AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Ýewropa çempionatyndaky türkmen baýdagy

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň Niderlandlar ― Fransiýa duşuşygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göründi. Leýpsig şäherinde geçirilen we 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşyga mawy ýaýlym arkaly tomaşa eden janköýerler garşydaş münberiň öň hataryndaky türkmen baýdagyna birnäçe ýola gabat geldiler.

Bu duşuşyk şu ýaryşyň dowamynda derwezelere gol geçirilmedik ilkinji duşuşyk boldy. Hatda, 69-njy minutda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesinden geçirilen gol ofsaýt sebäbi bilen hasap edilmedi.

«D» toparçada her biri 4 utuk toplap bilen Niderlandlar bilen Fransiýa ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 3 utukly Awstriýa üçünji, utuk toplap bilmedik Polşa bolsa soňky orunda. Toparçanyň 25-nji iýunda geçiriljek jemleýji duşuşyklarynda Fransiýa Polşa bile, Niderlandlar bolsa Awstriýa bilen güýç synanyşar.

23.06.2024
Döwletjan Ýagşymyradowyň «PFL» ligasynyň ýarymfinalyndaky garşydaşy belli boldy

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow «PFL» ýaryşynyň ýarymfinalyna çykdy.

Ýagşymyradow bu hukuga kamerunly Simon Biýongy ýeňmegiň hasabyna eýe boldy.

Döwletjanyň 1/2 finaldaky garşydaşy awstraliýaly söweşiji Rob Uilkinson bolar. Duşuşygyň geçiriljek senesi soň kesgitlener. «PFL-iň» resmi Instagram sahypasynda berlen habarda aýdylyşy ýaly, nobatdaky ýaryş Maýamide geçer.   

Rob Uilkinson 32 ýaşynda. Onuň professional karýerasy 19 ýeňişden we 2 ýeňlişden ybarat. Boýy: 190 sm. 2017-2018-nji ýyllarda «UFC-de» çykyş etdi, emma bu ýerde geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňlişe sezewar boldy. Şolaryň birinde Siýar Bahadurzadeden, ikinjisinde bolsa Israel Adesanýadan asgyn geldi. 2022-nji ýylda «Razor» lakamly Rob «PFL» bilen şertnama baglaşdy we dessine 93 kilogram agram derejesinde çempion boldy. Ol ýarymfinala çykmak üçin geçiren soňky duşuşygynda eminleriň bölünişik esasyndaky netijesi bilen awstraliýaly Joşua Silweýrany ýeňdi.

Döwletjan Ýagşymyradow 34 ýaşynda, şahsy görkezijisi 23-7-1. Boýy: 180 sm. Döwletjan köplenç nokaut bilen ýeňiş gazanýar. Häzir bolsa bassyr bäşinji ýeňşini özünde jemleýän üstünlikli tapgyryny ynamly dowam etdirýär.

23.06.2024
21-nji iýun – günüň duşuşyklary: Niderlandlar bilen Fransiýa duşuşýar

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynyň 8-nji gününde 3 duşuşyk oýnalar.

Olaryň ilkinjisi 18:00-da başlanjak Slowakiýa – Ukraina duşuşygydyr. Dýusseldorf şäherindäki «Merkur Spiel-Arenada» oýnaljak oýna angliýaly Maýk Oliwer eminlik eder. «E» toparçanyň çägindäki bu duşuşyk iki toparyň arasyndaky 9-njy oýun bolar. Öňki 8 oýunda Ukraina 3, Slowakiýa 2 gezek ýeňiş gazandy.

Galan 2 duşuşyk «D» toparçanyň oýunlary bolup, günüň 2-nji duşuşygy 21:00-da başlanar. Polşa bilen Awstriýanyň arasyndaky duşuşykda türkiýeli Halil Umut Meler jürlewük çalar. Berlindäki «Olympiastadionda» oýnaljak duşuşyk iki toparyň özara 11-nji oýny bolar. Öňki özara duşuşyklarda Polşa 5, Awstriýa 3 gezek ýeňiş gazandy (2 deňlik).

