Habarlar

Aşgabat şäherinde 10-11-nji sentýabr aralygynda geçiriljek TIF 2024 Maslahatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça strategiki taýdan ähmiýetli maýa goýum taslamalary görkeziler, şol sanda:
Ulag we aragatnaşyk. Türkmenistan sebitde iri ulag merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrmaga çalyşýar. Halkara ulag ulgamyna goşulyşmagy bilen Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan üstaşyr ýükleriň geçirilişi amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ösmegi we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedir. 2028-nji ýyla çenli meýilleşdirilen Serdar etrabynyň wagon bejeriji zawodynyň we Türkmenistanyň awtobejeriş binýadynyň döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary maýadarlara hödürlener. Bu taslamalar demir ýol daşalyşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýurduň logistika infrastrukturasyny berkitmäge mümkinçilik berer.
Himiýa senagaty. Ykdysadyýetiň ösmeginde esasy hereketlendirjileriň biri hem gaz we himiýa pudagynyň ösüşidir. Soňky ýyllaryň içinde birnäçe gaz we himiýa toplumlary işe girizildi, ýene birnäçesiniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýän öňdebaryjy senagat toplumy hasaplanylýar. Gyýanly zawodynda geksanyň öndürilişiniň we Garabogaz himiýa toplumynyň gurulmagy, şeýle-de “Maryazot” önümçilik birleşiginiň zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalar maýadarlara hödürleniler. Bu taslamalar öndürilýän önümleriň görnüşini has-da giňeltmäge hem-de ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Elektrik energiýasy. Elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy bilen Türkmenistan energiýa desgalarynyň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrmagyny we täzeleriň, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini çykarýan desgalaryň gurulmagyny maksat edinýär. Ýurduň energiýa pudagynyň ösüşi ylmy ýörelgelere, berk hukuk binýadyna we anyk işlenilip düzülen maksatnamalara esaslanýar. Ýurduň elektrik energiýa ösüşiniň ylmy esaslary türkmen alymlarynyň geljegi uly bolan täze tehnologiýalaryň önümçiligini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly tekliplerini pugtalandyrýar. Daşoguz we Ahal suw elektrik beketleriniň gaz-turba desgalaryny ylalaşykly aýlanyşyga geçirmek boýunça, şeýle-de Lebap welaýatynda Gün elektrik bekediniň gurulmagy boýunça taslalamalar maýadarlara hödürleniler. Bu bolsa öz gezeginde energiýanyň adaty çeşmelerine bolan baglylygy peseltmäge we elektrik energiýanyň eksportyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Nebit we gaz pudagy. Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy ykdysadyýetiň esasy ugry bolup durýar. Maslahatyň çäginde Hazar deňzinde deňiz bloklaryň işlenilip taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly taslamalara hem-de düýpli känlerde gazylyp çykarylyşynyň artdyrylmagyna maýa goýumlaryň çekilmegine aýratyn üns beriler. Hazar deňziniň uglewodorod serişdeleri 12,1 mlrd tonna nebit we 6,1 trln m3 gaz deňdir. Häzirki wagtda “Türkmennebit” Döwlet konserni tarapyndan potensial maýadarlaryň jikme-jik tanyşmaklary üçin 11, 12, 16, 21, 23, 24 deňiz bloklary boýunça geologiýa we tehniki maglumat bukjasy taýýarlanyldy. Günorta Aziýa sebitiniň bazarlaryna türkmen gazynyň eksport edilişi üçin täze mümkinçilikleri açýan TOPH gaz geçirijisi möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Maýadarlar Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklary boýunça geologiýa, geofizika we tehniki maglumatlary öz içine alýan jikme-jik tehniki maglumatlary bilen tanyşdyrarlar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Duşanbe şäherine bolan saparynyň dowamynda şu gün, 24-nji awgustda, daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energiýa, ekologiýa we beýleki pudaklar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeniýet we ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmen DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň we halkynyň dostlugynyň hem-de doganlygynyň nyşany hökmünde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiniň açylmagynyň taýýarlyk işlerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bu mekdebiň düýbi dabaraly ýagdaýda tutuldy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Geljekki olimpiýaçylary taýýarlaýyş futbol mekdebi 2017-nji ýylda doglan çagalary 1-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek gözden geçirilişe çagyrýar.
