AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Germaniýa çempionata uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatyna badalga berlip, Mýunhen şäherindäki «Allianz Arena» stadionynda oýnalan Germaniýa - Şotlandiýa açylyş duşuşygynda ýer eýeleri uly hasap bilen ýeňiş gazandy. 5-1 hasabynda ýeňiş gazanan nemesler 1-nji ýarymda 3 gol geçirdiler. Onuň 10-njy minutynda Florian Wirts tapawutlanyp, 17-nji Ýewropa çempionatynyň ilkinji goluny geçirdi. Bu goldan 9 minut soň başga bir ýaş oýunçy Jamal Musiala hasaby 2-0-a çykardy. 1-nji ýarymyň ahyrynda emin şotlandiýalylardan goragçy Porteusa VAR-yň görkezmesi boýunça gyzyl kart görkezdi hem-de penaltı urgusyny belledi. Ony-da 45+1-nji minutda Kai Hawerts dürs urup, arany hasam açdy. 2-nji ýarymda-da oýnuň jylawyny doly özlerinde saklan ýer eýeleri ýene-de 2 gol geçirdiler. 2 goly hem oýna soň giren «Borussiýaly Dortmund» klubunyň oýunçylary öz atlaryna ýazdyrdylar. 68-nji minutda Fullkrug, 90+nji minutda-da Emre Jan geçirdi. Şotlandiýanyň ýeke-täk goşuny-da Germaniýany futbolçy, has takygy, 87-nji minutda Antonio Rudiger bilmezlikde öz derwezesinden girizdi.

Şunlukda, 5-1 hasabynda uly hasaply ýeňiş gazanan Germaniýanyň ýygyndysy özlerindäki çempionata ynamly başladylar.

Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, Jamal Musiala saýlandy. Onuň dowamynda geçiren 102 pasynyň 101-sini ýoldaşlaryna takyk geçiren Toni Kroos toparynyň ýeňşine saldamly goşant goşdy.

15.06.2024
15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda şu günüň duşuşyklary

Germaniýanyň Şotlandiýany 5-1 hasap esasynda ýeňen duşuşygy bilen açylan 17-nji Ýewropa çempionatynyň 2-nji gününde 3 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň ilkinjisi «A» toparçanyň, beýleki 2-si bolsa «B» toparçanyň oýunlary bolar.

Wengriýa – Şweýsariýa (18:00)
Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanjak oýunda Wengriýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary duşuşar. Köln şäherindäki «RheinEnergieStadion»-da oýnaljak duşuşyga sloweniýaly Slawki Winçiç eminlik eder. Bu duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 47-nji duşuşyk bolar. Yklymyň özara köp duşuşyk geçiren 2 toparynyň arasyndaky ozalky oýunlarda wengerler 30, şweýsarlar 11 gezek ýeňiş gazandy. 5 oýun deňlikde tamamlanyp, wengerleriň 151 goluna şweýsarlar 71 gol bilen jogap berdi. Iki topar Ýewropa çempionatynyň çäginde ilkinji gezek gabatlaşar.

Ispaniýa – Horwatiýa (21:00)
Günüň 2-nji duşuşygynda toparçalarda öňe saýlanýan oýunlaryň biri bolan Ispaniýa – Horwatiýa duşuşygydyr. 21:00-da başlanjak oýun angliýaly Maýkl Oliweriň eminlik etmeginde Berlindäki «Olimpiastadion»-da geçiriler. Bu olaryň özara 11-nji duşuşygy bolup, öňki 10 oýnuň 5-sinde ispanlar, 3-sinde horwatlar ýeňiş gazandy (2 oýun deňlikde tamamlandy). Gollarda 20-12 Ispaniýa öňde barýar. Bu olaryň Ýewropa çempionatlaryndaky 4-nji duşuşygy bolup, iki topar bassyr 3 çempionatdan bäri duşuşyp gelýär. 2012-nji ýylda toparçadaky oýunda Ispaniýa 1-0 (Nawas 88), 2016-njy ýylda toparçadaky duşuşykda Horwatiýa 2-1 (Kaliniç 45, Perişiç 87 – Morata 7) hasabynda ýeňipdi. 2020-nji ýylda-da 1/8 finalda 8 goluň geçirilen oýnunda esasy wagt 3-3 deňlikde tamamlanyp, Ispaniýa goşmaça wagtda 5-3 garşydaşyndan üstün çykypdy (Sarabiýa 38, Aspilikueta 57, Ferran Torres 77, Morata 100, Oýarzabal 103 – Pedri 20 ö.d., Orşiç 85, Paşaliç 90+2).