Günüň 3-nji duşuşygy köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny Niderlandlar bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşykdyr. 00:00-da başlanjak oýun Leipsig şäherindäki «Red Bull Arenada» geçiriler. Duşuşyga angliýaly Antoni Teýlor eminlik eder. Iki topar mundan ozal 30 gezek gabatlaşdylar. Şolarda Fransiýa 15, Niderlandlar 11 gezek ýeňiş gazandy. 4 oýun deňlikde gutaryp, gollar boýunça Niderlandlar 57-54 öňde barýar. Duşuşykda Fransiýanyň düzüminde burnundan operasiýa bolan super ýyldyz Kilian Mbappeniň oýnap-oýnamajakdygy belli däl.

22.06.2024
Türkmenistanyň gandbol boýunça ýygyndy toparlary (U20 we U18) halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Almaty şäherine ugrady

Türkmenistanyň gandbol boýunça ýaşlar hem ýetginjekler (U20 we U18) ýygyndy toparlary 22 — 26-njy iýun aralygynda Almaty şäherinde geçýän (Gazagystan Respublikasy) Halkara Gandbol federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça erkekleriň arasyndaky Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşýarlar. Türkmen toparlary bu ýaryşa gatnaşmak üçin düýn — 20-nji iýunda säher bilen Aşgabat Halkara howa menzilinden Gazagystan Respublikasyna tarap ýola düşdiler.

Ýaryşa Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Täjigistanyň ýygyndy toparlaryndan başga-da, Mongoliýanyň we Pakistanyň ýaşlarydyr ýetginjekleri gatnaşarlar. Munuň özi ýaryşda Aziýanyň III zonasyna (Merkezi zona) wekilçilik edýän ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň çykyş edýändigini aňladýar.

«IHF Men Trophy 2024» atly ýaryşa ýurdumyzyň ýaşlar (U20) topary hem, ýetginjekler ýygyndysy-da wekilçilik edýär. Ýaşlar ýygyndymyzy bu ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 12-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýramgeldi Çulumbaýew taýýarlady. Ýetginjekler ýygyndymyzy bolsa şol mekdebiň tälimçi-mugallymy Nurgözel Öwezowa türgenleşdirýär. Ýygyndy toparlarymyzyň her biri iň zehinli gandbolçylarymyzyň onlarçasyny özünde jemleýär.   

Biz gandbol boýunça ýygyndy toparlarymyza öňde boljak möhüm synagda — Halkara Gandbol federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça erkekleriň arasyndaky Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

22.06.2024
Döwletjan Ýagşymyradow «PFL 5» ýaryşynda Simon Biýongy ýeňlişe sezewar etdi

Şu gün — 22-nji iýunda säher bilen Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça «PFL 5» ýaryşynyň çäginde türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongyň garşysyna çykdy.

Ýarym agyr agramda geçen duşuşyk 3 raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy (30–27, 30–27, 30–27).

Bu üstünlik türkmen türgeniniň hasabyny söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça 23-nji ýeňiş hökmünde bezedi.

22.06.2024
TFÇ - 2024. Üçünji aýlawyň başlanjak wagty belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 3-nji aýlawyna 11-nji awgustda girişmegi meýilleşdirýär. Bu barada "Janköýer" habar berdi.

TFF 15-nji iýun güni bu barada Ýokary liga wekilçilik edýän klublara resmi hat bilen çykdy. Hatda diňe bir Ýokary liganyň däl, eýsem, bu liga wekilçilik edýän klublaryň ýanyndaky Ýaşlar toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň 3-nji aýlawyna hem şol seneden badalga berler. Oňa çenli bolsa, çempionatda arakesme we tomusky transfer penjiresi dowam eder.

