Habarlar
Şu gün — 11-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň («E» toparça) jemleýji — altynjy tapgyrynda Gonkongyň ýygyndysyny kabul edýär.
Duşuşyk paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýär. Oýun 20:00-da başlanýar.
Türkmen ýygyndysy ak eşikde çykyş etse, Gonkongyň futbolçylary bu duşuşyga gyzyl köýnekçede çykar.
Ozal bu duşuşyga FIFA-nyň referisi Abo Ýehia Huseiniň ýolbaşçylygyndaky eminler toparynyň gözegçilik etjekdigi mälim edildi. Liwanly emine onuň watandaşlary — kömekçi eminler Omeirat Rabih hem-de Mokdad Ali ýardam ederler.
Toparçanyň beýleki bir duşuşygynda bolsa Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary duşuşarlar.
Bu duşuşygyň petekleriniň häzirki wagtda hem satylýandygyny ýatladýarys.
12-nji iýunda Kazanda BRIKS ýurtlarynyň sport oýunlary başlanar.
Guramaçylar eýýäm çakylyk kampaniýasynyň tamamlanandygyny habar berdiler: 97 ýurduň wekillerinden gatnaşmak üçin arzalar gelip gowuşdy. Şeýlelikde, sportuň 27 görnüşi boýunça 5 müňe golaý gatnaşyjyny, 4 müňden gowrak daşary ýurtly myhmany bir ýere jemlejek ajaýyp sport baýramy emele geler. Oýunlaryň resmi açylyş dabarasyny Russiýanyň gününde — 12-nji iýunda guramak meýilleşdirilýär. Emma ilkinji ýaryş güni 11-nji iýunda bolar.
Türgenler sportuň 27 görnüşi boýunça medallar toplumynyň 187-si ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar 23-nji iýuna çenli dowam eder. Oýunlaryň tumary bolsa Briksik barsy bolar.
Ýeri gelende bellesek, BRIKS ýurtlarynyň sport oýunlary her ýyl guralýan multisport baýramydyr. Ol BRIKS ykdysady bileleşigine gatnaşýan ýurtlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
6 — 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçen kuraş görnüşi boýunça Aziýa çempionaty hem-de halkara okuw-seminary Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryna ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.
Çempionata 20 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşdy. Şol ýerde çykyş eden türkmen toparyna 14 türgen wekilçilik etdi. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy uly üstünlige eýe boldy.
Kuraş boýunça Aziýa çempionatynda medallara eýe bolan türkmen türgenleri:
- Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 2–nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa (48 kg) — altyn medal;
- Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozymeňli Meýmanowa (52 kg) — bürünç medal;
- Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 29-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurana Hezretowa (63 kg) — bürünç medal;
- Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 11-njy synp okuwçysy Sabina Kadyrowa (78 kg) — bürünç medal;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy Nursoltan Erniýazowa (87 kg) — bürünç medal;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Babamyradow (60 kg) — bürünç medal;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Döwlet Hemrakulyýew (66 kg) — bürünç medal;
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Mekan Pardabaýew (73 kg) — bürünç medal;
- Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebinde bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow (81 kg) — bürünç medal;
- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
- 4-nji ýyl talyby Ylham Kemalow (90 kg) — bürünç medal;
- Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew (100 kg) — bürünç medal.
Türkmen pälwanlary bu ýaryşyň 11 medalyna eýe boldular. Şolaryň biri altyn, galan onusy bolsa bürünç medallardyr.
Dyzyndaky şikesi sebäpli iri tennis ýaryşy bolan Fransiýanyň Açyk çempionatyndan çärýek finalyň öňüsyrasynda çekilen serbiýaly Nowak Jokowiç operasiýasyny geçirdi. Ussat tennisçiniň sag dyzyndan geçiren operasiýasynyň şowly bolandygy, üstünlikli geçendigi habar berildi. Ol tizden-tiz sagalyp, täzeden kortlara dolanmak isleýändigini, şol sebäpli özüniň söýgüli sportuna gaýdyp gelmek üçin elinden geleni gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
ATP-niň sanawyndaky birinjiligini Ýannik Sinnere aldyran Jokowiç «Uly tuwalgalardaky» 370-nji ýeňşini gazanyp, Rojer Federeriň rekordyny täzeläpdi. Jokowiçiň tomusky Olimpiýa oýunlaryna çenli saglygynyň gowulaşmagyna garaşylýar.
Munuň özi Jokowiçiň «Uly tuwalgalarda» 24 kubogy bolup, bu ugurda iň öňdäki erkek tennisçidir.
Golaýda «Gala Sports» bilen şertnama baglaşan Şazada Ataýew Ulýanowsk topragynda nobatdaky tutluşygyny geçirer.
Munuň «Faýt Naýts» we «Volga MMA» guramalarynyň howandarlygynda guralýan ýaryşdygyny bellemek gerek. Türkmen türgeniniň garşydaşy Elektrostal şäherinden bolan tejribeli söweşiji Andreý Baranowskiý bolar.
14-nji oýunda geçiriljek duşuşyk Wolganyň «Sport-Arena» atly arenasynda guralar.
Ýeri gelende ýatlasak, Şazada Ataýew K1 boýunça Türkmenistanyň çempionydyr. Ol golaýda söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi bilen meşgullanyp başlady.
Tennis boýunça möwsümiň 2-nji «Uly tuwalga» ýaryşy «Rolan Garrosda», ýagny Fransiýanyň Açyk çempionatynda zenanlaryň arasynda çempion üýtgemedi.
