Habarlar
Türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowa, 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşynda, 100 metre ylgamakda möwsümiň iň gowy netijesini görkezdi. 39 ýaşly türgen bäsleşigiň birinji tapgyrynda aralygy 11,95 sekuntda geçdi, emma bu netije ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.
Meredowa, bu Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň ýeke-täk wekili hökmünde gatnaşýar, deslapky tapgyrda ol ylgawda 12,01 sekuntlyk wagt bilen dördünji netijäni görkezdi. Bu netije oňa bäsleşigiň indiki tapgyryna geçen 17 sany türgeniň arasynda 16-njy orny üpjün etdi.
Walentina Meredowa üçin bu 2008-nji ýylda Pekin Oýunlaryndan soň ikinji Olimpiaýada boldy. Ol Parižde çykyş etýän türkmen toparynyň içinde iň tejribeli türgen hasaplanýar. Meredowa şeýle-de 2008-nji ýylda Almatyda 100 metre ylgamakda 11,56 sekunt bilen goýan Türkmenistanyň milli rekordyny saklaýar.
Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 5-nji gününde ýüzmek boýunça 5 ugruň ýeňijileri belli boldy. Şolaryň 2-sinde fransiýaly ýüzüji Leon Marşan taryhy başarnyk görkezip, altyn medallary gazanmagy başardy. Ol ilki 200 metr brass usulda ýüzmekde 2 minut 05,85 sekuntlyk görkeziji bilen pellehana geldi. Bu görkeziji Olimpiýa rekordy hökmünde hasaba alyndy. Ozalky rekordy Tokio 2020-de wengriýaly Kristof Milaga degişlidi.
Öz janköýerleriniňem uly goldawyny alan 22 ýaşyndaky Marşan 2 sagatdan soň 200 metr batterflýaý ýüzmek ýaryşynyň finalyna gatnaşdy. Ol 1 minut 51,21 sekuntda ýaryşy tamamlap, ýene bir olimpiýa rekordyny täzeledi. Bu ugurda-da ozalky rekordy Marşandan soň ýaryşy 2-nji bolup tamamlan wengriýaly Kristof Milaga degişlidi. Ol Tokioda rekordy öz adyna geçiripdi.
Şunlukda, Marşan Parižde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 3 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy. Ol 3 gün öňem 400 metre garyşyk ýüzmek ýaryşynda Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk rekordyny täzeläp, altyn medaly boýnuna dakypdy.
53 ýaşly türkmenistanly hünärmen Tofik Şukurow paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.
Ozal bu wezipede Said Seýidow zähmet çekipdi.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji ýarymynda 16 duşuşyk geçiren «Aşgabat» topary 16 utuk toplap, ýaryş tertibinde 6-njy orny eýeleýär.
Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, üç bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berdi.
2024-nji ýylyň 22-26-njy iýuly aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 46-dan gowrak döwletinden 200 çemesi futbol topary gatnaşdy.
Ýaş derejeleriniň bäşisi boýunça geçirilen halkara ýaryşda «Ýolbars» lakamly «Altyn Täç» futbol toparynyň üç topary (2009, 2011 we 2013-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlar) çykyş etdi.
Ilkinji oýundan başlap, «Ýolbarslar» tutanýerliligi we zehini bilen ajaýyp hem mynasyp oýun görkezdi. Olar toparçalaýyn tapgyrda Hytaýyň we Şwesiýanyň toparlaryny 2-1 hasap bilen ýeňip, Malaziýanyň toparyndan bolsa 3:1 hasabynda asgyn geldiler. Şunlukda, toparçada ikinji orny eýelediler.
«Ýolbarslar» futbol topary 3-nji orun üçin ýerli klub — Germaniýa wekilçilik edýän topar bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyk deňme-deň tamamlandy — 2:2. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik urgular kesgitledi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularda bolsa «Ýolbarslar» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaş derejäniň bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar.
Has kiçi ýaş derejesinde (13 ýaşdan kiçi we 11 ýaşa çenli) türkmen futbolçylary dürli ýurtlardan bolan garşydaşlary bilen mynasyp derejede bäsleşdiler we bürünç medallara eýe boldular.
