AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkmenistan suwda ýüzmek boýunça Täjigistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler 12 — 16-njy sentýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar.

ORIENT-iň habar bermegine görä, halkara ýaryşa Türkmenistandan Abdyrahman Agamyradow, Muhammetmyrat Gutlyýew, Gurban Hommadow, Seýran Nurmyradow, Roman Şabelnik, Waleriýa Mirenskaýa we Ogulmerjen Nuraýewa dagylar wekilçilik eder. Türkmen ýygyndysyna Rustem Esenow bilen Walentin Gorşkow ýolbaşçylyk eder.

Halkara ýaryşa türkmenistanly ýüzüjilerden başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşarlar.

11.09.2023
Döwletjan Ýagşymyradowyň ligasynyň satylmagy mümkin

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň hem agza bolup durýan «Bellator» promouşeniniň satylmagy ahmal. Häzirki günlerde PFL promouşeni «Bellatory» satyn almak üçin «Paramount Global» kompaniýasy bilen gepleşikleri geçirýär.

Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, taraplaryň 500 million nyrhda ylalaşmaklaryna garaşylýar. «Paramount» nagt pul bilen birlikde PFL-iň «Bellatordaky» tutluşyklaryndan paý alar. Bu söwda-da PFL-ä Saud Arabystanynyň maýa goýum kompaniýasy ýardam berer.

«Bellator» 2008-nji ýyldan bäri «Paramount» kompaniýasyna degişli. Promouşene 2014-nji ýyldan bäri «Strikeforce» kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Skott Koker ýolbaşçylyk edýär.

03.09.2023
Türkmenistanyň Karate federasiýasy Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiiň Hormat hatyna mynasyp boldy

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Karate federasiýasyny Hormat haty bilen sylaglady. «Orient» Hormat hatynyň türkmen federasiýasyna sportuň şu görnüşini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin gowşurylandygyny ýazýar.

Abraýly sylagy Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň ýolbaşçysy Ýaşuzak Mämmetnazarowa Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki gowşurdy.

Ýeri gelende bellesek, Karate federasiýasy ýurtda bu sport görnüşi boýunça yzygiderli ýaryşlary gurap gelýär.

Esaslandyrylan senesinden, ýagny 1978-nji ýyldan bäri türkmenistanly karateçileriň sany 40-dan 38 müňe çenli artdy, diýip Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial hasabynda mälim edýär.

Degişli sylagy bermek hakyndaky çözgüt 2020-nji ýylda kabul edilipdi, ýöne ony sylaglamak dabarasy dünýäni gurşap alan koronawirus ýagdaýlary sebäpli yza süýşürilipdi.

03.09.2023
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Belarusyň Minsk şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, 2-nji sentýabrda dünýä çempionatynyň geçjek ýerine — Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherine bardy. Milli ýygyndynyň Belarusdaky türgenleşiklerine 9-njy awgustda badalga berlipdi.

«Orientiň» ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Er-Riýad şäherine baran düzüminde 22 adam bar. Olaryň 15-si türgenlerdir. Has takygy, dünýä çempionatynda Seýitjan Mirzaýew 61, Bunýad Raşidow 67, Perhat Bagtyýarow hem 67, Bektimur Reýimow 73, Gaýgysyz Töräýew 81, Maksat Meredow hem 81, Şatlyk Şöhradow 89, Şahzadbek Mätýakubow 96, Döwranbek Hasanbaýew 102 kilograma çenli, Hojamuhammet Toýçyýew bolsa 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna wekilçilik ederler.

Ýurduň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda 49 kilograma çenli agram derejäniň wekili Ýulduz Jumabaýewa, 59 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa, 76 kilograma çenli derejede Polina Gurýewa, ýene şol agram derejesinde Gülnabat Kadyrowa we 81 kilograma çenli agram derejesinde Anamjan Rustamowa dagylar bar.

Ertir — 4-nji sentýabrda başlanjak dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlaryna 6-njy sentýabr güni Ýulduz Jumabaýewa badalga berer. Dünýä çempionaty 14-nji sentýabra çenli dowam eder. Ol Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrlaryň esasylarynyň biridir. Deslapky maglumatlara görä, dünýä çempionatyna 100-den gowrak döwletden 600-den gowrak türgen gatnaşar. Bu bolsa Olimpiýa reýtingindäki utuklar üçin ýiti göreşiň boljakdygyny görkezýär.

03.09.2023
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde bir basgançak ýokary göterildi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky reýting sanawyny täzeledi.

Şwesiýanyň ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek sanawyň başyna geçmegi esasy täzelikdir. Ikinji orunda şu ýylky dünýä çempiony Ispaniýanyň, üçünji orunda bolsa ABŞ-nyň ýygyndylary bar.

Kamil Mingazow tarapyndan tälim berilýän Türkmenistanyň ýygyndysy ozalky ornuny bir basgançak ýokary galdyryp, 136-njy orna göterildi. Milli ýygyndy reýtingde Gabon bilen Liwanyň aralygynda ýerleşýär.

Reýtingiň AFK sebitinde ilkinji üçlügi Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndylary düzýär. Türkmenistan bu sebitde 27-nji orunda.