Iki aýlawy yzda galan ýaryşlaryň ikisinde-de «Arkadag» toparynyň öňbaşçydygyny ýatladýarys. Toparyň esasy düzümi 16 duşuşykda 48 utuk toplap, iň ýakyn bäsdeşinden ― «Altyn Asyrdan» 11 utuk öňe saýlanan bolsa, toparyň ýaşlar düzümi ululardan bary-ýogy 2 utugy az topladylar. Muňa garamazdan, «Arkadag» toparynyň ýaşlar düzümi ýaryşyň ikinji basgançagyndaky «Ahal II»-den 12 utuk öňde. Bu liganyň yzda galan möwsümleriniň ählisinde çempion bolan «Altyn Asyr II» bolsa, häzirlikçe, 33 utuk bilen üçünji orunda barýar.

21.06.2024
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli

Ozal habar berşimiz ýaly, «PFL» promouşeniniň esasy kardynda türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow hem oktagona çykar. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda çykyş edýän kamerunly Simon Biýong bolar.

Döwletjan Ýagşymyradow

Döwletjan, ilkibaşda 6 ýyllap karate bilen meşgullanýar, soňra kikboksda özüni synaýar. «MMA-daky» professional karýerasyna 2012-nji ýylda başlaýar. 2018-nji ýylda ýarym agyr agramda «ACB-niň» (häzirki «ACA») çempiony bolýar. Şol promouşende çempionlyk titulyny iki gezek üstünlikli goranyndan soňra, «Bellatora» geçýär. «Bellatorda» deslapky iki söweşinde ýeňilýär, soň bolsa bassyr dört ýeňiş gazanýar. Soňky söweşini aprel aýynda guralan «PFL» turnirinde geçirip, onda Jeýkob Nedony birinji raundda nokauda sezewar edýär.

Simon Biýong

Professional «MMA-da» 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 2021-nji ýylda «Bellatorda» debýut söweşini geçirip, onda ýeňlişe sezewar bolýar. Soňra bassyr iki tutluşykda ýeňiş gazanýar, emma soň ýene bassyr iki söweşde ýeňilýär. Özüniň soňky söweşini aprel aýynda geçirip, onda Antonio Karlos Žunior tarapyndan deslapky raundda ýeňlişe sezewar edilýär.

Söweş baradaky çaklama

Biýongyň boýy we elleri Ýagşymyradowa garanyňda ep-esli uzyn. Emma kamerunly türgen tejribe babatda türkmenistanly garşydaşyndan has asgyn.

Ýagşymyradow dik duran ýeriňde söweşmekde-de, göreş emellerini ulanmak babatda hem uly artykmaçlyga eýe. Şundan görnüşi ýaly, Biýong uzyn elleriniň kömegi bilen belli bir wagt aralygy saklap bilen halatynda hem, bu diňe onuň ýeňlişini gijikdirer. Ýagşymyradow häzir örän oňat formada. Şeýle bolansoň onuň wagtyndan öň ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary.

Söweşe nirede we nähili tomaşa edip bolar

Turnir 22-nji iýun güni gije ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherindäki «Jon M. Huntsman Center» arenasynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 1:30-da başlanar.

Turniriň esasy kardynyň tutluşyklary sagat 5:00-da başlanar. Ýagşymyradow — Biýong söweşiniň bolsa sagat 5:30 töwereginde başlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň çäginde bu tutluşyk «Älem TV-niň» ulanyjylary üçin elýeterli bolan «Setanta Sports» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

21.06.2024
Germaniýanyň ýygyndysy Ýewro-2024-iň pleý-off tapgyryna ýollanma alan ilkinji topar boldy

Germaniýanyň ýygyndysy futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda Wengriýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy we özi üçin pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Duşuşyk Ştutgart şäherinde geçirildi.

Germaniýanyň düzüminde Jamal Musiala (22-nji minut) we Ilkaý Gündogan (67) tapawutlanmagy başardy.

«A» toparçasynyň beýleki oýnunda Şweýsariýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylary özara 1:1 hasabynda deň oýnadylar. Şotlandlaryň goluna Skott Maktominaý, şweýsarlaryň goluna bolsa Jerdan Şakiri awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, iki aýlawdan soňra «A» toparçasynda Germaniýa 6 utuk bilen liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Şweýsariýada 4, üçünji ýerdäki Şotlandiýada bolsa 1 utuk bar. Heniz utuk gaznyp bilmedik Wengriýa bolsa soňky orny eýeläp dur. Şundan görnüşi ýaly, Germaniýanyň ýygyndysy eýýäm 1/8 finalyň ýollanmasyny gazanmagy başardy.