Pariždäki merkezi kortda geçirilen duşuşykda sanawyň 1-nji belgili tennisçisi Iga Şwentek bilen italiýaly Jasmin Paolini duşuşdy. 1 sagat 8 minutda tamamlanan duşuşykda Şwentek 6:2 we 6:1 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, bassyr 3-nji, umumylykda bolsa 4-nji gezek «Rolan Garros» ýaryşynyň çempiony boldy (2020, 2022, 2023, 2024). Bu onuň umumylykda 5-nji «Uly tuwalga» çempionlygydyr. Ol Fransiýa Açyk çempionatyndan başga-da, 2022-nji ýylda Amerikanyň Açyk çempionatynda hem çempion bolupdy. Şeýle-de, Şwentek 5 «Uly tuwalga» kubogyny gazanmak bilen bu ugurda russiýaly Mariýa Şarapowadan hem-de şweýsariýaly Martina Hingisden öňe geçdi.
Şwentek özüniň «Uly tuwalgalardaky» 5-nji finalynda-da çempionlyk gazanyp, Monika Seleşden soň muny başaran ilkinji tennisçi boldy.
Şwentek «Rolan Garrosda» 4 çempionlyk gazanan iň ýaş tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Şwentek ýeňiji hökmünde 2,4 million ýewro pul baýragy bilen sylaglandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda, ilki bilen, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, şonuň bilen birlikde, şäheriň merkezi künjeginde taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hasabat berdi.
Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, haltalar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan enjamlaryň dürli görnüşleri bar.
Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlara degişli çyzgylar görkezildi.
Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bosagasynda Eýfel diňinde olimpiýa halkasy ýerleşdirildi.
Nyşan Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli goýuldy. 29 hem-de 13 metrlik gurluş gaýtadan işlenen polatdan taýýarlandy. Ol diňiň günorta tarapynda oturdyldy.
Nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirilýär. Bu sport baýramçylygyna türkmen türgenleri hem gatnaşar.
Hytaýyň şäherleriniň köpüsinde aždarha gaýygynda küreklemek boýunça ýaryşlar eýýäm başlandy. Şeýlelik bilen, Jiangsu welaýatynyň taryhy sebitiniň Usi şäherinde hem ýaryşlar geçirilýär. Gatnaşyjylaryň wezipesi dört kilometr aralygy ilkinji bolup geçmekdir.
Jiangsu welaýatynyň Nanshang şäherinde iň meşhur regata ýaryşlary geçirilýär. Olara bir müň iki ýüzden gowrak adam gatnaşýar. Guangdong welaýatynyň Foshan şäherçesinde bolsa türgenler 25 metrlik gaýyklarda türgenleşýärler.
Bu ýaryşlaryň geçirilýän günleri «goşa bäşlik» güni diýlip atlandyrylýan we Aždarha gaýyklarynyň festiwaly ady bilen tanalýan Duanwu festiwalynyň bellenilýän wagtyna gabat geldi. Bu festiwal aý senenamasy boýunça bäşinji aýyň bäşinji gününde bellenilýär we şu ýyl bu 10-njy iýuna gabat geldi.
Hytaýdaky ýaşaýjylar Duanwuna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki bu diňe bir adaty küreklemek bäsleşigi bolman, eýsem, tomsuň gelmeginiň hem nyşanydyr. Ýurtda «Dragon Boat» festiwalynyň resmi dynç güni 8-nji iýunda başlandy we üç gün dowam eder.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler has-da işjeňleşdirildi. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň geçen bäş aýynda türkmen türgenlerleri halkara ýaryşlaryň 238 medalyna eýe boldular. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow tarapyndan berlen hasabatda aýdyldy.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95 bürünç medal gazandylar. Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara sport abraýyny täze derejä göterdi. Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
7-nji iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň onunjy tapgyrynyň duşuşyklary bilen ikinji aýlaw tamamlandy.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda Mergen Ataýewiň tälim berýän «Senagatbank» ýaryş tertibiniň üçünji topary «Köpetdag» bilen duşuşdy.
ýeňlişine garamazdan, «Senagatbank» topary ikinji aýlawyň netijesi boýunça birinji orny eýeledi. Şeýlelikde, «Senagatbank» iki aýlawyň jemi boýunça 27 utuk toplady. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Deňizçi» (21 utuk) bilen «Köpetdag» (19 utuk) toparlary ornaşdylar.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň üçünji aýlawyna şu ýylyň sentýabr aýynda badalga berler.
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Astana şäherinde geçiriler.
Bäsleşige 100-den gowrak ýurtdan 4 müňe golaý türgen gatnaşar. Bu sport ýaryşlaryna we medeni çärelere 100 müňden gowrak tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna Türkmenistan hem gatnaşar.
Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 20 görnüşi boýunça ýaryşlaryň, 10 görnüşinden bolsa görkezme bäsleşiklerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär.
Şol görnüşleriň arasynda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, adaty aň-paýhas oýunlary, söweş sungaty boýunça ýaryşlar, ok atmagyň, guş awlamagyň görnüşleri, şeýle-de etnik sport oýunlary ýaly dürli çykyşlar guralar.
Gönüden-göni Astanada geçirilmeli oýunlar «Çarwadarlar älemi» bolan Etnoaulda açylar. Bu ýere gelýänler gazak halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly medeniýeti bilen tanşyp bilerler.
Etnoaula paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň 30 müňe golaýy baryp biler.
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary — 2024 «Ұлы Дала дүбірі» («Uly sährada duşuşyk») şygary astynda geçer.