31.08.2023
Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleri Arkadag şäherinde türgenleşerler

Habar berşimiz ýaly, 26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine bardy we ol ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň täze derejelere ýetýändigini aýdyp, täze şäherde iri halkara sport ýaryşlaryny, türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly degişli Karara gol çekendigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleriniň türgenleşik geçmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

27.08.2023
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň sentýabrdaky günlerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy sentýabr aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Mergen Orazowyň şägirtleri 8-nji sentýabrda Indoneziýanyň Surabaý şäherinde ýerli ýygyndy bilen, 12-nji sentýabrda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bahreýniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Bu duşuşyklar türkmen ýygyndysy üçin Dünýä çempionaty ― 2026-nyň we Aziýanyň kubogy ― 2024-iň (U-23) saýlama tapgyrlaryna taýýarlygyň bir tapgyryna öwrüler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesinde möhüm duşuşyklar üçin ýygynda çagyryljak futbolçylary saýlap alarlar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň DÇ ― 2026-nyň saýlama duşuşyklaryna 16-njy noýabrda girişjekdigini ýatladýarys. Ilkinji duşuşykda Türkmenistanda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçiriler.

Türkmen ýygyndysynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrylan düzümlerini TFF ýakyn wagtda yglan eder.

26.08.2023
Türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanow indiki söweşi boýunça professional şertnama baglaşdy

Türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanow özüniň indiki professional söweşi boýunça boýunça şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, türkmen boksçysynyň indiki tutluşygy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Pravda Boxing» turniriniň çäginde bolup geçer.

«Dostlar, size gowy täzeligim bar. Oktýabr aýynda boljak indiki söweşim üçin şertnama baglaşdym. Ýakyn wagtda senäni we garşydaşy mälim ederin» diýip, türgen ýazýar.

Şeýle-de Gurbanow «Turkmenportal» onlaýn neşirine "Gala Sports Management" toparyna berýän media goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Bu diňe başlangyjy, biz diňe öňe barýarys» diýip, Ýunus Gurbanow belleýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýunus Gurbanow awgust aýynyň başynda professional boksdaky debýutynda «Pravda Boxing» turniriniň çäginde russiýaly Dmitriý Andreýewi ýeňlişe sezewar edipdi.

23.08.2023
Türkmen pälwanlary Buharestde geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandylar

17 — 20-nji awgust aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde erkin we grek-rim göreşleri boýunça «Ion Kornianu we Lidaslau Simon» atly halkara ýaryşy jemlendi. Bu ýaryşda türkmen türgenleriniň 14-si ýeňiş üçin göreş düşekçesine çykdylar.

Erkin göreş boýunça ýaryşlarda ildeşlerimiziň ikisi ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary getirmegi başardylar. 92 kilogram agram derejesinde göreşen Döwletmyrat Orazgylyjow ýüzbe-ýüz bolan garşydaşlarynyň ählisinden rüstem çykdy we altyn medal aldy.

79 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Gurbanmyrat Öwezberdiýew bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagynça ornaşdy.

Grek-rim göreşinden 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden Umit Durdyýew tapawutlandy. Türkmen türgeni ýaryşyň altyn medalyna eýe boldy.

Ýaryşa gatnaşan türkmen toparyna tälimçilerden hem-de türgenlerden başga-da, halkara derejeli eminleriň hem biriniň wekilçilik edendigini ýatladýarys.

21.08.2023
Orşadaky GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmenistanly boksçylar bürünç medallara mynasyp boldular

Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň çäginde boks ýaryşy geçirilýär. Onuň dowamynda türkmenistanly iki boksçy bürünç medallara mynasyp boldy.

10-njy awgustda Oşrada geçen duşuşyklarda 71 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Ylham Nazarow hem-de 75 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Yhlas Bagtyýarow bürünç medal bilen sylaglandylar.

Ýaryş başlamazdan ozal türkmen ýygyndysynyň tälimçisi Nurgeldi Kakalyýew öz şägirtleriniň ýeňiş üçin gelendigini we halkara derejesinde özlerini görkezmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Şeýle hem tälimçi türgenleriň gatnaşýan her ýaryşlarynda tejribe toplaýandygyny aýdyp, iri ýaryşlaryň türgenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrýandygyny belläp geçdi.

11.08.2023
GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen pälwany bürünç medal aldy

Erkin göreş boýunça türkmenistanly pälwan Zyýamuhammet Saparow Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 125 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agramda 8 türgen medallar ugrunda bäsleşdi.

Bürünç medal ugrundaky aýgytly tutluşykda Z.Saparow azerbaýjanly Aslan Abakarowy 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Russiýaly pälwan Alen Hubulow altyn medal ugrundaky tutluşykda belarusly Alekseý Parhomenkodan üstün çykdy. Şeýle-de gazak pälwany Omarhan Nadirowa hem bürünç medal berildi.

10.08.2023
«Ahal» «Altyn asyry» ýeňlişe sezewar etdi

Sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolup geçdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyryndan orun alan oýun 2:1 hasabynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirligine degişli «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.

Oýundaky hasap birinji ýarymda açyldy. Has takygy, 11-nji minutda «aragatnaşykçylaryň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedow tapawutlandy. Aradan dokuz minut geçenden soňra, «Ahalyň» ýarymgoragçysy Elman Tagaýew hasaby deňledi.

Türkmenistanyň häzirki çempionyna ýeňiş getiren goly bolsa, 88-nji minutda goragçy Ata Geldiýew derwezä ýollady.

Oýnuň ahyrky minutlarynda emin tarapyndan ikinji sary duýduryş görkezilen «Altyn asyryň» tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew öz meýdançasyny wagtyndan öň terk etmäge mejbur boldy.

Şeýlelikde, utuklarynyň sany 20-ligine galan «Altyn asyr» turnir tablisasynda ikinji orny eýeläp dur. Utuklarynyň sanyny 6-a ýetiren «Ahal» bolsa dokuzynjy ýerde barýar. Ýaryş jedweliniň başyny 24 utuk bilen «Arkadag» topary çekýär.

«Altyn asyr» – «Ahal» – 1:2

Gollar: Wahyt Orazsähedow, 11 – Elman Tagaýew, 20 (pen), Ata Geldiýew, 88.

09.08.2023