Toparçadaky jemleýji oýunlarda Şotlandiýa Wengriýa bilen, Germaniýa bolsa Şweýsariýa bilen güýç synanyşar. Oýunlaryň ikisi hem 23-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewro-2024-de 6 toparça bölünen 24 sany ýygyndy gatnaşýar. Her toparçadan birinji we ikinji orunlaryň eýeleri, şeýle-de üçünji orny eýelän ýygyndylaryň has gowy netije gökezen dördüsi 1/8 final tapgyryna ýollanma alýar. Ýaryşyň final oýny 14-nji iýulda Berlin şäherinde geçiriler.

Şu gün, 20-nji iýunda Ýewropanyň çempionatynyň altynjy gününiň oýunlary bolup geçer. Günüň deslapky iki oýnunda «С» toparçasyndan orun alan ýygyndylar güýç synanyşarlar. Has takygy, Sloweniýa Serbiýa bilen, Daniýa bolsa Angliýa bilen oýnar. Günüň ahyrky duşuşygy «B» toparçasyndaky ýygyndylaryň arasynda bolup, onda Ispaniýa bilen Italiýa duşuşar.

Ýewro-2024-iň 20-nji iýundaky oýunlarynyň tertibi (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilendir):

Sloweniýa – Serbiýa. 18:00;
Daniýa – Angliýa. 21:00;
Ispaniýa – Italiýa. 23:55.

21.06.2024
Gurban Berdiýewe Dagystanyň «At gazanan tälimçisi» diýen at dakyldy

Türkmenistanly meşhur futbol tälimçisi Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň At gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew ozal «Dinamo» toparyna baş tälimçilik eden bolsa, häzirki wagtda klubuň prezidentiniň geňeşçisi hasaplanýar. «Dinamo» tamamlanan möwsümiň jemleri boýunça Russiýanyň Premýer-ligasyna çykmagy başardy.

Mundan ozal, Gurban Berdiýewiň Azerbaýjanyň «Turan» klubuna baş tälimçi boljakdygy barada habar beripdik. Bar bolan maglumatlara görä, Gurban Berdiýew 21-nji iýunda Dagystandan Baku şäherine barar hem-de «Turan» bilen «2+1» görnüşindäki şertnama gol çekişer. «Turanyň» wise-prezidenti Ali Balakişiýew Gurban Berdiýewiň 24-nji iýundan toparyň ähli oýunçylaryny jemläp, türgenleşik ýygnanyşygyna başlajakdygyny mälim etdi.

20.06.2024
Muhadowyň goly «Abdyş-Atany» Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy

«Abdyş-Ata» 19-njy iýunda geçirilen futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň çärýek final oýnunda «Algadan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Kant şäherindäki «Nitro-Arena» stadionynda geçirildi. Bu barada Sport.kg ýazýar.

Duşuşygyň 40-njy minutynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Süleýman Muhadow topy «Alganyň» derwezesine dürs gönükdirip, hasaby açdy. Oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşup berlen minutlarda bolsa Erbol Abdujaparow «Abdyş-Atanyň» hasapdaky üstünligini 2 topa çykardy.

Şeýlelikde, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan «Abdyş-Ata» ýaryşyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Ol ýarym finalda «Talant» — «Dordoý» jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, «Abdyş-Atanyň» düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew hem çykyş edýär. Gyrgyzystanyň häzirki çempiony hasaplanýan «Abdyş-Ata» 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Ýaryşyň saýlama tapgyrynda «Abdyş-Ata» 13-nji awgustda öz öýünde Owganystanyň çempiony «Attack Energy» kluby bilen oýnar. Bu jübütiň ýeňijisi Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryş bolan AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisiniň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny alandyklaryny hem-de «Altyn Asyr» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň saýlama tapgyrynda, Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» toparynyň bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etjekdigini habar beripdik.

20.06.2024
Türkiýe hem-de Portugaliýa çempionata ýeňiş bilen başlady

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynyň 5-nji gününde 2 duşuşyk geçirilip, 1-nji aýlawyň oýunlary tamamlandy.  

«F» toparçada günüň ilkinji oýnunda Türkiýe bilen çempionata ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 25-nji minutynda türkiýeli goragçy Merih Demiral ajaýyp urgy bilen toparyny öňe çykardy. Bu goldan 2 minut soň Kenan Ýyldyzyň goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Duşuşygyň 32-nji minutynda Gruziýanyň ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Žorž Mikautadze hasaby deňledi. Oýnuň 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 65-nji minutynda «Real Madrid» toparynyň türkiýeli ýaş ýyldyzy Arda Güler örän owadan gol bilen toparyny öňe saýlady. Şondan soň gruzinler hasaby deňlemek üçin jan aýaman göreşdiler. Oýnuň 90+7-nji minutynda bolsa derwezeçiniň öňe gitmeginden ýerlikli peýdalanan türk ýygyndysy Kerem Aktürkoglunyň boş derwezä gönükdiren goly bilen 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şol gün 50 ýaşyny dolduran toparyň tälimçisi Winçenzo Montella duşuşykdan soň bu ýeňşiň özi üçin iň gowy doglan gün sowgady bolandygyny belläp, futbolçylaryny gazanylan ilkinji 3 utuk bilen gutlady.

Pepeniň hem-de Ronaldunyň täze rekordlary
Günüň 2-nji duşuşygynda Portugaliýa bilen Çehiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Portugaliýanyň ýygyndysynda esasy düzümde meýdança çykan Pepe bilen Kriştianu Ronaldu taryhy rekord goýdy. Pepe 41 ýaş 113 gün bilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden iň ýaşuly futbolçynyň rekordynyň täze eýesi boldy. Ronaldu bolsa 6-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eden ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, 2-nji ýarymda, has takygy, 62-nji minutda Lukaş Prowodyň goly bilen çehler öňe geçdi. Ýöne portugallaryň jogaby gijikmedi. Oýnuň 69-njy minutynda Robin Hranaçyň awtogoly bilen hasap deňlendi. 87-nji minutda Ronaldonyň süsen topy sütünden yzyna gaýtdy. Şol pursatda topy derwezä girizen Žotanyň goly ofsaýt sebäpli bellige alynmady. Duşuşygyň 90-njy minutynda oýna giren Fransişko Konseýsao 2 minutdan soň topy derwezä girip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

20.06.2024
«Boston Seltiks» — NBA-nyň 18-nji gezek çempiony

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da 2023/2024-nji ýyllaryň möwsüminiň çempiony belli boldy. Final oýunlarynyň 5-nji duşuşygynda «Boston Seltiks» öz meýdançasynda «Dallas Maweriks» toparyny 106:88 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. «TD Garden Arena»-da oýnalan duşuşykda «Boston Seltiks» toparynda Jeýson Tatum 31 utuk, 11 asist, Jeýlon Brawn 21 utuk, 8 ribaund görkezijiler bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 4:1 öňe saýlanan «Boston Seltiks» 16 ýyldan soň NBA-nyň çempionlygyny gazandy. Bu olaryň 18-nji çempionlygy bolup, «Boston Seltiks» topary «Los Anjeles Leýkersden» öňe geçdi we NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan topary bolmagy başardy. «Boston Seltiks» mundan ozal, 1957-nji, 1960-njy, 1961-nji, 1962-nji, 1963-nji, 1964-nji, 1965-nji, 1966-njy, 1968-nji, 1969-njy, 1974-nji, 1976-njy, 1981-nji, 1984-nji, 1986-njy hem-de 2008-nji ýylda NBA-nyň çempiony bolupdy.

Toparyň ýyldyz oýunçysy Jeýlen Brawn final duşuşyklarynyň iň ökde oýunçysy saýlanyp, ol Bill Rassel adyndaky MVP baýragy bilen sylaglandy.

19.06.2024
1 ... 21 22 23 24 25 ... 38