Italiýa – Albaniýa (00:00)
Günüň 3-nji we iň soňky oýny Italiýa bilen Albaniýanyň arasynda geçiriler. 00:00-da başlanjak oýnuň emini germaniýaly Feliks Swaýer bolup, duşuşyk Dortmunddaky «Westfalenstadion»-da oýnalar. Bu olaryň arasyndaky 5-nji duşuşyk bolup, mundan öňki 4 oýunda italýanlar ýeke gezek hem ýeňilmän, ählisinde-de Albaniýany ýeňmegi başardy.

15.06.2024
Gurban Berdiýewiň Azerbaýjanda bir toparyň baş tälimçisi bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanly meşhur futbol hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýakynda Azerbaýjanyň «Turan» toparynyň baş tälimçisi bolmagy mümkin. Bu barada klubyň sport direktory Samed Nasibow «Sport24» neşirine maglumat berdi.

― Biz Gurban Bekiýewiç bilen onuň biz bilen işleşmegi dogrusynda gepleşikleri geçirdik, indi işiň diňe şertnama gol çekişäýmeli bölegi galdy. Ol ýakyn wagtda «Turanyň» baş tälimçisi bolup biler ― diýip, Nasubow aýdýar.

Azerbaýjanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 48 utuk toplan «Turan» altynjy orny eýeledi.

Gurban Berdiýewiň soňky işlän toparynyň Mahaçkalanyň «Dinamosy» bolandygyny bu ýerde 2023-nji ýylyň iýul aýyndan şu ýylyň ýanwaryna çenli işländigini ýatladýarys.

14.06.2024
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy üçin bije çekişlik boldy.

Bije çekişlige 43 ýygyndy gatnaşdy. Olar öz aralarynda 10 toparça bölündiler. Yklym çempionatynyň saýlama duşuşyklary şu ýylyň 19 ― 27-nji oktýabry aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy bije çekişligiň netijesinde «D» toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada türkmen futbolçylaryndan başga-da, Taýlandyň, Hindistanyň we Bruneýiň ýygyndylary hem bar.

Saýlama duşuşyklaryň netijesinde 10 toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen 5-si yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşar. Aziýanyň kubogy geljek ýylyň 3-nji aprelinden 20-nji apreline çenli aralykda Saud Arabystanynda geçiriler.

Bije çekişligiň netijeleri:

  • «A» toparça: Eýran, Iordaniýa (Ýer eýesi ― geljekde ý.e.), Siriýa, Gonkong, Hytaý, KHDR;
  • «B» toparça: Owganystan, Bangladeş, Kamboja (ý.e.), Filippinler, Makau;
  • «C» toparça: Koreýa Respublikasy, Hytaý (ý.e.), Bahreýn, Butan, Maldiwler;
  • «D» toparça: Taýland (ý.e.), Hindistan, Bruneý, TÜRKMENISTAN;
  • «E» toparça: Özbegistan, Yrak, Taýwan (ý.e.), Palestina;
  • «F» toparça: Ýaponiýa, Katar (ý.e.), Mongoliýa, Nepal;
  • «G» toparça: Awstraliýa, Indoneziýa, Kuweýt (ý.e.), Demirgazyk Marian adalary;
  • «I» toparça: Ýemen, Wýetnam (ý.e.), Gyrgyzystan, Mýanma;
  • «J» toparça: Täjigistan, Oman, Singapur (ý.e.), Guam.
14.06.2024
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň (U-20) Aziýanyň Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän merkezi edarasynda 20 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýygyndy toparlaryň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Çekilen bijeleriň esasynda ýygyndy toparlaryň 45-si toparçalaryň onusyna bölündi.

