Habarlar
Türkmenistanyň sport wekiliýeti 26-njy iýul – 12-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin şu gün Stambulyň üsti bilen Aşgabatdan Pariže geldi.
Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu köpugurly ýaryşlar ýer ýüzüniň iň gowy türgenlerini bir ýerde jemlemek bilen, dünýäde ýokary gyzyklanma döredýär.
Sportuň ösmegine ägirt uly üns berýän Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryna wekiliýetini sekizinji gezek iberýär. Häzirki wekiliýetiň düzüminde 19 adam, şol sanda 6 türgen bar. Biziň türgenlerimiz sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça gatnaşar.
Dünýäniň iň uly parahatlyk forumynda Türkmenistan tarapyndan dzýudoçy Serdar Rahymow (agram topary 66 kg çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli), agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew (102 kg çenli), ýüzüjiler Musa Jalaýew (erkin stilde 100 metr), Aýnur Pirimowa (arkanlygyna 100 metr) we ýeňil atletikaçy Walentina Meredowa (100 metre ylgama) dagy gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak, ol 2008-nji ýylda Pekinde (Hytaý) geçen oýunlara ilkinji gezek gatnaşanyndan soň, wekiliýetimizden Olimpiada ikinji gezek gatnaşýan ýeke-täk türgendir. Galan türgenler Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler.
Eýsem-de bolsa, toparymyzdaky ilkinji gezek çykyş edýänleriň arasynda eýýäm dünýä sportunda tanalýan türgenleriň bardygy bellemäge mynasypdyr. Bu, ilkinji nobatda, dzýudo boýunça Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Uly tuwulga çempiony, «Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynda 66 kg çenli agram toparynda altyn medala mynasyp bolan Serdar Rahymow we Hançžouda geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň we Türkiýede geçen «Antalya Grand Slam 2024» Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalçysy Maýsa Pardaýewadyr (57 kg çenli).
Üç ýyl mundan öň Tokioda geçen Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medal gazanypdylar. Oňa 59 kg çenli agram toparyndan agyr atletikaçy Polina Gurýewa mynasyp bolupdy.
Türkmenistanyň wekilleri ýakynda Parižde geçiriljek Olimpiadada bulardan has ýokary derejeler gazanmak bilen, watanymyzyň sport abraýyny mümkingadar ýokary galdyrmagy niýet edinýärler. Türkmenistanyň döwlet syýasaty derejesine galdyrylan olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek meselesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özleriniň gatnaşmagy muňa umyt baglamaga esas berýär.
Pariže ugramaklarynyň öňýany Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna dabaraly ugradyş çäresi bolup geçdi. Bu çäre halky has-da jebisleşdirdi we olimpiadaçylaryň belent ruhuna ruh goşdy.
Beýik britaniýaly meşhur tennisçi Endi Mýurreý karýerasyny tamamlamagyň bosagasynda dur. Ol iň soňky bäsleşigi üçin Pariže gelendigini tassyklap, tomusky Olimpiýa oýunlaryndan soň tennis bilen hoşlaşjakdygyny aýtdy. 5-nji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan 37 ýaşyndaky tennisçi karýerasy boýunça 45 ýaryşda ýeňiş gazanyp, bu ugurda «Açyk» döwrüň 15-nji tennisçisidir. Tennis ýaryşlaryndan 65 million dollara golaý pul baýragyny gazanan Mýurreý bu babatda 4-nji ýeri eýeleýär.
Rojer Federer, Rafael Nadal hem-de Nowak Jokowiçiň kölegesinde galan Mýurreý 3 «Uly tuwalga» kubogyny gazandy. «Uimbldonda» 2 (2013, 2016) hem-de Amerikanyň Açyk çempionatynda» (2012) çempion bolan Mýurreýe «Awstraliýanyň we Fransiýanyň Açyk çempionatlarynda ýeňiş gazanmak başartmady. Ol «Fransiýa Açykda» 1, «Awstraliýa Açykda» bolsa 5 gezek finalda ýeňildi.
Ussat tennisçi tomusky Olimpiýa oýunlarynda 2 gezek çempion bolmagy başardy. Pariž 2024-e gatnaşmak bilen 3-nji altyn medalyna ymtylýan Mýurreý 2012-nji we 2016-njy ýyllarda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmagyň hötdesinden geldi. Ol 2012-nji ýylda Londonda jübütleýin ýaryşda kümüş medal hem gazandy.
Erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Alp Arslan begenjow Taýlandyň Si-Raça şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp boldy.
Ýaryş düşekçesine 79 kilograma çenli agram derejesinde çykan türkmen pälwany bu üstünligini dünýäniň dürli döwletlerine wekilçilik edýän 11 sany agramdaşynyň arasynda gazandy.
Hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan Alp Arslan saýlama tutluşykda ýaponiýaly Şunsuke Mizusakini 12:2, çärýekfinalda gyrgyzystanly Ramazan Iskenderowy 10:0 hasabynda ýeňip, ýarymfinala çykmaga hukuk gazandy. Ýaryşyň bu tapgyrynda ol gazagystanly pälwan Ýerhan Beksultanowy hem 6:0 hasabynda ýeňdi. Ezber ildeşimiz altyn medal ugrundaky final tutluşygynda eýranly türgen Majid Bageri Heýrabaddan 10:0 hasabynda üstün çykdy.
Şu agram derejäniň bürünç medallaryna hindistanly Amitu Amitu bilen gazagystanly Ýerhan Beksultanow mynasyp boldy.
Bu ýeňiş Alp Arslan Begenjowyň iýul aýynyň dowamynda gazanan ikinji halkara üstünligidir. Ol şu aýda Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medal eýeläpdi.
