AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Prezident 1941 --- 1945-nji ýyllaryň uruş we zähmet weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy

Türkmenistanda 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurtda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilip geçilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada, şol sanda olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça ähli tagallalar edilýär.

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik we medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanylyp, Ýeňiş güni mynasybetli olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda pul serişdeleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Döwlet Baştutany uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurtda zähmet çeken enelere 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

20.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

19-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. «Marykarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.04.2024
Türkmenistanyň zenan futzal topary U-18 CAFA-2024 ýaryşyna gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine geldi

Türkmenistanyň zenan futzal topary 2024-nji ýylyň 19-28 apreli aralygynda geçiriljek  Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) futzal çempionatyna gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine geldi.

Bu ýaryşa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan  Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň milli toparlary gatnaşar. 

CAFA-2024 çempionatynyň oýunlarynyň tertibi:

21-nji aprel, 1-nji tapgyr

  • 13:00 Türkmenistan - Gyrgyzystan
  • 16:00 Eýran - Özbegistan


22-nji aprel, 2-nji tapgyr

  • 15:00 Türkmenistan - Eýran
  • 18:00 Gyrgyzystan - Täjigistan


24-nji aprel, 3-nji tapgyr

  • 15:00 Özbegistan - Gyrgyzystan
  • 18:00 Täjigistan - Türkmenistan


26-njy aprel, 4-nji tapgyr

  • 15:00 Özbegistan - Türkmenistan
  • 18:00 Eýran - Täjigistan


28-nji aprel, 5-nji tapgyr

  • 15:00 Gyrgyzystan - Eýran
  • 18:00 Täjigistan - Özbegistan
19.04.2024
"Baýer" ýeňilişiksiz iň uzyn seriýa boýunça Halkara rekord goýdy

Ýewropa ligasynyň çärýek finalynda "Baýer" we "West Ham" garşy oýunynda 1:1 hasaby bilen deňe deň boldy. 

Şeýle hem “Baýer” Italiýanyň başga bir kluby “Milan” bilen duşuşykda ýeňiş gazandy. Ol Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda “Roma” bilen bäsleşer.

“Baýer” Italiýanyň topary "Ýuwentus"-yň ýeňilişiksiz iň uzyn seriýa boýunça rekodyny geçdi we häzirki wagtda Ýewropa ligasynyň iň gowy 5 klubynyň hatarynda durýar.

19.04.2024
Türkmenistanyň futzal topary Belarusiýa bilen oýunlar üçin Minske geldi

Türkmenistanyň futzal topary dostlukly ýaryşa gatnaşmak üçin Minsk şäherine geldi. Olar "Ratomka" bazasyna ýerleşip, ilkinji türgenleşiklerini geçirdi.

20-nji we 22-nji aprelde türkmen türgenleri Belarusiýa, 23-nji aprelde bolsa Milli Çempionatyň bürünç medalyna eýe bolan Minsk bilen oýnar. 

Türkmenistan milli ýygyndysynyň baş tälimçisi 47 ýaşly Ýakup Öwezow hasabyna görä bu oýuna 14 oýunçy gatnaşar:

  • derwezebanlar - Meretgeldi Baýramow (1996, Deňizçi), Rahymberdy Halmamedow (1992, Deňizçi),
  • meýdan oýunçylary - Kerwen Annaorazow (1998, Köpetdag), Şiri Baýramdurdyýew (1990, Deňizçi), Gylyçmurat Gylyçmyradow (1992, Deňizçi), Akmyrad Durdyýew (2002, Deňizçi), Hamid Meňlibaýew (2001, Deňizçi), Rahatmyrat Nepesow(1996, Senagat bank), Abdulla Nursähedow (1998, Deňizçi), Danil Pançenko (1999, Deňizçi), Gurbangeldi Sähedow (1994, Köpetdag), Maksat Soltanow (1993, Deňizçi), Alişer Hudaýbergenow (1996, Deňizçi), Kirill Çaryew (1999, Deňizçi).
19.04.2024
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.

Günüň beýleki duşuşyklarynda «Adihis-Kazan» «Wolaty» 5:3, «Ice Box» «Oman Nationals»-y 6:0, «Dordoý» bolsa «Team Turkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

4-nji tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkanyň» 12, «Feniks» bilen «Ice Box»-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren «Bahreýn» we «Oman nationals» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.

Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan «Adihis-Kazan» «B» toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda «Galkanyň» garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.