Türkmen ýygyndysy Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Mýanmanyň ýygyndy toparlary bilen bilelikde «I» toparçada çykyş eder.   

Saýlama tapgyryň «I» toparçasynyň duşuşyklary şu ýylyň 21 — 29-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçer.

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogy – 2025-iň final böleginiň geljek ýylyň 5 — 23-nji fewraly aralygynda Hytaýda geçjekdigini ýatladýarys. Bu tapgyra saýlama toparçalaryň onusynyň ýeňijileri hem-de ikinji ýeri eýelän ýygyndylaryň iň gowy netijäni görkezen bäşisi çykar.

Bijeleriň netijeleri:

  • «A» toparça: Wýetnam (ýer eýesi), Siriýa, Bangladeş, Butan, Guam;
  • «B» toparça: Özbegistan, Bahreýn, Taýwan (ýer eýesi), Kamboja, Nepal;
  • «C» toparça: Koreýa Respublikasy, Liwan, BAE, Kuweýt (ýer eýesi), Demirgazyk Marian adasy;
  • «D» toparça: Awstraliýa, Saud Arabystany (ýer eýesi), Palestina, Owganystan, Makao;
  • «E» toparça: Täjigistan (ýer eýesi), Oman, Malaýziýa, Şri-Lanka, KHDR;
  • «F» toparça: Indoneziýa (ýer eýesi), Ýemen, Timor-Leşti, Maldiwler;
  • «G» toparça: Eýran, Mongoliýa, Hindistan, Laos (ýer eýesi)
  • «H» toparça: Yrak, Tailand (ýer eýesi) Filippinler, Bruneý;
  • «I» toparça: Ýaponiýa, Gyrgyz Respublikasy, Mýanma, Türkmenistan.
  • «J» toparça: Iordaniýa, Katar (ýer eýesi), Singapur, Gonkong, Hytaý.
14.06.2024
17-nji Ýewropa çempionatynyň iň gymmat ýygyndysy mälim edildi

Ýene-de 2 günden başlajak 17-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň transfer bazaryndaky bahalary esasynda olaryň gymmaty hasaplandy. «Transfermarkt» saýtynyň maglumatlaryna salgylanylyp, Türkiýäniň «AA» habarlar agentligi tarapyndan düzülen sanawda iň gymmat topar Angliýanyň ýygyndysydyr. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden bolan Angliýanyň düzümindäki 26 futbolçynyň bahasy 1,52 milliard ýewro deňdir. Bu ugurda Fransiýa 1,23 milliard ýewro bilen 2-nji, 1,05 milliard ýewro gymmaty bolan Portugaliýa 3-nji ýeri eýeleýär.

100 million ýewro hem ýetmeýän gymmaty bilen Rumyniýanyň ýygyndysy sanawyň iň aşaky ornunda barýar.

Umumylykda, çempionata gatnaşýan 24 ýygyndynyň bahasy 11 milliard 381 million ýewro deňdir.

1. Angliýa – 1,52 milliard ýewro;

2. Fransiýa – 1,23 milliard ýewro;

3. Portugaliýa – 1,05 milliard ýewro;

4. Ispaniýa – 965,5 million ýewro;

5. Germaniýa – 851 million ýewro;

6. Niderlandlar – 765 million ýewro;

7. Italiýa – 705,5 million ýewro;

8. Belgiýa – 584,5 million ýewro;

9. Daniýa – 415,5 million ýewro;

10. Ukraina – 379 million ýewro;

11. Horwatiýa – 327,7 million ýewro;

12. Türkiýe – 324,1 million ýewro;

13. Serbiýa – 313,4 million ýewro;

14. Şweýsariýa – 281,5 million ýewro;

15. Awstriýa – 237 million ýewro;

16. Polşa – 210,3 million ýewro;

17. Şotlandiýa – 207,4 million ýewro;

18. Çehiýa – 185,9 million ýewro;