Gözden geçiriliş şol gün sagat 08:00-dan 11:00-a çenli aralykda geçiriler. Ýaş futbolçylaryň ýanynda sport lybasy, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy we 3-4 sm ölçegdäki suraty bolmalydyr.
Çagalaryň ata-eneleri degişli sowallar bilen +993 65 62-79-10 we +993 65 04-92-48 belgili telefonlar arkaly habarlaşyp bilerler.
Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, bu gözden geçiriş diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna degişlidir.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurduň bank pudagyna wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda “Bank-2024” kubogyny almak ugrunda kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Bäsleşik köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň çäklerinde «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan guraldy.
Ýaryşyň netijelerine görä, “Senagat” PTB topary birinji baýrakly orny eýeledi. Toparyň gazanan bu üstünligi, esasan, tejribeli tälimçiler Mergen Ataýewiň we Begenç Allagulyýewiň ýolbaşçylygy bilen baglanyşyklydyr.
Kiçi futbol ýaryşynda ikinji baýrakly orny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň topary, üçünji orny bolsa «Türkmen-türk» PTB eýeledi.
Bu sport çäresi diňe bir bank edaralarynyň işgärleriniň arasynda toparlaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak bilen çäklenmän, Türkmenistanyň hünär jemgyýetçilinde sagdyn durmuş ýörelgesini goldamagyň möhümdigini hem äşgär etdi.

23-nji awgustda Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň (CAFA ― 2024) bäşinji orny ugrunda duşuşyk geçirer. Duşenbe şäherinde geçiriljek we Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanjak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň garşydaşy Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolar.
Ýaryş jemleýji tapgyryna girdi. Final duşuşygy Özbegistanyň we Owganystanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler. Üçünji orun ugrunda bolsa Täjigistan bilen Eýran göreşer.
Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ýaryşyň «B» toparçasynda Özbegistandan 0:1, Eýrandan bolsa «1:6» hasabynda ýeňlip, üçünji orny eýelediler.
Bu ýaryş türkmen futbolçylary üçin Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegidir. Türkmen ýygyndysy saýlama duşuşyklaryny 23 ― 27-nji oktýabr aralygynda Tailandda geçirer. Bije çekişligiň netijesinde «D» toparça düşen türkmenistanly ýetginjekler Tailandyň, Hindistanyň we Bruneýiň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň çägindäki duşuşykda «Köpetdagdan» üstün çykdy. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň ýer eýeleri üçin garaşylmadyk netije bilen başlanandygyny aýtmak gerek. Eýýäm 3-nji minutda «Köpetdag» Şiri Annaýewiň geçiren goly bilen hasapda öňe saýlandy. Ýöne «Ahal» garşydaşyň toparyň bu üstünligi uzak wagtlap goramagyna rusgat bermedi. 20-nji minutda Meýlis Diniýew Elman Tagaýewiň meýdanyň burçundan oýna girizen pökgüsini ussatlyk bilen derwezä gönükdirip, hasaby deňledi. 71-nji minutda bolsa kapitan Elman Tagaýew özüne ynanylan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi we hasaby 2:1-e çykardy.
Duşuşykdan soň Meýlis Diniýew oýun baradaky pikirlerini şeýle beýan etdi: «Kyn duşuşyk boldy. Garşydaş goraga çekildi, bu bolsa bize tälimçimiziň beren görkezmelerini ýerine ýetirmekde käbir kynçylyklary döretdi. Ikinji ýarymda oýny biraz ele aldyk. Ýöne umuman alanymyzda, göwnümizdäki ýaly oýun bolmady. Has gowy göreşip bilerdik».
Şeýle hem ol kelle urgularyny edeňde, dogry ýerde durmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde-de Elman Tagaýewiň meýdanyň burçundan özüne ussatlyk bilen geçirendigini aýtdy. Duşuşygyň başynda goýberilen gol bilen bagly sowala bolsa toparyň ilkinji minutlarda sazlaşykly goranyp bilmändigi bilen düşündirdi.
Kynlyk bilen gazanylan ýeňşe garamazdan, Diniýew 8-nji sentýabrda geçiriljek jogap duşuşygynda toparynyň has ynamly çykyş edip, ýaryşyň indiki tapgyryna geçjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol toparyň Türkiýede örän netijeli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini aýdyp, güýçli garşydaşlaryň birnäçesine garşy netijeli oýny orta goýandyklaryna ünsi çekdi.