6 utukly toparlardan «Wolat» ikinji, «Akmola» üçünji orny eýeleýär. Toparçada «Dordoýyň» 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan «Team Turkiye» bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.

Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir ― 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren «Galkan» ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.

«Galkan» (Türkmenistan) ― «Feniks» (Özbegistan) ― 9:1.

Tapawutlananlar: Perhat Atekäýew (5 şaýba), Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Baýmyrat Baýmyradow, Muhammetýar Nuryýew ― Daniel Kogan.

«Wolat» (Belarus) ― «Adihis-Kazan» (Tatarystan) ― 3:6.

Tapawutlananlar: Eduard Grinn (2 şaýba), Nikita Trubisin ― Adel Awzalow (3 şaýba), Aidar Miftahow, Nasser Subhi, Artur Zaripow.

«Oman Nationals» (Oman) ― «Ice Box» (Eýran) ― 0:6.

Tapawutlananlar: Arşiýa Gafuri, Matin Gaharzade (3 şaýba), Abdolfazi Eslami (2 şaýba).

«Team Turkiye» (Türkiýe) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 2:4.

Tapawutlananlar: Ömer Güngör, Burhanettin Bakanogly ― Adil Bekmuratow, Žanbolot Tagaýew, Mamed Seýfulow (2 şaýba).

19.04.2024
Türkmen türgenleri halkara ýaşlar stol tennisi ýaryşynda kümüş medallara eýe boldular

Türkmen stol tennisi mekdebiniň okuwçylary Ilýas Allanazarow bilen Wepa Meredow 10-njy aprelden 17-nji aprel aralygynda Türkiýäniň Balikesir şäherinde 15 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda kümüş medal gazandylar.

Finalda türkmen türgenleri, 15 ýaşa çenli häzirki Ýewropa çempionlary bolan Türkiýeli tennisçiler Gerkem Okaldan we Kenan Eren Kahramandan 3:2 hasaby bilen ýeňildiler.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň we Türkiýäniň wekillerinden başga-da Azerbaýjanyň, Demirgazyk Kipriň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň türgenleri gatnaşdy.

Aýratynda Ilýas Allanazarowyň 13 ýaşa çenli Ýewropa çempiony we 15 ýaşa çenli Türkiýe çempiony bolan Gerkem Oçaly ýeňip uly üstünlik görkezendigini bellep geçmek gerek.

Bäsleşige türkmen wekilleri hökmünde: Türkmenistanyň Stol tennis federasiýasynyň başlygy Agamurat Allanazarow, tälimçiler Dawud Ýakubow we Seýran Wolçemis, şeýle hem türgenler Ylýas Allanazarow, Wepa Meredow, Gözel Gylyjowa, Aýnur Berdiýewa, Dörtguly Allanazarow gatnaşdy. Bu sapar Türkmenistanyn Bedenterbiye we Sport baradaky Döwlet komitetiniň goldawy bilen gurnaldy.

Federasiýanyň başlygy Türkmenistanyň baýdagyny buýsanç bilen galdyran tennisçileriň üstünliklige ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ýurtda stol tennisiniň ösüşiniň dowam edýändigini aýtdy.

Agamurat Allanazarow: "Soňky ýyllarda ökde tälimçileriň sany we zehinli ýaş türgenleriň sany köpeldi. Gelejekde ol türgenleriň ýaryşlarda ýurdumyzy has-da beýgeltjekdigine ynanaýaryn" -diýdi.

 

18.04.2024
Olimp futbolçylary, birinji tapgyrdan soň Türkmenistan futbol çempionatynda öňde barýarlar

Mary şäherinden bolan "Olimp" zenan futbol topary, birinji tapgyrdan soň Türkmenistan çempionatynda liderligi eýeledi. Maryly futbolçylaryň hasabyna bäş oýundan 13 oçkony toplap bildi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

“Altyn Täç” Aşgabat topary liderden bir utuk yzda barýar we turnir tablisasynda ikinji orny eýeleýär. 10 oçko bilen üçünji ýerde Türkmenabatdan “Miras” topary bar.

Çempionata jemi 6 zenan futbol kluby gatnaşýar. Lider toparlardan başga-da, Balkanabatdan “Balkan”, “Aşgabat” we Daşoguzdan “Gurgenç” toparlary hem ýaryşa gatnaşýarlar.

Milli çempionatyň ikinji tapgyry şu güýzde meýilleşdirilýär.

