AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Mejlisiň wekilleri ikinji Merkezi Aziýa Parlament forumyna gatnaşdylar

Şu gün Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda milli tejribeler barada paýlaşdylar, şeýle hem, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler.

Bu maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamaga, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmaga gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

13.09.2024
Türkmen pälwany çarwadarlaryň v bütindünýä oýunlarynyň çempiony boldy

Gazagystanyň Astana şäherinde dowam edýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanly türgenler şowly çykyş edýärler. 10-njy sentýabrda türkmen türgenleri 3 medal gazanan bolsalar, 11-nji sentýabrda ildeşlerimiziň ýene 2-si hormat münberine çykdy. Olaryň biri Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň çempiony boldy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew alyş göreşi boýunça 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

 Türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça medallaryň 97 toplumy ugrunda göreş alyp bararlar. Ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelänlere gowşurmak üçin taýýarlanylan medallaryň jemi möçberi 581-e deňdir.

13.09.2024
Aşgabat Astana bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gazagystanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli ylalaşyga Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Astana şäherinde Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde gol çekildi.

«Duşuşykda taraplar gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we bu babatda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda Ähtnama gol çekildi» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda A.Satkaliýew bilelikdäki tagallalar arkaly iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryp boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Gazagystanyň Türkmenistandan 226,3 million kub metr tebigy gaz import edendigini habar beripdik.

12.09.2024
Ilkinji medallar

2024-nji ýylyň 8-13-nji sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanly türgenler ilkinji medallaryny gazandylar.

 Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň türgeni, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisi Wepa Awlýakuliýew kuraş boýunca 66 kilogram agram derejesinde bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň işgäri Silapberdi Nuryýew gazak göreşi boýunça 82 kilogram agram derejesinde başarnygyny görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda sportuň alyş göreşi, gazak göreşi, koreş, kuraş, adaty ýaý atmak we toguzkumalak ýaly görnüşleri boýunça çykyş edýärler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 29 türgen medallar ugrunda göreşýär.

12.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandariň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejede öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagy depginli ösýän pudaklaryň biridir. Bu ugurda iki ýurduň arasyndaky mümkinçilikleriň ulanylmagyna Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdi.

11.09.2024
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, depginli ykdysady öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň üstünliklerini beýan etmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli ornaşan häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Bu öz gezeginde, dünýä bileleşiginde, ilkinji nobatda bolsa, türkmen tarapy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän goňşy we alysdaky ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýär.

Şu gezekki foruma gatnaşýanlaryň uly toparynyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň düzüminde ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we getirijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy.

Giň gerimli sergi birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitleýär: Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; Maliýe tehnologiýalar; Bilim tehnologiýalary; Senagat tehnologiýalary; Elektron söwda (Marketpleýs); Ekologiýa we durnukly ösüş; Lukmançylyk we biotehnologiýa; “Akylly” şäher we gurluşyk; Ulag-logistika; Oba hojalyk we onuň tehnologiýalary; Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; Maglumat tehnologiýalary we sanly özgeriş.

Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna we IT hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Döwlet düzümleri – ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň 50-den gowrak hususy kompaniýalary öz pawilýonlaryny sergide ýaýbaňlandyrdylar.

Innowasiýalary mundan beýläk hem ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň maslahatlaşmalary günüň ikinji ýarymynda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi.

Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga gatnaşmaga ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň hem-de ugurdaş düzümleriň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meselelerine we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, bilim we ylym, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.

Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň we ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde iri tehnologiýa ösüşini başdan geçirdi. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ylym, tehnika we inowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň halkara düzümleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr.

11.09.2024
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystandaky futbol durmuşy barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew «Türkmen Sporty» gazetine beren interwýusynda Gazagystandaky karýerasy we soňky gazanan üstünlikleri barada paýlaşdy.

Söhbetdeşlikde onuň Kant şäheriniň Abdyş-Ata futbol klubynda çykyş eden döwrüne has aýratyn üns berildi, mälim bolşy ýaly, bu topar 2023-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony boldy.

– 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Özbegistanda geçirilen Aziýa kubogynda oýnalan her bir duşuşyk aýratyn ýatlamalary galdyrdy. «Yklymyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bolan Eýranyň milli ýygyndysy bilen oýunda uzak aralykdan girizilen pökgä aýratyn buýsanýaryn» – diýip, Teýmur Çaryýew ýatlamalary bilen paýlaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Çaryýew geljekdäki maksatlaryny beýan etmek bilen, şeýle diýdi: «Islendik futbolçynyň isleýşi ýaly, meniň esasy maksadym, öz üstümde hemişe işlemek we kämilleşmek, şeýle hem çykyş edýän toparymyň, esasanam milli ýygyndymyzyň ýeňişlerine we üstünliklerine önjeýli goşant goşmakdyr».