ABŞ-da Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň özara ýoldaşlyk duşuşyklary dowam edýär. Florida ştatynyň Orlando şäherinde «Barselona» bilen «Mançester Siti» toparlary duşuşdy. Toparlaryň käbir esasy ýyldyzlarynyň çykyş etmedik duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady.
Duşuşygyň esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Duşuşykda «Barselona» 2 gezek öňe saýlansa-da, iňlis kluby hasaby deňledi. «Barselonanyň» gollaryny Pau Wiktor Delgado (24) bilen Pablo Torre (45+2), «Mançester Sitiniň» gollaryny bolsa Niko O’Raýli (39) bilen Jek Griliş (60) geçirdi. Oýundan soňky penaltlerde ispan kluby 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Türkmen söweşijisi Eziz Penjiýew, ýaş zehinler üçin Fight Nights-yň täze taslamasy bolan RDD Series çäklerinde ilkinji çykyşyna taýýarlanýar. Tutluşyk 4-nji awgustda geçiriler, bu ýerde Penjiýew täjigistanly Nurali Jobyrow bilen duşuşar.
Penjiýew eýýäm professional arenada özüni görkezdi. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ol AMC Fight Nights 120 bäsleşiginde russiýaly Sergeý Tolmaçýowy bilen duşuşykda söweşi bogma usuly bilen tamamlap täsirli ýeňşe eýe boldy. Bu ýeňiş türkmen türgeniniň Fight Nights çägindäki ilkinji ýeňşi boldy.
Sekiz ýyllap dowam eden arakesmeden soň Türkmenistanda ilkinji gezek eýýäm 50 we 65 ýaşyny arka atan oýunçylary jemlän weteranlaryň milli küşt çempionaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär.
Birinjilik Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.
Şeýle ýaryş iň soňky gezek 2016-njy ýylda geçirilip, şonda meşhur küştçi, halkara ussat Amanmyrat Kakageldiýew ýeňiji bolupdy.
Bu gezek ýaryş tertibiniň öňdäki iki basgançagynda mümkin bolan 9 utukdan, 7,5 utuk toplan Aşgabat şäheriniň mümkinçiligi çäkli türgenleri özünde jemleýän bedenterbiýe-sport klubunyň tälimçisi hem-de Ahal welaýatynyň sport ussady Aýdogdy Atabaýew (52 ýaş, Fide reýtingi — 2086) hem-de Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, FIDE-niň ussady Serdarguly Baýramsähedow (56 ýaş, reýtingi — 2216) dagy ýerleşdi.
Gomaça görkezijiler altyn medala garşydaşyndan az-kem ýaş küştçi Aýdogdy Atabaýewiň eýe çykandygyny görkezdi.
Olardan bary-ýogy bir utuk yza galan FIDE-niň ussady Mihail Çommyýew (62 ýaş, reýtingi—2160) üçünji ýeri eýeledi.
65 ýaşdan uly küştçileriň ýaryşy hem dartgynly geçdi. Altyn medala bir wagtyň özünde 4,5 utukdan toplan dört küştçi dalaş etdi. Şeýlelikde, 75 ýaşly sport ussady Halym Maýlyýew (reýtingi — 1924) ýeňiji boldy. Ol Mary welaýatyndandyr. Kümüş medala 79 ýaşly Lebap welaýatynyň wekili Çary Sultanow eýe çykdy (1707). Ç.Sultanowa ýaryşyň hemaýatkärleriniň biriniň «Ýeňşe yhlasy üçin» atly baýragy gowşuryldy. Öňdäki üçlügi 71 ýaşly daşoguzly küştçi Myrat Ýakubow jemledi (1739).
«50+» derejedäki zenanlaryň arasynda ýaryşyň ýeke-täk gatnaşyjysy, Lebap welaýatynyň baş tälimçisi Güljahan Owlýakuliýewa erkekler bilen deň derejede bäsleşdi we 3,5 utuk toplady.
Ýeňijiler 50 we 65 ýaşdan uly türgenleriň arasynda weteranlaryň dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şweýsar usulynda geçen ýaryş 9 tapgyra uzady. Oňa 18 türgen gatnaşdy.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň iki aýlawynyň netijesinde 3-nji orny eýeleýän «Ahal» birnäçe oýunçyny düzümine goşdy.