Alp Arslan 18 ýaşyny 8-nji awgustda doldurar. Heniz juda ýaşdygyna garamazdan, ol birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijisidir. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Rumyniýada geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» atly halkara derejeli ýaryşyň altyn medallaryna iki gezek mynasyp bolan ezber erkin göreşçi mundan iki ýyl ozal 65 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda hem Aziýanyň çempiony bolmagy başarypdy. Geçen ýyl bolsa ol şol ýaryşa 71 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Şu gün — 23-nji iýulda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže ugradylar. Tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriler.
Watandaşlarymyz türgenlerimize öňde boljak tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baýdagyny belende götermegi arzuw etmek bilen, olaryň bu iri halkara ýaryşda ýokary netijeleri gazanjakdyklaryna, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýärler.
Biz türkmen türgenlerine dörtýyllygyň iň uly sport baýramynda — Pariž olimpiadasynda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Watanyň we halkyň ynamyny ödemek, uly ýeňişleri gazanmak türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.
Lewerkuzeniň «Baýer» toparynyň düzüminde çykyş edýän eýranly türkmen asylly hüjümçi Serdar Azmunyň öz karýerasyny Ispaniýada dowam etdirmegi mümkin. «El Desmarque» neşiriniň ýazmagyna görä, hüjümçi kärende esasynda «Sewilýanyň» düzümine goşulyp biler.
Serdar Azmun 2022-nji ýylyň ýanwarynda «Zenitden» «Baýeriň» düzümine geçipdi. Nemes topary üçin geçiren ilkinji möwsüminde Serdar Azmun 44 oýunda 5 gol urdy we 5 gezek golly pas berdi. Hüjümçi geçen möwsümi kärende esasynda Italiýanyň «Roma» toparynda geçirip, ähli ýaryşlardaky 29 oýunda 3 gol urdy hem-de 4 gola assistentlik etdi. Serdar Azmunyň «Baýer» bilen gol çekişen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de Sankt-Peterburgdaky Türkmen medeniýetiniň «Mekan» jemgyýetiniň hormatly agzasy hasaplanýar.
Serdar Azmun soňky gezek 2024-nji ýylyň mart aýynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde Türkmenistana geldi. Serdaryň şikesi sebäpli oýnamadyk şol duşuşygynda Türkmenistan Eýrandan 1:0 hasabynda asgyn gelipdi.
«Arkadag» topary ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Wladimir Baýramowdan tälim alýan toparyň Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada guraýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde bolup geçdi.
«Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow tapawutlandy.
«Arkadag» futbol kluby Rumyniýadaky OTÝ-niň çäginde ýene birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Şolaryň biri «Sepsi OSK II» topary bilen 25-nji iýulda geçiriler.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan «Arkadag» kluby şu möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çagyryş kubogynda çykyş eder.
«Arkadag» toparynyň Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary 22-nji awgustda geçiriljek bije çekmek dabarasyndan soňra belli bolar.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, sport hünärmenleri, türgenler hem köp sanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Sport toplumynyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan ajaýyp sergide türkmen sportunyň sazlaşykly ösüşleri aýdyň beýanyny tapýar.
Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy
— Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Pariž olimpiadasyna gatnaşjak ýygyndy toparynyň agzalaryna ýollan Gutlagynda belleýär.
Şeýle dürdäne jümleler türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu hakykat türgenleriň sport toplumynyň giň meýdançasynda eden ynamly ýörişinde hem aýdyň şöhlelendi.
Watanymyzda amala aşyrylýan sport özgertmelerini, taryhy ýeňişleri wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlardyr tanslar dabaranyň şowhunyny goşalandyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize Ýüzlenmesi kabul edildi.
Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!
Gadyrly türgenler!
Sizi 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Gadyrly türgenler!
Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda halkara sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýy günsaýyn artýar. Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Olimpiýa oýunlary, halkara sport ýaryşlary sportuň üsti bilen parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk taglymlaryny durmuşa geçirmekde özboluşly gural bolup durýar. Türkmenistan dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär.
Hormatly türgenler!
Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!
Gadyrly türgenler!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi sagdynlygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!
Gadyrly türgenler!
Size XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, uly üstünlikleri gazanmagyňyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, halkara sport giňişliginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hemişe belentde parlasyn!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminamada:
• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmalydygy we ony Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmelidigi;
• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmelidigi we onuň düzümini tassyklamalydygy;
• Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda kabul eden 1-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermelidigi;
• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi we bu işleri utgaşdyrmalydygy barada aýdylýar.
«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan edip, ýurdumyzyň bu gatnaşyklary Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem ösdürilmegini goldaýandygyny belledi, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar boýunça ilerletmekde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de eýeleýän wezipesinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
19-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleri sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany wise-premýer B.Orazdurdyýewa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
«Milan» futbol kluby ispaniýaly hüjümçi Alwaro Morata bilen şertnama baglaşdy. Bu barada italiýan klubynyň resmi saýty habar berýär. Hüjümçi topara Madridiň «Atletikosyndan» geçdi.
30 ýaşly futbolçy bilen 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Şertnamada ony ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
Morata «Milanda» 7-lik belgili köýnekçäni geýer.
«Milan» bu transfer üçin «Atletiko» klubyna 13 million ýewro tölär.
Soňky iki ýylda «Atletikonyň» üstünlikleri üçin göreşen Morata ozal Italiýada «Ýuwentusyň» hem köýnekçesini geýipdi. Ol La Liganyň geçen möwsüminde 32 duşuşykda 15 gol geçirdi.