10.09.2024
Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Nýu-Delide geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 44-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň habarynda beýan edildi.

Çäräniň dowamynda guramanyň ýolbaşçylarynyň we sebitdäki wise-prezidentleriň, ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň wezipelerine saýlawlar geçirildi. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti wezipesine Hindistandan Raja Randhir Singh saýlandy. Ol çykyşynda Aziýa sport jemgyýetiniň agzybirligini nygtady we: «Aziýa bir bitewi, bir maşgaladyr» — diýip, belledi.

Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde sporty ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler, şol sanda sport infrastrukturasyny gowulandyrmak, ýaş türgenleri olimpiýa işine çekmek we olara goldaw bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

10.09.2024
Mayagözel Ekejewa Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynda 6-njy orny eýeledi

Türkmenistanly, halkara sport ussady Mayagözel Ekejewa Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynda paurlifting bäsleşiginde 112 kg galdyryp 6-njy orny eýeledi. Türgen 68 kilogram agram derejede 10 türgeniň arasynda medallar üçin göreşdi, diýip olympics.com habar berýär.

Netijede Brazilýaly Taýana Medeyros 156 kg netije görkezip birinji orny eýeledi. Hytaýly Feýfeý Žeň 155 kg netije bilen 2-nji orny eýeledi, ol bu agram toparynda dünýä rekordynyň eýesidi (159 kg). Çilili Aleçandra Serrano 134 kg netijesinde bürünç medaly gazandy.

Türkmen toparynyň ýolbaşçysy Tahyr Şorahanowyň belleýşi ýaly, türgen azyndan wezipesi — bäşiligine girmekdi, iň ýokary wezipesi bolsa — Paralimpiýa oýunlarynda medal gazanmakdy.

10.09.2024
Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň milli ýygyndylarynyň futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşygy deňme-deň tamamlandy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) alyp barýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Saud Arabystanyň ýygyndy topary bilen ilkinji ýoldaşlyk duşuşygy 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda aýtmaklaryna görä, ýoldaşlyk duşuşygy «Sharjah Al Hamriyah Cultural and Sports Club Indoor Hall» sport toplumynda geçirildi. Toparymyzdan Maksat Soltanow we Röwşen Orazmuhammedow pökgi geçirdiler.

Birleşen Arap Emirliklerinde 13-nji sentýabrda tamamlanýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ahyryna çenli Ýakup Öwezowyň topary ýene iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ilki dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän Fransiýanyň ýygyndysy bilen, soňra bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlarynyň biri bilen duşuşar.

09.09.2024
Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistandan 29 türgen gatnaşar

8-nji sentýabrda başlanjak Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistana 29 türgen we 6 tälimçi wekilçilik eder. Bu barada Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Merkezi Aziýanyň çarwa halklarynyň milli oýunlaryny öz içine alýan etnik sport boýunça iň uly halkara ýaryşydyr. Bu ýyl oňa 100 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen gatnaşar. Olar etnik sportuň 21 görnüşi boýunça 97 sany medallar toplumy ugrunda bäsleşerler.

Ýaryşyň açylyş dabarasy 8-nji sentýabrda «Astana Arena» stadionynda geçiriler. Ýapylyş dabarasy bolsa 13-nji sentýabrda «Kazanat» atçylyk sport toplumynda bolup geçer.

09.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň mynasyp bolan täze halkara sylaglary gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda taryhy wakalara şaýat bolandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowa öz hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilen «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda üç sany baýraga mynasyp boldy.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan şäherlere hem-de kompaniýalara gowşuryldy. Arkadag «akylly» şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylandygyny aýratyn bellemek gerek.

«Akylly» şäherleriň Bütindünýä sergisinde Arkadag şäheri şu üç baýrak bilen sylaglandy:

– Iň tapawutlanan «akylly» şäher (Smart City Excellence Award);

– Daşary ýurt «akylly» şäheri (Foreign city award);

– «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award).

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilen «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde Arkadag şäheriniň pawilýonynyň hemmelerde uly gyzyklanma döredendigi barada hem aýtdy. Ol Arkadag şäherine «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde belent sylaglaryň berilmeginiň göwün guşuny ganatlandyrandygyny belläp, bu begenjini, buýsanjyny, guwanjyny Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we ähli agzybir işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine ýetirip bermegini türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu şatlykly wakalar bilen türkmen halkynyň Milli Liderini tüýs ýürekden gutlady we Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň mynasyp bolan belent halkara sylaglaryny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoş habary aýratyn kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli ilatyny we täze şäheriň ýolbaşçylaryny bu buýsandyryjy waka bilen gutlady. Onuň tutuş ýurt we türkmen halky üçin buýsançly wakadygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ähli görkezijiler babatda gazanýan üstünliklerine aýratyn guwanýandygyny, begenýändigini hem-de buýsanýandygyny aýtdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

08.09.2024
1 ... 29 30 31 32 33 ... 64