Çempionatymyzyň birinji ýarymyny «Arkadag» toparynda geçiren derwezeçi Rahat Japarow hünär ýoluny «Ahal» toparynda dowam eder. R.Japarowyň futbol boýunça milli ýygyndymyzyň düzüminde hem çykyş edýändigini bellemek gerek.
«Nebitçi» toparynyň öňki oýunçysy Magtymberdi Berenow bilen Azat Rahmanow («Aşgabat») hem «Ahalyň» düzümine goşuldylar.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň iki aýlawynyň netijesi boýunça «Ahal» topary toplan 34 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orunda barýar.
Olimpiýa ýaryşlarynyň zenanlaryň arasynda 100 metr arkalaýyn ýüzmek boýunça saýlama tapgyry tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanly Aýnur Primowa öz ýüzüşinde 1:10.17 netije bilen üçünji orny eýeledi, emma bu görkeziji oňa ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.
Ýaryşda iň gowy wagt görkezen 16 türgen 1/2 finala geçmegi başarsy. Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly türkmen ýüzüjisi umumy hasapda 35-nji orny eýeläp, medal ugrunda göreşi tamamlady.
Aýnur Primowa Olimpiýa oýunlarynyň ýüzüş ýaryşlarynyň iň ýaş gatnaşyjylarynyň biri boldy.
2023-nji ýylda ýaş ýüzüjileriň dünýä çempionatynda ol arkalaýyn ýüzmekde üç milli rekord goýandygyny bellemek gerek: 50 m – 31,60, 100 m – 1:07,67, 200 m – 2:29,24.
29-njy iýulda Pariž Olimpiýadasynda türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 57 kg çenli agram derejesinde ilkinji döwüşinde ýeňiş gazandy.
Gyzgalaňly göreşde Pardaýewa birnäçe abraýly halkara ýaryşlaryň bürünç medalynyň eýesi bolan tejribeli Hytaý sportçysy Tsaý Tsini ýeňmegi başardy.
Bu çykyş Maýsa üçin Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinjisi bolup, ol öz ýeňşi bilen eýýäm iň ýokary derejede bäsleşmäge taýýardygyny subut etdi. Indiki tapgyrda türkmen sportçysy dünýäniň dzýudo reýtinginde 4-nji orny eýeleýän braziliýaly Rafaela Silwa bilen duşuşmaly.
19 ýaşly Türkmenistanly türgen Maýsa Pardaýewa, 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlaryny 1/8 finalda tamamlady. Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan türgen birinji tapgyrda hytaýly dzýudoçy Kaý Tsi-dan üstün çykmagy başardy.
Ikinji tapgyrda Pardaýewa has tejribeli dzýudoçy - 32 ýaşly braziliýaly, 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony we iki gezek dünýä çempiony Rafaela Silwa bilen duşuşdy. Ýiti göreşe garamazdan, türkmen türgenine öz bäsdeşini ýeňmek başartmady.
Pardaýewa üçin bu Olimpiýa oýunlary ilkinjisi bolsa-da, onuň eýýäm halkara ýaryşlarynda baý tejribesi bar. Ol 2023-nji ýylda Guançžouda geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy.
26-njy iýulda Parişde we Fransiýanyň beýleki şäherlerinde başlanan 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryny şanyna Halkara kosmos stansiýasyndaky NASA-nyň alty kosmonawty özleriniň kiçi Olimpiýa oýunlaryny geçirmek kararyna geldi.
Halkara kosmos stansiýasy kosmonawtlaryň işjeňligini görkezýän iki minutlyk wideo çykardy.
Wideo Olimpiýa alawynyň geçirilmegi bilen başlaýar. Janet Epps olimpik odyny Maýk Barratta, Sunita Williams, Treýsi Kaldwell Daýson we ahyrynda Butç Wilmor geçirildi.
Şondan soň kosmonawtlar ýaryşlaryna taýýarlyk görüp başlaýarladylar.
Wideonyň ahyrynda olar ähli türgenlere Olimpiýa oýunlarynda üstünlik arzuw etdiler. “Biz elbetde dünýä derejesindäki sport ýaryşyna gatnaşmagyň nähili kynlygyny göz öňüne getirip bilmeris, ýöne biz Halkara kosmos stansiýasynyň adyndan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň hemmesine üstünlik arzuw edýäris! "