Çärýekfinal duşuşygynyň başga bir aýratynlygy bolsa Meýlis Diniýew tarapyndan ýokary baha berlen sary reňkli lybas boldy. «Täze lybasymyz bize üstünlik getirdi. Öňümizde jogap duşuşygy hem bar. Ondan hem özümizi kanagatlandyrýan netijäni gazanjakdygyma ynanýarys» diýip, ol sowallarymyza jogap berdi.

Ýaryşlara «Babun» lakamy bilen gatnaşýan Waleriý Grigorýan Aziýa boýunça abraýly elektron sport ýaryşlarynyň biri bolan «Your Home Your Arenanyň» «eFootball Mobile» görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna bürünç medal gazandyrdy.
Yklymyň iň güýçli oýunçylaryny öz içine alan ýaryş 18-nji awgustda geçirildi. «Çopan» toparyna we Türkmenistanyň ýygyndysyna wekilçilik eden Grigorýan özüniň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy habar berýär.
Türkmenistanyň wekili ýaryşyň üçünji orny ugrundaky duşuşykda gyrgyzystanly garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Öň «PUBG Mobile» boýunça ýaryşan Grigorýanyň «eFootball Mobile»-da hem üstünlik gazanmagy özüneçekiji aýratynlykdyr.

Türkmenistanly samboçy Nyýazmyrat Babekow Gyrgyzystanyň Çolponata şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi sport sambosy boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Dünýä kubogynyň ilkinji gününde türkmen türgenleri dört medal gazanypdylar. Ýaryşyň jemleýji gününde olar bu medallaryň üstüni ýene-de altysy bilen ýetirip, 10-a tegelediler.
Dünýä kubogynyň ikinji gününde Nyýazmyrat Babekowyň gazanan altyn medalyndan başga-da, sport sambosy boýunça Babamyrat Baýramow (58 kilograma çenli agram derejesi) we Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli) bürünç, söweş sambosy boýunça Ýusup Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) bilen Zarina Abdyrahmanowa (54 kilograma çenli) kümüş, Maksat Annagylyjow (88 kilograma çenli) bilen Gülzada Jorakulyýewa bolsa bürünç medal gazandylar.
Dünýä kubogy 26 agram derejesi boýunça geçirildi.

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab kwartirasynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminiň bijeleri çekildi. Bije çekişligiň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynda çykyş eder.
Bu toparçada Türkmenistanyň çempionyna Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyzystanyň «Abdyşata» toparlary garşydaş boldy.
«Al-Arabi» geçen möwsümde Kuweýtiň Premýer ligasynda ikinji orny eýeläp, özüne yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşyndan orun aldy. «Maziýa» bilen «Abdyşata» bolsa wekilçilik edýän döwletleriniň futbol çempionatlarynyň iň ýokarky dwizionlarynyň çempionlarydyr. Ýöne gyrgyz toparynyň ýaryşa saýlama tapgyrdan goşluşandygyny ýatlatmak isleýäris.
«B» toparçanyň duşuşyklary 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda merkezleşdirilen görnüşde Kuweýtde geçiriler. Günbatar sebitde toparçada birinji orny eýelän toparlar gönüden-göni adyny çärýekfinala ýazdyryp biler. Bu sebitdäki «A», «B» we «C» toparçalarynda ikinji orny eýelän toparlar bolsa çärýek finalyň nobatdaky bir ýollanmasy üçin öz aralarynda güýç synanyşarlar. Bu «Arkadag» toparynyň toparçada birinji orny eýeläp bilse, adyny çärýekfinala ýazdyrjakdygyny, ikinji orny eýelese, «A» we «C» toparçalarynda şol orny eýelän toparlar bilen duşuşykjakdygyny görkezýär.
Bije çekişligiň netijesinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminde aşakdaky toparçalar emele geldi:
Günbatar sebit:
«A» toparça: «Ist Bengal» (Hindistan), «Nejmeh» (Liwan), «Başundara Kings» (Bangladeş), «Paro» (Butan, ýer eýesi);
«B» toparça: «Al-Arabi» (Kuweýt, ýer eýesi), «Arkadag» (Türkmenistan), «Maziýa» (Maldiw adalary), «Abdyşata» (Gyrgyzystan);
«C» toparça: «Al-Ahli» (Bahreýn), «Al-Fotuwa» (Siriýa), «Al-Sib» (Oman, ýer eýesi), «Hilal Al-Kuds» (Palestina).
