäm satuwa çykaryldy diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär.

Aşgabatdaky dünýä birinjiligi Ýer ýüzüniň iň güýçli pälwanlaryny bir ýere jemlär. Türkmenistanyň ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar ýaryşyň peteklerini Olimpiýa şäherçesiniň kassalarynda (Işewürlik merkeziniň golaýyndaky), şeýle-de «Berkarar» (1-nji gat) hem-de «Aşgabat» (2-nji gat) söwda we dynç alyş merkezlerindäki nokatlarda satyn alyp bilerler. Petegiň bahasy 25 manat.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 25-nji noýabrda geçiriler.

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýmagyna garaşylýar. Mundan ozal dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin 53 döwletden 480 adamyň hasaba alnandygyny habar beripdik. Şolaryň 241 sanysy türgenler bolup, galanlary tälimçiler, eminler hem-de beýleki resmi adamlardyr.

20.11.2023
Aşgabatda geçiriljek Kuraş dünýä çempionatynda rekord derejede gatnaşyjy bolar

2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek 14-nji Dünýä Kuraş Göreş çempionatynda rekord derejede gatnaşyjynyň bolmagyna garaşylýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri Kuraş federasiýasyna salgylanýar.

Çeşmäniň habaryna görä, geçen ýyl Hindistanyň Pune şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 365 adam gatnaşan bolsa, öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 480 adam ýüz tutdy, şol sanda 53 ýurtdan türgenler (241), tälimçiler, kazylar we beýleki işgärler.

Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 15 toplum medal üçin - ýedi erkek we sekiz aýal maşgala agram kategoriýasynda bäsleşmek meýilleşdirilýär.

Geçen ýyl Kuraş dünýä çempionatynda Türkmenistanda 13 pälwan (7 erkek we 6 aýal) wekilçilik edendigini we üçüsiniň medal bilen gaýdyp gelendigini ýadymyzdan çykarmalyň.

Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde kümüş, bürünç medallar Aýnur Amanowa (52 kg çenli) we Aziza Kurbanowa (78 kg çenli) medal gazandy.

17.11.2023
Witaliý Alikperow: «Toparçadan çykmak mümkinçiligimizden ýerlikli peýdalanarys»

AFK-nyň kubogynyň üçünji tapgyrynyň çägindäki «Merw» ― «Altyn Asyr» duşuşygyndan ozal geçirilen metbugat maslahatynda «Merwiň» baş tälimçisi Witaliý Alikperow bilen derwezeçi Merdan Saparow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Bu barada Janköýer habar berýär.

― Witaliý, toparyň ertirki duşuşyga taýýarlygy näderejede?

― Topar duşuşyga doly taýýar. Häzirki wagtda şikesli futbolçymyzyň ýokdugy bizi begendirýär.

― Esasy hüjümçiňiz Murat Ýakşiýew şikes sebäpli soňky duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşyp bilmedi. Ol ertirki duşuşyga taýýarmyka?

― Elbetde, ol öňräk şikes aldy. Ýöne biz Myrady ýakynda çempionatda «Arkadag» topary bilen bolan duşuşykda hem ulandyk. Ol ertirki duşuşyk üçin hem taýýar. Myradyň bize kömek etjekdigine ynanýarys.

― Siz ýaryşda ýoluňyzy ýeňlişsiz dowam etdirýärsiňiz. Diýmek, maksatlaryňyzda hem özgertmeler bolan bolsa gerek.

― Biz her bir duşuşyk üçin aýry maksat goýýarys. Elbetde, her duşuşykda ýeňiş gazanmak, toparçadan çykmak mümkinçiligimizi artdyrmak isleýäris.

― Iki türkmen toparynyň bir toparça wekilçilik etmegi nähili artykmaçlyklary we zyýany berýär?

― Biz «Altyn asyry» ýakyndan tanaýarys. Topar häzirki tälimçisiniň ýolbaşçylygynda abraýly baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy. «Altyn Asyr» bilen köp sanly duşuşyklary hem geçirdik. Häzir bolsa biz bu güýçli topar bilen yklym ýaryşynda garşydaş. Ertirki duşuşykda elimizden gelenini edip, meýdanyň her bir metri üçin barlyşyksyz göreş alyp bararys.

― Ýakynda «Arkadag» topary bilen hem jogapkärçilikli we kyn duşuşygy geçirdiňiz. Oglanlar bu duşuşykdan soň özlerini ýadaw duýanoklarmy?

― Tersine, çempionatdaky bu duşuşyk biziň üçin tejribe, kemçiliklerimizi görmäge mümkinçilik boldy. Dogry, «Altyn asyr» bilen boljak duşuşygy göz öňünde tutup, käbir oýunçylarymyza dynç berdik. Ýöne olar «Arkadag» topary bilen bolan duşuşykdan ozal hem dynç almaga ep-esli wagt tapdylar.

― «Merw» AFK-daky geçen duşuşygyndan soň çempionatda galdyrylan duşuşyklarynda janköýerlerini begendirip bilmedi. Belki topar ähli güýjüni we esasy oýunçylaryny AFK-nyň duşuşyklaryna aýandyr.

― Şol günlerde biz yzly-yzyna kyn duşuşyklary geçirdik. Bu bolsa isleseň-islemeseň oglanlarymyzy ýadatdy. «Arkadag» topary bilen duşuşyga çenli bolsa biraz dynç almaga mümkinçiligimiz boldy. Ýöne garşydaşymyzyň derejesiniň ýokarydygyny oýunda ýene bir ýola gördük.

― Siz ýer eýesi hem bolsaňyz, duşuşygy Aşgabatda geçirýärsiňiz. Garşydaşyň şäherinde oýnamak kynçylyk döredip bilermi?

― Ýok, islendik şäherde biz öz meýdanymyzda ýaly oýnamaga uýgunlaşan. Onsoňam, köp sanly janköýerlerimiziň paýtagta gelmegine garaşýarys. Şonuň üçin paýtagtda hem öz şäherimizde oýnaýan ýaly duýgyny başdan geçirjekdigimize ynanýarys.

Merdan Saparowa sowal:

― Merdan, «Merwiň» duşuşyklarynda janköýerler esasy saňa bil baglaýarlar. Olar soňky tapgyrlardaky oýunlaryň bilen seni milli ýygyndymyzda hem görmek islediler. Ertirem jogapkärçilikli duşuşyk bar. Pikirleriňi paýlaşaýsaň!

― Elbetde, AFK-nyň çägindäki duşuşyklar bilen milli ýaryşlardaky duşuşyklaryň derejesi deň däl. AFK-nyň duşuşyklary has ýokary derejede geçýär. Janköýerlerden doly stadionyň gurşawynda oýnaýarys. Nesip bolsa, ertir hem elimizden gelenini ederis. Biz yklym ýaryşynda geçen oýunlarymyzy hem mynasyp geçirdik diýip pikir edýäris. Şol mynasyp oýnumyz ertir hem dowam eder diýip umytlanýarys.

Bu gezek has köp janköýerimiziň stadionda bolmagyna garaşýarys. Olaryň hem goldawy bilen ýeňiş bizlik bolar diýip umyt edýäris

 
25.10.2023