19. Wengriýa – 165,45 million ýewro;

20. Gruziýa – 161,05 million ýewro;

21. Slowakiýa – 156,4 million ýewro;

22. Sloweniýa – 141,55 million ýewro;

23. Albaniýa – 111,6 million ýewro;

24. Rumyniýa – 92,13 million ýewro.

13.06.2024
Ronaldu rekordlaryň ýene birini täzeledi

Milli ýygyndylaryň arasynda Ýewropa çempionatyna taýýarlyk hökmünde görülýän ýoldaşlyk duşuşyklary geçirilmegini dowam edýär. Çempionlygyň esasy bolmasa-da, dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän 2016-njy ýylyň ýeňijisi Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Irlandiýa bilen duşuşdy. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Portugaliýanyň gollaryny Žoao Feliks (18) hem-de Kristiano Ronaldo (50, 60) geçirdi. Esasy düzümde meýdança çykyp, 2 gol geçiren ençeme rekordyň eýesi Ronaldo ýene bir taryhy rekordy täzeledi. Rekordlardan doýmaýan Ronaldu ýokary derejeli ýaryşlarda (çempionatlar, ligalar, kubok ýaryşlary...) 1226-njy gezek meýdança çykyp, dünýä rekordyny öz adyna geçirdi. Bu ugurda 1225 oýun bilen braziliýaly rowaýaty derwezeçi Rojerio Seni ozalky rekordyň eýesidi. Ronaldu milli çempionatlarda 698, kubok ýaryşlarynda 101, halkara klub ýaryşlarynda 220, milli toparda-da 207 duşuşykda meýdança çykdy.

Şeýle-de, Ronaldu milli topardaky gollarynyň sanyny 130-a ýetirip, öz rekordyny ösdürdi. Ol milli ýygyndynyň köýnekçesini 207-nji gezek geýip, bu babatda hem 2-nji ýerdäki futbolçy bilen arasyny açmagyny dowam edýär.

Şol sanda Ronaldu karýerasyndaky 894-nji we 895-nji gollaryny geçirdi. Ol ýene-de 5 gezek tapawutlansa, onda onuň gollarynyň sany 900-e ýeter.

13.06.2024
Gazagystanda Madridiň «Atletiko» klubynyň akademiýasynyň açylmagy mümkin

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen Ispaniýanyň Madrid şäheriniň «Atletiko» futbol klubynyň prezidenti Enrike Sereso Torres bilen geçirilen gepleşiklerde Gazagystanda klubyň akademiýasyny açmak barada pikir alşyldy.

Gazak lideriniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ispan klubynyň baştutany Almaty welaýatynyň Talgar şäherindäki «Akbulak» Olimpiýa merkezinde klubyň akademiýasyny açmak baradaky teklibini berdi.

― Gazak lideri bu taslama ýokary baha bermek bilen, ýurtda futbolyň ösdürilmegine goşant goşjak taslamany hemişe goldajakdyklaryny aýtdy ― diýip, metbugat gullugy ýazýar.

Şeýle hem Tokaýew ýurtda futbolyň juda meşhurdygyny, çagalaryň 40 müňden hem gowragynyň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýandygyny aýtdy.

Sereso Torres bolsa öz gezeginde klubyň birnäçe döwletde öz akademiýasyny açandygyny we olaryň üstünlikli işläp gelýändigini, şol döwletlerden futbol ýyldyzlarynyň ýetişmegine goşant goşýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda «Atletikonyň» ýolbaşçysy Tokaýewe klubyň futbolçylarynyň gollary çekilen köýnekçäni sowgat berdi.

13.06.2024
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Gonkong bilen deňme-deň oýnady

11-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň «Е» toparçasyndaky jemleýji duşuşygyny geçirdi.

Türkmen futbolçylary ak eşikde, myhmanlar bolsa gyzyl köýnekçede çykyş etdiler.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçen duşuşyk deňme-deň ýagdaýda tamamlandy — 0:0.

Duşuşyga 10 000-den hem gowrak janköýeriň ýerinde — stadionda tomaşa edendigini bellemek gerek.

Duşuşykdan soň Mergen Orazowyň tälim berýän ýygyndysy toplan 2 utugy bilen goşmaça görkezijiler boýunça (geçirilen hem-de goýberilen gollaryň aratapawudy) Gonkongyň ýygyndy toparyndan (2 ball) öňe geçdi we öz toparçasynyň üçünji basgançagynda ýerleşdi.