18.04.2024
"Real Madrid" Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda "Mançester Siti"-ni ýeňdi

Çempionlar ligasynyň ikinji çärýek finalynda "Real Madrid"  "Mançester Siti"-ni ýeňdi. Bu toparlaryň ilkinji duşuşygy 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Oýnuň esasy döwründe garşydaşlar deňme-deň pökgi geçirdiler. "Real Madrid" (12-nji minut) Rodrigo, Kewin De Bruýn “Mançester Siti” (76-njy minut) üçin pökgi geçirdi. Goşmaça wagtyň dowamynda hasap üýtgemedi, emma jerime urgusynda "Real Madrid" kluby 4: 3 hasaby bilen ýeňiş gazandy.

1/2 finalyň ilkinji oýunlary 30-njy aprelde we 1-nji maýda, gaýdyp geliş oýunlary 7-nji we 8-nji maýda geçiriler.

2023/24 Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda meýilleşdirilýär we Londonyň Wembli stadionynda geçiriler.

18.04.2024
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri

Şu gün ― 17-nji aprelde hokkeý boýunça Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistanyň «Feniks», Belarusyň «Wolat» we Tatarystan Respublikasynyň «Adihis Kazan» toparlarynyň nobatdaky ýeňişlerine beslendi.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda geçirilen duşuşykda «Galkan» Eýranyň «Ice Box» toparyny 13:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň medallary üçin göreşmäge hukuk gazanan ilkinji topar bolmagy başardy. Bu duşuşyk bilen ugurdaşlykda kiçi zalda geçirilen duşuşykda bolsa «Wolat» Gazagystanyň «Akmola» toparyny 6:4 hasabynda ýeňdi.

Sagat 13:00-da başlanan duşuşyklarda «Feniks» «Bahreýnden» 13:3, «Adihis Kazan» bolsa «Team Turkiye» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Yzda galan üç tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkan» 9 utuk bilen birinji, «Feniks» 6 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. «B» toparçada bolsa «Akmola», «Adihis-Kazan» we «Wolat» toparlarynyň her haýsynda 6 utukdan bar.

Halkara ýaryşda ertir ― 18-nji aprelde 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň çäklerinde günüň birinji ýarymynda «Galkanyň» «Feniks» bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu duşuşyk toparçada birinji orny eýeläp, finala çykjak topary kesgitlär.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 3-ji tapgyryň netijeleri:

«Galkan» (Türkmenistan) ― «Ice Box» (Eýran) ― 13:1.

Tapawutlananlar: Erkin Kakabaýew, Arslan Geldimyradow, Ahmet Gurbanow, Begenç Döwletmyradow, Pawel Barkowskiý, Serdar Kakajanow, Perhat Atekäýew (3 şaýba), Arslan Nuryýew, Öwezguly Esenow, Aleksandr Wahowskiý, Musa Annasaparow ― Maziar Gorbani.

«Wolat» (Belarus) ― «Akmola» (Gazagystan) ― 6:4.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadskiý, Wladislaw Kowalýow, Eduard Grinn, Nikita Trubisin, Witaliý Marçenklo, Alekseý Zasim ― Sergeý Sokol, Wladislaw Kurmalewskiý (2 şaýba), Mihail Tarasow.

«Feniks» (Özbegistan) ― «Bahreýn» (Bahreýn) ― 13:3.

Tapawutlananlar: Behruz Najmiýew (5 şaýba), Saidabror Boboýew, Abdusamad Nasirow, Daniel Kogan (88), Abdulbosit Abdumalikow, Akim Muhamedow, Otabek Umarow, Danat Raşidow ― Sameh Talat Hasan Hegazi, Salman Raşed Mohamed Ali Sulaibih, Abdulrahman Isa A.Turki.

«Adihis-Kazan» (Tatarystan) ― «Team Turkiye» (Türkiýe) ― 5:1.

Tapawutlananlar: Isa Ahmarow, Raşat Ismagilow, Ilnur Ganiýew, Artur Zaripow, Adel Awzalow ― Kerem Altun.