Gündogar sebit:
«D» toparça: «Şan Ýunaýted» (Mýanma, ýer eýesi), «Taýwan Stil» (Taýwan), «Ýong Elephants» (Laos);
«E» toparça: «Madura Ýunaýted» (Indoneziýa), «Preah Han Riç Swaý Rieng» (Kambojiýa), «SP Falkons» (Mongoliýa, ýer eýesi).

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýekfinalynyň üç duşuşygy geçirildi. Olarda «Arkadag» topary «Şagadamy», «Altyn Asyr» «Merwi», «Nebitçi» bolsa «Aşgabady» kabul etdi.
Mundan sanlyja gün «Şagadamy» Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda 5:1 hasaby bilen ýeňen «Arkadag» topary Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän garşydaşyndan ýene-de üstün çykdy. Bu gezek 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» futbol topary jogap duşuşygy üçin uly artykmaçlyk gazandy.
Ýokary ligadaky duşuşygy ätiýaçlykdaky günleriň birine geçirilen «Altyn Asyr» bilen «Merw» şu gün Kubok ýaryşynyň çärýekfinalynda biri-birini synaga saldylar. Ýakynda Hindistanda geçirilen saýlama duşuşykda buýsandyryjy ýeňiş gazanyp, AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan «Altyn Asyr» milli ýaryşlara-da üstünlik bilen dolanyp gelip, «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi.
Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda bolsa paýtagtymyzyň adybir futbol topary ýerli «Nebitçiden» 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Türkmenistanyň kubogynyň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary ertir geçiriljek «Ahal» ― «Köpetdag» duşuşygy bilen tamamlanar.
Türkmenistanyň kubogy ― 2024. Çärýekfinal.
20.08.2024 ý.
«Arkadag» ― «Şagadam» ― 3:0.
Gollar: 26' Şamämmet Hydyrow, 75' Arslanmyrat Amanow - 90+2’ Altymyrat Annadurdyýew.
«Altyn Asyr» ― «Merw» ― 3:1
Gollar: 7’ Röwşen Halmämmedow, 30’ Röwşen Halmämmedow, 63’ Myrat Annaýew (11m.j.u.) - 73’ Abdyresul Abdyýew.
«Nebitçi» ― «Aşgabat» ― 1:2.
Gollar: 45+2’ Elýas Akyýew - 29’ Tirkişmyrat Sarymyradow, 85’ Şyhberdi Baýnazarow.

Aşgabatda we Balkanabatda Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary liga klublarynyň arasyndaky çempionatynyň üçünji aýlawyny başlan 19-njy tapgyryň iki oýny boldy.
Ilki paýtagtyň «Nusaý» stadionyndaky oýun tamamlandy, onda Türkmenistanyň häzirki çempiony we kubogynyň ýeňijisi «Arkadag» futbol topary Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny kabul etdi. Toparlaryň ikisi-de milli çempionatyň ikinji ýarymyna berk taýýarlanypdy. «Arkadag» futbol topary Rumyniýada geçen türgenleşik ýygnagynyň çäginde ýerli toparlar bilen bäş synag oýnuny oýnady, şol ýaryşlarda ol dört ýeňiş gazanyp, «Koncordia» toparyndan 0:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň täzeden başlanmagynyň öňüsyrasynda öz düzümine käbir üýtgeşmeleri girizdi. Derwezeçi Rahat Japarow «Ahal» futbol toparyna gaýdyp bardy, onuň ýerini bolsa «Ahal» toparyndan gelen derwezeçi Rüstem Ahallyýew eýeledi.
«Şagadam» topary milli çempionatyň ikinji ýarymyna täze baş tälimçi — bu wezipede klubda baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde galan Ýewgeniý Tkaçenkonyň ornuna gelen Türkmenistanyň 73 ýaşly at gazanan tälimçisi Aly Gurbanyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň Kartepe şäherinde taýýarlyk görýärdi. Mundan başga-da, «Şagadam» topary dört täze oýunçy almak bilen, tomusky çalşyk döwründe işjeň işledi. Topara Aşgabatdan üç oýunçy goşuldy. Olar Şatlyk Gurbanow, Didar Tejenow we Hojanazar Gurbanow. Derwezeçi wezipesini öň Marynyň «Energetik» toparynda oýnan Muhammet Öwezow berkitdi. Mundan başga-da, esasy topara ätiýaçlyk toparyndan birnäçe oýunçy geçirildi.