12.06.2024
Halkara ýoga güni mynasybetli Türkmenabatda, Maryda we Aşgabatda ussatlyk sapaklary geçiriler

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hemmeler üçin açyk boljak ýoga sapaklaryny geçirjekdigini habar berýär.

Ýoga sapaklary ilçihana tarapyndan aşakdaky tertibe laýyklykda guralýar:

  • 12-nji iýun — 16:00. Geçiriljek ýeri: 7-nji sport mekdebi, Türkmenabat.
  • 14-nji iýun — 08:30. Geçiriljek ýeri: Baýramaly şypahanasy, Mary.
  • 21-nji iýun — 07:00. Geçiriljek ýeri: Olimpiýa şäheriçesi, Aşgabat.

Ýoga sapaklary — tölegsiz. Isleg bildirýänleriň ählisi we ýoganyň muşdaklary sapaga goşulyp bilerler we olar şu salgy boýunça öňünden hasaba durmalydyrlar.

Gatnaşýanlaryň hemmesine öz ýoga düşekçelerini (halyçalaryny) getirmek we ýoganyň laýyk geýinmek maslahat berilýär.

Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasy bu baýramçylygy bellemek baradaky kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul etdi.

12.06.2024
Türkmenistanly mergenler Minskde geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandylar

Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysynyň wekilleri ýakynda Minsk şäherinde geçirilen Belarus Respublikasynyň Açyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, bu ýerde medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Milli ýygyndymyzyň gaznasyna gelen medallaryň biri kümüş, ikisi bürünç medaldyr.

Halkara ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşan ýygyndymyzdan paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedowyň iki medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şahsy ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan Ezizmuhammet toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bähbit Gurbanow we içeri işler edaralarynyň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýaryşa gatnaşmak üçin dürli döwletlerden Minsk şäherine ýygnanan sport wekilleriniň arasynda türkmenistanly ýaş mergeniň ukyplarynyň aýratyn seslenme döredendigini aýtmak gerek. Ýedi ýaşyndan bäri sportuň şu görnüşi bilen meşgullanyp gelýän Ezizmuhammet 2017-nji ýyldan bäri Türkiýede we Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçesinden baýrakly orunlar bilen dolandy. Şu günler bolsa ol «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport iýunlaryndaky ahmyryny ýerine salmak üçin türgenleşýär. Geçen ýyl bu ýaryşda hormat münberine ýekeje basgançak ýetip bilmedik Ezizmuhammediň 25-nji iýun ― 7-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýakutystan Respublikasynda geçiriljek Oýunlarda esasy maksady öňdäki üç ornuň birini eýelemek.

Belarusdaky ýaryş baradaky söhbede gaýdyp gelsek, onda ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysy hem üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Üstünlikli çykyş eden topar Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýşa Annamyradowadan, Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Oksana Gataulinadan we paýtagtymyzdaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ogulsuraý Kakyşowadan ybaratdyr.

Minsk şäherinde geçirilen ýaryş türgenlerimiziň halkara tejribesiniň artmagyna ýardam etdi.

12.06.2024
Türkmenistan bilen Gongonkyň arasyndaky duşuşygyň bosagasynda

Şu gün — 11-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň («E» toparça) jemleýji — altynjy tapgyrynda Gonkongyň ýygyndysyny kabul edýär.

Duşuşyk paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýär. Oýun 20:00-da başlanýar.

Türkmen ýygyndysy ak eşikde çykyş etse, Gonkongyň futbolçylary bu duşuşyga gyzyl köýnekçede çykar.

Ozal bu duşuşyga FIFA-nyň referisi Abo Ýehia Huseiniň ýolbaşçylygyndaky eminler toparynyň gözegçilik etjekdigi mälim edildi. Liwanly emine onuň watandaşlary — kömekçi eminler Omeirat Rabih hem-de Mokdad Ali ýardam ederler.

Toparçanyň beýleki bir duşuşygynda bolsa Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary duşuşarlar.

Bu duşuşygyň petekleriniň häzirki wagtda hem satylýandygyny ýatladýarys.

11.06.2024
1 ... 23 24 25 26 27 ... 38