Ýaryş tertibi:

A” toparça

Toparlar

Oýunlaryň

sany

Ýeňiş

Utulyş

Geçiren şaýbasy

Goýberen

şaýbasy

Utuk

sany

1

Galkan

(Türkmenistan)

3

3

0

36

3

9

2

Feniks

(Özbegistan Respublikasy)

2

2

0

24

6

6

3

Ice Box

(Eýran Yslam Respublikasy)

2

1

1

9

14

3

4

Bahreýn”

(Bahreýn patyşalygy)

3

0

3

5

29

0

5

“Oman Nationals”

(Oman Soltanlygy)

2

0

2

4

26

0

 

B” toparça

 

Toparlar

Oýunlaryň

sany

Ýeňiş

Ýeňiliş

Geçiren goly

Goýberen

goly

Utuk

sany

1

Akmola

(Gazagystan Respublikasy)

3

2

1

14

12

6

2

Adihic -Kazan

(Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy )

2

2

0

13

4

6

3

“Wolat” (Belarus Respublikasy)

2

2

0

9

4

6

4

“Dordoý” (Gyrgyzystan Respublikasy)

2

0

2

6

13

0

5

Team Türkiye”

(Türkiýe Respublikasy)

3

0

3

4

13

0

18.04.2024
Belarusiýa bilen boljak oýunlar üçin Türkmenistan futzal toparyna 14 oýunçy çagyryldy

Belarusiýa bilen geçiriljek halkara dostlukly oýunlaryň öňüsyrasynda, Türkmenistan futzal toparynyň baş tälimçisi Ýakub Öwezow Minskdäki FPB Ratomka sport we dynç alyş merkezinde türgenleşige başlajak 14 oýunçynyň adyny aýtdy:

  • Derwezebanlar: Rahimberdi Halmamedow, Meretgeldi Baýramow
  • Oýunçylar: Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Daniil Pançenko, Kirill Çaryýew, Hamid Menglibaýew, Akmyrat Durdiýew, Rakhatmyrat Nepesow, Alişer Hudaybergenow, Maksat Soltanow, Abdylla Nursakhedow, Gurbangeldy Sakhedow

Türkmenistanyň we Belarusiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň ilkinji oýny 20-nji aprelde 16:00-da Mogilew olimpiýa sport toplumynda geçiriler. Ikinji oýuny 22-nji aprelde 20:00-da Minskdäki “Uruchye” sport köşgünde bolar.

Dünýä mini-futbol reýtinginde häzirki wagtda Belarusiýayň milli ýygyndysy 28-nji, Türkmenistan milli ýygyndysy 76-njy ýerde durýar.

17.04.2024
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri

Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň «Galkan», Belarusyň «Wolat», Gazagystanyň «Akmola» we Eýranyň «Ice Box» toparlary garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Has takygy, günüň birinji ýarymynda «Galkan» Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda ýeňip, şu ýaryşyň iň uly hasaply ýeňşini gazandy. Şeýle hem günüň birinji ýarymynda «Wolat» Türkiýäniň «Team Turkiye» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Günüň ikinji ýarymyndaky duşuşyklarda «Ice Box» «Bahreýni» 8:1, «Akmola» bolsa «Dordoýy» 5:3 hasabynda utdy.

Halkara ýaryşyň «A» we «B» toparçalarda geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryş 20-nji aprelde tamamlanar.

Hokeý boýunça halkara ýaryş, 2-nji günüň netijeleri:

«Galkan» (Türkmenistan) ― «Oman Nationals» (Oman) ― 15:1.

Tapawutlananlar: Döwlet Hydyrow, Gurbanmyrat Taňňyýew, Arslan Geldimyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Begenç Döwletmyradow, Perhat Atekäýew, Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Pawel Barkowskiý (2 şaýba), Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew, Öwezguly Esenow, Nowruz Baýhanow (2 ) ― Ibrahim Al-Gabsi.

«Wolat» (Belarus) ― «Team Turkiye» (Türkiýe) ― 3:0.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadkiý, Eduard Grinn, Arseniý Ýankowskiý.

«Ice Box» (Eýran) ― «Bahreýn» (Bahreýn) ― 8:1.

Tapawutlananlar: Gafuri Arşiýa (2 şaýba), Heidari Amir (2 şaýba), Keýhanfar Jalal, Taiik Hossein, Gaharzade Matin, Abdollahi Mahbod ― Abdulla Mohamed Hulaif Saýer.

«Akmola» (Gazagystan) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 5:3.

Tapawutlananlar: Wladislaw Kurmelewskiý (3 şaýba), Stanislaw Smaglýuk, Mihail Tarasow ― Mamed Seýfulow, Ersultan Mirbekow.

17.04.2024
1 ... 28 29 30 31 32 ... 38