«Şagadam» topary 23-nji minutda hasaby açmak bilen, oýna umytly başlady. Muny Hydyrgeldi Atjanow ýerine ýetirdi. Eýsem-de bolsa, bu netije uzaga çekmedi. 8 minutdan soň Didar Durdyýew jerime urgusy bilen deňagramlylygy dikeltdi — 1:1. 45-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew ikinji topy tora girizdi, netijede toparlar hasap «Arkadag» futbol toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji ýarymynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri «Şagadam» toparynyň derwezesine ýene-de üç sany jogapsyz top geçirdiler. Bu toplar Şanazar Tirkişow (60-njy minut), Arslanmyrat Amanow (66-njy minut) we Mirza Beknazarow (85-nji minut) dagynyň adyna ýazyldy.
5:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» futbol topary 17 oýunda aňrybaş mukdarda utuk gazandy — 51. Ikinji we üçünji orny paýlaşýan «Altyn asyr» we «Ahal» toparlary öň hatarda barýan topardan 14 utuk yzda. Ýöne Türkmenistanyň wise-çempiony bir oýny az oýnapdyr. «Şagadam» topary 24 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.
19-njy tapgyryň Balkanabatda geçen başga bir oýnunda häzirki milli çempionatdan çykan «Nebitçi» we «Köpetdag» futbol toparlary duşuşdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň oýunçylary üçin täze baş tälimçi — bu wezipede üçünji aýlawdan başlap, «Aşgabat» toparyna ýolbaşçylyk edýän Tofik Şükürowyň ornuna geçen Begenç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýun boldy.
90 minutlyk oýunda hiç tarapdan ýeňiji öňe çykmady. Jumamyrat Jumaýewiň 30-njy minutda salan topuna ýer eýeleri 52-nji minutda Döwran Berdiýewiň takyk uran pökgüsi bilen jogap berdiler we oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.
Bu oýundan soň «Nebitçi» topary 16 utuk bilen 7-nji ýeri eýeleýän «Aşgabat» toparynyň yzyndan ýetdi, 13 utuk gazanan «Köpetdag» topary bolsa sanawyň ahyrynda ýerleşýär. Ondan öň, 19-njy tapgyryň açylyş oýnunda «Ahal» topary 3:0 hasabynda «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy.
Bu tapgyryň «Altyn asyr» bilen «Merw» toparlarynyň arasyndaky soňky oýny Türkmenistanyň wise-çempionynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama oýunlaryna gatnaşmagy sebäpli, soňa geçiriler.
20-nji tapgyryň oýunlary 24-nji awgustda bolar. Şol gün «Şagadam» – «Aşgabat», «Merw» – «Nebitçi», «Arkadag» – «Altyn asyr», «Köpetdag» – «Ahal» toparlary bilen oýnar.

20-nji awgustda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň täze möwsümine badalga berler. Täze ýaryş çärýekfinal duşuşyklary bilen başlanar.
Kubok ýaryşynyň çärýekfinallary iki günläp geçiriler. Şu gün «Arkadag» topary «Şagadamy», «Nebitçi» «Aşgabady». «Altyn asyr» bolsa «Merwi» kabul eder. «Ahal» ― «Köpetdag» duşuşygy ertir geçiriler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär.
Türkmenistanyň kubogy ― 2024. Çärýekfinal duşuşyklary
20.08.2024 ý.
«Arkadag» ― «Şagadam»
Geçiriljek ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.).
Başlanjak wagty: 17:30.
Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş).
Eminiň kömekçileri: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), S.Çaryýew (Mary ş.).
Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.).
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).
«Nebitçi» ― «Aşgabat»
Geçiriljek ýeri: «Sport toplumy» (Balkanabat ş.).
Başlanjak wagty: 18:00.
Duşuşygyň emini: P.Pälwanow (Daşoguz ş.).
Eminiň kömekçileri: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), A.Weliýew (Änew ş).
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş).
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş).
«Altyn asyr» ― «Merw»
Geçiriljek ýeri: «Sport toplumy» (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby).
Başlanjak wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.).
Eminiň kömekçileri: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.).
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.).
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.).
21.08.2024 ý.
«Ahal» ― «Köpetdag»
Geçiriljek ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş).
Başlanjak wagty: 17:30.
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.).
Eminiň kömekçileri: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş).
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş).
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş).