Habarlar

Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyry hem türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy.
Ýaryşyň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler. 555,42 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1200 — 2150 metr belentlikde dowam etdi.
T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ekipažy bäşinji tapgyryň ýeňijisi boldy. Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy tapgyryň bellenen menzilini ilkinji bolup geçdi. Bu ýaryşda ikinji netijäni «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparyndan Mihail Mitýaýew görkezdi. Ol umumy hasapda birinji orny eýeleýän Andreý Suşensowy yzda galdyrdy.
Şeýlelikde, T2 ýaryşynda umumy hasap boýunça Suşensow we Melnikow öňde barýar. Anton Melnikowdan öňe geçen Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy öňdäki üçlügi jemleýär. Türkmen ekipažlaeynyň ýene biriniň — «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri Merdan hem Şöhrat Toýlyýewleriň bolsa bäşinji orunda barýandyklaryny ýatladýarys.

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Çempionat 5 — 8-nji iýul aralygynda geçdi. Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler uly üstünlige eýe boldular. Türkmen ekipažy bu abraýly ýaryşda üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde, doganlar Merdan (sürüji) hem-de Şöhrat (şturman) Toýlyýewlere çempionatyň Kubogy gowşuryldy.
Çempionatda birinji orny Andreý Suşenkowdan hem-de Aleksandr Şanowdan ybarat bolan ekipaž eýeledi. Ikinji ýeri Anton Melnikow bilen ýolbeledi Anton Nikolaýew gazandy.
Biz doganlara 15-nji iýulda tamamlanjak «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdinde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

«Ýüpek ýoly» ralli-marafonynyň dördünji tapgyry tamamlandy.
Dördünji tapgyrda ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda «Ýüpek ýoly» rallisine ilkinji gezek gatnaşyp, aýlaw ýaryşlaryndaky çykyşlary bilen tapawutlanýan Mihail Mitýaýew ýeňiş gazandy. Bu üstünlik «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň ekipažynyň umumy liderligi elden bermeýän «S&A Racing» toparyna wekilçilik edýän Andreý Suşensowyň netijesine ýakynlaşmagyna getirdi. Indi olar umumy öňdeligi eýeleýän türgenden 14 sekundy bilen ýarym minut yza galýar.
Üçünji orny ýaryşyň «Podmoskowýe» toparyna wekilçilik edýän ozalky çempiony Anton Melnikow özünde saklaýar. Şondan soňky orunda bolsa Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň üç ekipažy barýar. Şolaryň arasynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleriniň bardygyny hem bellemek gerek.
Bäşinji tapgyryň ýörite bölüminiň uzynlygy 295 km bolup, ol Koş-Agaç — Howd (Mongoliýa) ugrundan geçer.
5 — 15-nji iýul aralygynda geçýän «Ýüpek ýoly» rallisi Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginden uzar. Ýaryşyň ugry Tomsk, Barnaul, Gorno-Altaýsk we Koş-Agaç, şeýle-de Mongoliýanyň Howd, Altaý, Baýanhongor, Mandalgobi hem-de Ulan-Bator sebitleriniň çäginden parran geçer.

Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol toparyna türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň aýagy düşdi. Topar täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýurduň «Şamkir» toparyny 13:0 hasabynda ýeňdi.
Gurban Berdiýew «Turan-Towuz» bilen 25-nji iýunda şertnama baglaşypdy. 71 ýaşly tälimçiniň mundan ozal Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyna tälim berip, toparyň Russiýanyň Premýer ligasyna çykmagyna uly goşant goşandygyny ýatladýarys.

Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtingi yglan edildi. Sanawdan Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň wekili hem orun aldy.
Has takygy, Türkmenistanyň «Altyn asyr» kluby degişli reýtingde dünýäniň iň güýçli 500 toparynyň hataryndan orun aldy. Sanawda 57,25 utuga eýe «aragatnaşykçylar» Ýamaýkanyň «Kawalýer» hem-de Gruziýanyň «Dinamo Batumi» toparlary bilen 420-nji orny paýlaşyp durlar.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozalky reýtingde «Altyn asyr» 428-nji ornuň eýesidi. Görnüşi ýaly, täze sanawda türkmen kluby 8 basgançak ýokarlamagy başardy.
Maglumat üçin, Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan yglan edilen dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtinginde Ispaniýanyň «Real» kluby 371 utuk bilen birinj orny eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikde «Mançester Siti» (Angliýa), «Baýer» (Germaniýa), «Atalanta» (Italiýa) hem-de «Borussiýa» (Dortmund, Germaniýa) ýaly toparlaryň ady bar.

Futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň ýarym final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Ýarym finalyň soňky ýollanmasyna Türkiýäni 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Niderlandlaryň ýygyndysy eýe çykdy.
Oýunda hasaby 35-nji minutda Samet Akaýdyn (Türkiýe) açdy. 71-nji minutda Niderlandlaryň goragçysy Stefan de Wreý hasaby deňlän bolsa, şondan 5 minut soň Mert Müldüriň öz derwezesine salan awtogoly Ronald Kumanyň şägirtlerine ýeňiş getirdi.
Niderlandlar ýarym finalda Angliýa bilen güýç synanyşar. Iňlisler ýaryşyň çärýek finalynda esasy wagty 1:1 hasabynda (Brel Embolo, 75 – Bukaýo Saka, 80) deňlikde tamamlanan oýnuň penaltiler seriýasynda Şweýsariýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda 5:3 hasabynda Angliýa ýeňiş gazandy.
Niderlandlar bilen Angliýanyň arasyndaky ýarym final oýny 10-njy iýulda Dortmund şäherinde geçiriler.
Ýaryşyň beýleki ýarym final oýnunda bolsa Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Bu duşuşyk 9-njy iýulda Mýunhende geçiriler. Oýunlaryň ikisi hem Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.
Ýewro-2024-iň finaly 14-nji iýulda Berlin şäherinde oýnalar.

Geçen ýylyň maý aýynda döredilen Türkmenistanyň Garyşyk söweş sungatlary federasiýasy eýýäm özüniň miweisni berip başlady. Ýakynda Özbegistanyň Buhara şäherinde kombat dzýu-dzýusu boýunça geçirilen ýaryşda bu federasiýasynyň 17 ýaşly türgeni Arslan Tejenow altyn medala mynasyp boldy.
Ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Arslan altyn medala üç tutluşygyň netijesinde mynasyp boldy. Ol çärýekfinalda eýranly türgen Alireza Jebeliden, ýarymfinalda gazagystanly Aziýanyň çempiony Ersain Aitkazydan üstün çykyp, final tutluşygyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Finalda bolsa ol dünýäniň häzirki çempiony, gazagystanly türgen Bekžan Abdisattory ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna türkmenistanly türgene altyn medal bilen bilelikde gara guşak (I dan) we Halkara kombat dzýu-dzýusu federasiýasynyň tapawutlandyryş resminamasy gowşuryldy.
Kombat dzýu-dzýusu VIII we XVI asyrlar aralygynda kemala gelen we kämilleşen ýapon söweş sungatydyr. Bu söweş sungatynyň has döwrebap görnüşleri hökmünde newaza jiu-jitsuny hem-de brazil jiu-jitsusyny görkezip bolar.
Arslan 13 ýaşyndan bäri Aşgabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Ata Adaýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşip gelýär. Onuň tälimçisi häzirki wagtda Aziýanyň dzýu-dzýusu federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär we Halkara dzýu-dzýusu federasiýasynyň wise-prezidentligini alyp barýar.

Jalal-Abat şäherinde 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty geçirilýär. «B» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy 2 tapgyrda 2 ýeňlişe sezewar boldy.
Türkmen futbolçylary birinji oýunda Özbegistandan 2:3 hasabynda ýeňlen bolsalar, ikinji oýunda Eýrandan 0:3 hasabynda ýeňildiler.
Ýaryşda 6 ýygyndy 2 toparça bölünip çykyş edýär. «B» toparçada Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylary, «A» toparçada bolsa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýarlar.
Iki tapgyrdan soňra «B» toparçada Eýranyň ýygyndysy goşmaça görkezijiler esasynda Özbegistany yzda galdyryp, birinji orny eýeläp dur. Olaryň arasyndaky özara oýun toparçanyň ýeňijisini kesgitlär.
Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçada birinji orny eýelänler finalda, ikinji ornuň eýeleri bolsa bürünç medal üçin meýdança çykarlar. Şeýle-de bäşinji oýun üçin hem oýun geçiriler.
Mundan ozal, TFF-niň bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üçin 2025-nji ýylda Hytaýda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk hökmünde garaýandygyny habar beripdik.
Yklym çempionatynyň saýlamasynda Türkmenistan Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Mýanmanyň ýygyndylary bilen bilelikde «I» toparçadan orun aldy. Saýlama tapgyrynyň oýunlary 25 – 29-njy sentýabr aralygynda Bişkek şäherinde geçiriler.

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ilkinji ýarymfinalçylary belli boldy. Düýn gijeki duşuşyklaryň netijesinde Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary ýarymfinala çykyp, final ýolunda biri-birine garşydaş boldular.
Fransiýa esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmadyk duşuşykda Portugaliýany 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:3 hasabynda ýeňdi. Ispaniýa bolsa esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň goşmaça ýarym sagatlyk wagtynda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezesinden ýene bir gol geçirip, ýer eýelerini ýaryşdan çykardy.
Iki ýygyndynyň arasyndaky ýarymfinal duşuşygy 9-njy iýul gijesi sagat 23:45-de başlanar.
Şu gün çärýek finallar Angliýa ― Şweýsariýa we Niderlandlar ― Türkiýe duşuşyklary bilen dowam eder.

Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Okko onlaýn kinoteatry futbol boýunça Ýewropa kuboklarynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmek hukugyna eýe boldy.
2024/25-nji ýyllaryň futbol möwsümlerinden başlap UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konfederensiýalar ligasynyň duşuşyklaryna bu platformadan tomaşa edip bolar. Ilkinji göni ýaýlym 14-nji awgust güni «Real Madrid» (Ispaniýa) bilen «Atalantanyň» (Italiýa) arasyndaky Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlanar.
«Okkonyň» abunaçylary duşuşyklaryň göni ýaýlymy bilen bilelikde olaryň ýazgylaryna tomaşa etmek, teswirlemeleri dürli dilde diňlemek, esasy pursatlary gaýtalap görmek we seljerme gepleşiklerini diňlemek ýaly mümkinçiliklere hem eýe bolup bilerler.
Ýeri gelende aýtsak, täze möwsümden başlap, UEFA-nyň Çempionlar ligasy täze görnüşe geçýär. Gatnaşýan toparlaryň sany 32-den 36-a çykýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle-de Eýranyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarydyr işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Tamamlanyp barýan Ýewropa çempionatynda şu gije galan ýarym finalçylar hem belli bolar. 21:00-da başlanjak duşuşykda Angliýa bilen Şweýsariýanyň, 00:00-da başlanjak oýunda bolsa Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylary duşuşar.
Öňki oýunlarda iňlisler has köp ýeňiş gazanypdyr
Dýusseldorf şäherindäki «Merkur Spiel-Arena» stadionynda oýnaljak Angliýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky oýna italiýaly Daniele Orsato eminlik eder. Duşuşyk iki toparyň arasyndaky 28-nji oýun bolar. Öňki oýunlaryň 18-sinde Angliýa ýeňiş gazanan bolsa, şweýsarlar bary-ýogy 3 duşuşykda garşydaşyna rüstem geldi. 6 oýun deňlikde tamamlandy. Iňlisleriň 59 goluna 20 gol bilen jogap beren Şweýsariýanyň ýygyndysy Angliýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda 2 gezek özara duşuşdy. 2 duşuşyk hem toparçalarda bolup, 1996-njy ýylda 1-1 deňme-de oýnan taraplaryň 2-nji duşuşygynda, 2004-nji ýylda Angliýa 3-0 ýeňipdi.
Ýewropa çempionatynda ilkinji gezek duşuşarlar
Günüň 2-nji duşuşygy ýarygije başlap, Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky bu duşuşygyň emini fransiýaly Klemen Turpen diýlip bellendi. Duşuşyk Berlindäki «Olympiastadionda» geçiriler. Duşuşyk Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylarynyň özara 15-nji duşuşygy bolup, ozalky 14 oýunda Niderlandlar 6, türkler 4 gezek ýeňiş gazandy. 4 oýun deňlikde tamamlanyp, niderlandlar 21, türkler 14 gol geçirdi. Iki topar Ýewropa çempionatynyň çäginde ilkinji gezek duşuşarlar.